Ge­og­ra­fik taý­dan örän amat­ly çäk­de – Mer­ke­zi Azi­ýa­nyň üs­tün­den geç­ýän se­bit we se­bi­ta­ra gat­naw ýol­la­ry­nyň çat­ry­gyn­da ýer­leş­ýän Wa­ta­ny­myz ägirt uly ulag-üs­ta­şyr kuw­wa­ta eýe­dir. Türk­me­nis­ta­nyň dün­ýä­niň ösen döw­let­le­ri­niň ha­ta­ry­na go­şul­ma­gyn­da ulag­lar pu­da­gy­nyň go­şan­dy­nyň ulu­dy­gy­ny bel­le­mek ge­rek. Soň­ky ýyl­lar­da Di­ýa­ry­myz­da döw­re­bap aw­to­men­zil­ler, de­mir ýol we aw­to­mo­bil köp­rü­ler gu­rul­dy. Aş­ga­bat–Türk­me­na­bat, Aş­ga­bat–Türk­men­ba­şy ýo­ka­ry tiz­lik­li aw­tou­lag ýol­la­ry­nyň – aw­to­ban­la­ryň gur­lu­şy­gy ýo­ka­ry dep­gin­de al­nyp ba­ryl­ýar.
Uzyn­ly­gy 600 ki­lo­met­re ba­ra­bar bo­lan Aş­ga­bat–Türk­me­na­bat aw­tou­lag ýo­lu­nyň gur­lu­şy­gy­na 2019-njy ýy­lyň 24-nji ýan­wa­ryn­da ba­dal­ga be­ril­di. Bu uly göw­rüm­li tas­la­ma­nyň dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi, aw­tou­lag ýo­lu­nyň we des­ga­la­ry­nyň üç bas­gan­çak­da iş­le­mä­ge do­ly ta­ýyn bol­ma­gy­ny üp­jün ed­ýär. Aş­ga­bat–Türk­me­na­bat ýo­ka­ry tiz­lik­li aw­tou­lag ýo­ly Türk­me­nis­tan­da hal­ka­ra äh­mi­ýet­li üs­ta­şyr ulag dü­zü­mi­niň çalt ke­ma­la gel­ýän­di­gi­niň no­bat­da­ky su­but­na­ma­sy­na öw­rül­di. Bu aw­tou­lag ýo­ly ýur­du­myz­da­ky ulag tas­la­ma­la­ry­nyň iň iri­le­ri­niň bi­ri­dir. Şol tas­la­ma­nyň dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi üs­ta­şyr aw­to­mo­bil gat­naw­la­ry­nyň Azi­ýa–Ýu­waş um­man se­bi­ti­ne çen­li uza­lyp gid­ýän aw­to­ýol­la­ryň köp şa­ha­ly ul­ga­my­na çalt çyk­ma­gy­ny üp­jün eder.
Şeý­le hem ýur­du­myz De­mir­ga­zyk-Gü­nor­ta ge­çel­ge­si­ni ös­dür­mek ba­bat­da uly äh­mi­ýe­te eýe bo­lan ýurt­la­ryň bi­ri­dir. De­mir­ga­zyk-Gü­nor­ta ulag ge­çel­ge­si­ni ös­dür­mek üçin ýe­di ýur­duň gat­naş­ma­gyn­da hal­ka­ra kon­sor­siu­my dö­re­dil­ýär we eý­ýäm onuň üçin hu­kuk dü­zü­mi ha­sa­ba alyn­dy. Bu ugur­da Ga­za­gys­tan-Türk­me­nis­tan-Eý­ran ug­ry bo­ýun­ça de­mir ýol ul­ga­my­nyň äh­mi­ýe­ti ulu­dyr.
Türk­me­nis­ta­nyň de­mir ýol ul­ga­my­nyň se­bit lo­gis­ti­ka ul­ga­my­na gi­ri­zil­me­gi ýur­du­my­zyň ge­og­ra­fi­ýa taý­dan amat­ly ýer­leş­ýän­di­gi ha­sa­ba al­nan­da, yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­zi ös­dür­me­giň we­zi­pe­le­ri­ne la­ýyk gel­ýär. Hormatly Prezidentimiz mul­ti­mo­dal dü­zü­miň ke­ma­la gel­me­gi­ne gö­nük­di­ri­len iri möç­ber­li ulag tas­la­ma­la­ry­ny öňe sü­rüp, döw­le­ti­mi­ziň üs­ta­şyr müm­kin­çi­lik­le­ri­niň gi­ňel­dil­me­gi­niň dur­muş-yk­dy­sa­dy hem-de teh­no­lo­gi­ýa ösü­şi­niň, Türk­me­nis­ta­nyň dün­ýä ho­ja­lyk gat­na­şyk­la­ry­na go­şu­lyş­ma­gy­nyň mö­hüm şert­le­ri­niň bi­ri bo­lup dur­ýan­dy­gy­ny he­mi­şe bel­le­ýär. Döwlet Baştutanymyzyň bel­leý­şi ýa­ly, Ga­za­gys­tan–Türk­me­nis­tan–Eý­ran de­mir ýo­ly, şeý­le hem ýur­du­my­zyň beý­le­ki ulag tas­la­ma­la­ry se­bit­de hem-de onuň çäk­le­rin­den da­şar­da umu­my ýag­da­ýa, Azi­ýa­da dur­nuk­ly­ly­gyň we howp­suz­ly­gyň üp­jün edil­me­gi­ne oňyn tä­si­ri­ni ýe­ti­rer, tu­tuş­ly­gy­na yk­lym gat­na­şyk­lar ul­ga­my­na goş­ma­ça dur­nuk­ly­lyk be­rer.
Türk­me­nis­ta­nyň de­mir ýol­la­ry­nyň üs­ti bi­len ra­ýat­la­ryň howp­suz gat­na­wy­ny üp­jün et­mek, ýur­du­my­zyň yk­dy­sa­dy­ýe­ti­ne wa­jyp bo­lan ýük­le­ri da­şa­mak, şeý­le hem hal­ka­ra hä­si­ýet­li ýük­le­ri ýur­du­my­zyň için­den üs­ta­şyr da­şa­mak «De­mir­ýol­la­ry» açyk gör­nüş­li paý­dar­lar jem­gy­ýe­ti­niň il­kin­ji we mö­hüm we­zi­pe­le­ri­niň bi­ri bo­lup dur­ýar. Hä­zir­ki wagt­da ýur­du­my­zyň de­mir ýol pu­da­gy­ny ös­dür­mek­de bir­nä­çe tas­la­ma­lar dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Türk­me­nis­ta­nyň de­mir ýol dü­zü­mi­ni, onuň mad­dy-en­jam­la­ýyn bin­ýa­dy­ny kä­mil­leş­dir­mekde da­şa­ry ýurt kom­pa­ni­ýa­la­ry bi­len hyz­mat­daş­lyk hem ös­dü­ril­ýär. Şeý­le hyz­mat­daş­ly­gyň ha­ta­ryn­da ot­ly dü­züm­le­ri­ni da­şa­mak­da ula­nyl­ýan döw­re­bap lo­ko­mo­tiw ul­ga­my­ny ke­ma­la ge­tir­mek esa­sy üns be­ril­ýän ugur­la­ryň ha­ta­ryn­da­dyr. Ýur­du­my­zyň lo­ko­mo­tiw dü­zü­mi­ni döw­re­bap­laş­dyr­mak­da, mad­dy-en­jam­la­ýyn bin­ýa­dy­ny mun­dan beý­läk hem kä­mil­leş­dir­mek­de, esa­san, Hy­taý we Rus­si­ýa bi­len hyz­mat­daş­ly­gy ös­dür­ýär.
Hy­taý kom­pa­ni­ýa­sy ta­ra­pyn­dan ön­dü­ri­len iki bö­lek­li kuw­wat­ly ýük tep­lo­woz­la­ry­nyň 15-si­ni ge­tir­mek we­zi­pe edi­lip go­ýul­dy. Hä­zir­ki wag­ta çen­li kom­pa­ni­ýa ta­ra­pyn­dan ön­dü­ri­len ýük tep­lo­woz­la­ry­ tap­gyr­la­ýyn esas­da ýur­du­my­za ge­ti­ri­lip, olar «De­mir­ýol­la­ry» açyk gör­nüş­li paý­dar­lar jem­gy­ýe­ti­niň lo­ko­mo­tiw par­ky­na go­şul­dy. Mil­li lo­ko­mo­tiw dü­zü­mi­niň tä­ze tep­lo­woz­lar bi­len üp­jün edil­me­gi, de­mir ýol­lar­da ýo­lag­çy, ýük gat­naw­la­ry­ny has-da kä­mil­leş­dir­mä­ge ýar­dam eder. Türk­me­nis­ta­nyň de­mir ýol dü­zü­mi­ni döw­re­bap­laş­dyr­mak işin­de Rus­si­ýa bi­len hyz­mat­daş­lyk hem yzy­gi­der­li ösü­şe eýe­dir.
Ýur­du­myz­da ýük­le­ri üs­ta­şyr da­şa­ma­gyň özü­ne­çe­ki­ji­li­gi­ni, bäs­deş­li­ge ukyp­ly­ly­gy­ny we ne­ti­je­li­li­gi­ni üp­jün ed­ýän, bi­te­wi, kö­pu­gur­ly we da­şa­ry ýurt­lar bi­len go­şu­ly­şan ulag gi­ňiş­li­gi­ni eme­le ge­tir­mä­ge uly üns be­ril­ýär. Azi­ýa ýurtlarynyň Türk­me­nis­ta­nyň üs­ti bi­len Pars aý­la­gy­na, Tür­ki­ýä, Ýew­ro­pa ýurt­la­ry­na çyk­mak müm­kin­çi­li­gi bar. Soň­ky ýyl­lar­da gur­lan we gu­rul­ýan de­mir ýol, aw­to­mo­bil we ho­wa ýol­la­ry ýur­du­my­zyň üs­ta­şyr ge­çel­ge hök­mün­dä­ki äh­mi­ýe­ti­niň art­ýan­dy­gy­ny we yk­dy­sa­dy gör­ke­zi­ji­le­riň ýo­kar­lan­ýan­dy­gy­ny aý­dyň gör­kez­ýär.
Dün­ýä jem­gy­ýet­çi­li­gi ýur­du­my­zyň ulag baş­lan­gyç­la­ry­na ýo­ka­ry ba­ha ber­ýär. Mu­ňa ýa­ňy-ýa­kyn­da BMG-niň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň 77-nji ses­si­ýa­sy­nyň 70-nji ple­nar mej­li­si­niň do­wa­myn­da Türk­me­nis­ta­nyň baş­lan­gy­jy bi­len, BMG-ä ag­za döw­let­le­riň bi­ra­gyz­dan gol­da­ma­gyn­da her ýy­lyň 26-njy no­ýab­ry­ny «Bü­tin­dün­ýä dur­nuk­ly ulag gü­ni» di­ýip yg­lan et­mek ha­kyn­da­ky Ka­rar­na­ma­nyň ka­bul edil­me­gi hem aý­dyň su­but­na­ma­dyr.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz we türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri, Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy hal­ka­ra çä­re­ler­de, ýo­ka­ry de­re­je­dä­ki du­şu­şyk­lar­da, hal­ka­ra sam­mit­ler­de ulag-lo­gis­ti­ka pu­da­gy­ny ös­dür­mek, se­bi­tiň üs­ta­şyr ulag ge­çel­ge­le­ri­ni kä­mil­leş­dir­mek hem-de ony köp şa­ha­ly ýag­da­ýa öwür­mek ar­ka­ly hal­ka­ra ul­ga­ma go­şu­lyş­mak bi­len bag­la­ny­şyk­ly me­se­lä­ni gep­le­şik­le­riň gün ter­ti­bi­ne ge­tir­ýär. Şo­nuň ne­ti­je­sin­de hem ulag ul­ga­myn­da hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gyň res­mi­na­ma bin­ýa­dy yzy­gi­der­li art­dy­ry­lyp, mö­hüm yla­la­şyk­la­ra gol çe­kil­ýär.

Per­man AL­LA­MY­RA­DOW,
«Demirýollary» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň Aragatnaşyk we elektrik üpjünçiligi bölüminiň başlygynyň orunbasary, Aşgabat şäheriniň Halk maslahatynyň agzasy.