Adamla­ryň ara­syn­da ýa­kyn ara­lyk­dan te­le­wi­zo­ra syn et­me­giň gö­zü­ňi za­ýa­la­ýan­dy­gy ha­kyn­da ga­ra­ýyş­lar bar. Ge­çi­ri­len bar­lag­lar­da of­tal­mo­log­lar ýa­kyn­dan ýa-da uzak­dan te­le­wi­zo­ra to­ma­şa et­me­giň gö­ze zy­ýan ber­me­ýän­di­gi­ni, şeýle ýagdaýda uzak wagt­lap syn et­me­giň gör­şi ýa­dad­ýan­dy­gy­ny ýü­ze çy­kar­dy­lar. Köp­lenç, ata-ene­ler ta­ra­pyn­dan ça­ga­lar üçin ula­nyl­ýan bu duý­du­ryş dog­ry ha­sap­lan­ma­ýar. Ýa­kyn ara­lyk­dan te­le­wi­zo­ra to­ma­şa edi­len­de şe­kil­ler bu­la­şyk gö­rün­ýär, bu bol­sa gö­züň şe­kil­le­ri yzar­la­ma­gy­ny kyn­laş­dyr­ýar. Şeý­le hem gö­züň myş­sa­la­ryn­da ýa­daw­lyk dö­red­ýär, kel­la­gy­ry we kä­te ýü­rek bu­lan­ma­sy ýa­ly ýag­daý­la­ra ge­tir­ýär.
Ara­lyk nä­çe bol­ma­ly?
Te­le­wi­zo­ra to­ma­şa et­me­giň ara­ly­gy ek­ra­nyň ulu­ly­gy­na gö­rä üýt­ge­ýär. Ýö­ne or­ta­ça 2-2,5 metr ara­lyk göz üçin ze­rur bo­lan ra­hat­ly­gy üp­jün ed­ýär. Ata-ene­ler köp­lenç göz bi­len bag­ly oňaý­syz ala­mat­la­ry ýa­kyn ara­lyk­dan te­le­wi­zo­ra to­ma­şa et­mek bi­len bag­la­nyş­dyr­ýar­lar. Hü­när­men­ler gö­rüş bi­len bag­ly ýag­daý­la­ryň komp­ýu­te­re, öý­jük­li te­le­fo­na hem-de plan­şe­te köp wagt­lap se­re­dip otur­mak esa­syn­da ýü­ze çyk­ýan­dy­gy­ny bel­le­ýär­ler. Ek­ra­nyň ki­çi­li­gi­niň, ýal­pyl­da­wuk ref­lek­siň pes­li­gi­niň gö­züň gu­ra­ma­gy­na se­bäp bol­ýan­dy­gy­ny dü­şün­dir­ýär­ler. Hü­när­men­ler göz myş­sa­la­ry­ny ýa­dad­ýan ki­çi ek­ran­la­ra ara­kes­me edip to­ma­şa et­me­gi mas­la­hat ber­ýär­ler. Şeý­le hem te­le­wi­zo­ryň ulu­ly­gy­na gö­rä ara­ly­gy saý­lap syn et­me­giň ta­la­ba­la­ýyk bol­jak­dy­gy­ny bel­le­ýär­ler.