Derýalar ýerdäki ýaşaýşy dowam etdirmegiň iň möhüm mehanizmleridir. Ýeriň suw arteriýalarynyň kömegi bilen planetamyzda ösümlik we haýwanat dünýäsi bar. Adam tarapyndan ýerine ýetirilýän işler – senagat galyndylary, gündelik durmuşda emele gelýän hapalaryň çem gelen ýere taşlanmagy ýaly işler daşky gurşawa, şol sanda, derýalara zeper ýetirip, derýalary guradýar ýa-da suwuny azaldýar, kanallaryň ugruny üýtgedýär we akar suw senagat galyndylary bilen hapalanýar. Munuň öňüni almak üçin tebigaty goraýjylar tarapyndan derýalary goramak güni döredildi.
Bu sene her ýyl dünýäniň köp ýurdunda bellenilip geçilýär. Baýramyň ikinji ady “Bentlere garşy halkara hereket güni” bolup, bu sene beýle bir giňden ýaýranok. 1997-nji ýylda ABŞ-nyň daşky gurşawy goramak guramasy Braziliýada uly bentleriň gurulmagyna garşy geçirilen konferensiýada çykyş etdi. Bu teklip kabul edildi. Derýalar güni ilkinji gezek 1988-nji ýylyň 14-nji martynda bellendi. Şol gün 50-den gowrak meýletinçiler derýalaryň hapalaryny arassaladylar. Şondan bäri, her ýylyň 14-nji martynda dürli tema bagyşlanan maslahatlar we seminarlar geçirilýär, derýalar barada maglumatlar ýaýradylýar, tebigat hakda dokumental we çeper filmleri köpçülige görkezilýär. Derýalar güni tebigaty goramak guramalary, daşky gurşawy goraýjylar, haýyr-sahawat guramalarynyň agzalary, alymlar we gözlegçiler tarapyndan hem bellenilýär.
Gülnur Otyzowa, Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.