Ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek, ýaprakly we pürli daragtlar bilen bir hatarda miweli agaçlary köpräk ekmek babatdaky başlangyçlar ilatymyzyň saglygy üçin diýseň ähmiýetlidir. Tokaýlar kömürturşy gazlary özüne çekip, adamzada, janly-jandarlara gerekli kislorody öndürýär, köp jandaryň ýaşamagy üçin ýer, iýmit çeşmesi bolup hyzmat edýär. Agaçlar öýkeni arassa howa bilen üpjün etmekde bahasyna ýetip bolmajak ýaşyl hazynadyr.
Adamzat gadymy döwürlerden bäri tebigatyň baýlyklaryndan tygşytly peýdalanmak barada dürli çäreleri durmuşa geçirip gelipdir. Şeýle çäreleriň hataryna öri meýdanlaryň ösümlik örtügini goramak maksady bilen, ol ýerleri käwagt çalşyryp durmak, guşlardyr beýleki aw haýwanlarynyň köpelýän döwründe olary awlamagy gadagan etmek ýaly ençeme ynsanperwer çäreler degişlidir. Ylmy-tehniki ösüşiň pajarlaýan zamanasynda adamzadyň tebigata ýetirýän täsirleri çürk-kesik artyp, giň möçbere eýe boldy. Şu sebäpden adamyň tebigat bilen özara gatnaşygyny sazlamak zerurlygy duýlup başlandy.
Ýurdumyzyň iň gymmatly tebigy baýlyklarynyň biri hem emeli döredilýän tokaý seýilgäh zolaklarydyr. Tokaý seýilgäh zolaklary Ýeriň öýkeni hasaplanýar. Sebäbi Ýer atmosferasynyň kislorodynyň 60 göterimi tokaý seýilgäh zolaklarynyň baglaryndan emele gelýär. Bir ýylyň dowamynda tokaý seýilgäh zolaklarynyň 1 gektary 50-70 tonna aralygynda tozany öz üstünden geçirip, howanyň ekologiýa taýdan has-da arassa bolmagyny üpjün edýär. Şeýle hem tokaýlar köp ýurduň halk hojalygynyň aglaba pudagynyň çig malyny alýan ýaşyl hazynasydyr. Şonuň üçin hem ony otdan goramak ähli adamlaryň borjy bolup durýar. Köp ýyllaryň dowamynda tebigy ýagdaýda emele gelen ýa-da zähmetsöýer halkymyzyň azaby bilen döredilen tokaý seýilgäh zolaklarynyň birki sagadyň dowamynda ot belasyndan ýok bolup biljekdigini unutmaly däldiris. Gynansak-da, tokaý ýangynlarynyň esasy sebäpkäri köplenç adamyň özi bolup durýar. Köplenç söndirilmedik ot, ýere taşlanan çilim, otluçöp galyndysy, guran otlaryň ýakylmagy, zyňlan çüýşe we aýna böleklerinden Günüň şöhlesiniň ugruny üýtgedip geçmegi ýangynyň döremegine sebäp bolýar. Yssy, gurak howada, esasan hem, arça tokaýlarynda sähelçe uçgun uly ýangynyň döremegi üçin ýeterlikdir. Şol sebäpli, tokaý zolaklarynda, öri meýdanlarda ýangyn hadysasynyň döremeginiň öňüni almak üçin ýangyn howpsuzlyk düzgünlerini doly berjaý etmeli. Meýdanlarda ot ýakylmaly bolnanda, seresapsyzlyga ýa-da biperwaýlyga ýol bermeli däl. Ot ýakylmazdan öň 15 metr daş-töweregi guran ot-çöplerden arassalanan ýarym metr çuňlukda gazylan oý ýer taýýarlanyp, oduň daş-töwerege ýaýramazlygyna göz ýetirilenden soň, howanyň hem şemalsyz wagtynda ot ýakmaga rugsat berilýär. Ot ulanyp bolnanyndan soň, ony gum sürüp ýa-da suw sepip doly söndürmeli hem-de uçgunyň çykmaýandygyna doly göz ýetirmeli.
Geldimämmet Rejepow,
Aşgabat şäher Polisiýa müdirliginiň Ýangyn howpsuzlyk bölüminiň bölüm müdiriniň işgärler boýunça orunbasary, içerki gullugyň maýory.