Geçen ýyl Futbol çempionatyny kabul eden Katarda kit akulalaryny synlamak üçin tebigy şertler bar. Ýurt bu pursatdan peýdalanyp, syýahatçylary bu täsin deňiz jandarlaryny tebigy ýaşaýan ýerinde görmek üçin mümkinçilik hödürleýär. Her ýylyň tomus aýlarynda bu jandarlar ýurduň kenaryna golaý gelýärler. Ylmy ady “Rhincodon Typus” bolan bu deňiz jandarlarynyň ululygy 20 metre ýetýär. Akuladan we kitden tapawutlylykda bu jandarlar bedeniniň tegmilli bolmagy bilen tapawutlanýar. Kit akulalary paýtagt Dohanyň kenaryna 145 kilometre çenli golaýlaýarlar. Tomus paslynda kit akulalary ýyly we saý suwlarda ýaşaýar. Kit akulalarynyň 3000 töweregi ownujak dişleri bolup, örän kiçi planktonlar bilen iýmitlenýärler. Olar dişlerini hiç hili ulanmaýar.
Ýeňiş Myradow, Türkmenistanyň Oguz han adyndaky inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň talyby.