Milli bilim ulgamynyň hemmetaraplaýyn ösdürilmegi hem-de onuň maddy-enjamlaýyn binýadynyň berkidilmegi, bu ulgamyň hil taýdan täze derejä çykarylmagy döwlet syýasatynyň ileri tutulýan möhüm ugrudyr. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllygynyň belleniljek bereketli güýz paslynyň ilkinji gününde paýtagtymyz Aşgabatda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň täze binalar toplumynyň düýbüni tutmak dabaralarynyň geçirilmegi bu ýokary okuw mekdebiniň talyplarynyň buýsanjyna buýsanç goşdy. Häzirki wagtda ýokary okuw mekdepleri diňe bir döwrebap bilimli, sazlaşykly ösen ýaşlary taýýarlamak üçin talabalaýyk enjamlaşdyrylan okuw merkezleri bolmak bilen çäklenmän, olar milletimiziň aň-bilim kuwwatyny doly açmak, jemgyýetimiziň medeni we ruhy ösüşiniň, Watanymyzyň mundan beýläk-de durmuş-ykdysady abadançylygynyň ygtybarly binýady bolup durýar. Munuň özi geljekde bize eziz Watanymyzyň mundan beýläk-de rowaçlanmagyna hem-de durmuş-ykdysady taýdan ösüşine mynasyp goşant goşmaga mümkinçilik berer.
Ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak we binagärlik-gurluşyk, jemagat hojalygy, himiýa, energetika, senagat we ýol-ulag pudaklaryny inžener işgärleri bilen üpjün etmek bu ýokary okuw mekdebiniň esasy wezipesidir. Ýurdumyzyň gurluşyk we senagat toplumynda işleýän işgärleriň hünär-bilim derejesini ýokarlandyrmak maksady bilen, institutda hünär derejesini ýokarlandyryş fakultetiniň hereket edýändigini bellemek gerek.
Häzirki wagtda bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi, sanly bilim ulgamynyň mundan beýläk-de kämilleşdirilmegi, onuň ähli tapgyrlarynda maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagy, okuw işiniň dowamynda innowasion çemeleşmeleriň ulanylmagy ugrunda uly işler alnyp barylýar. Şu maksat bilen, institutda degişli ylalaşyklaryň hem-de ähtnamalaryň esasynda Russiýa Federasiýasynyň, Rumyniýanyň, Belarusuň, Germaniýanyň, Italiýanyň, Hindistanyň we beýleki ýurtlaryň esasy ýokary okuw mekdepleri bilen netijeli gatnaşyklar ýola goýuldy hem-de işjeň ösdürilýär.
Gurluşykçy, binagär ýaşlar ýurdumyzyň çar künjeginde beýik binalary, köprüleri, ýollary gurýarlar. Olar ak arzuwlar bilen ýurdumyzy has gözel görnüşe getirýärler. Şoňa görä-de, binagärlik-gurluşyk boýunça hünärleri kämilleşdirmek möhüm bolup durýar. Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň täze binalar toplumynyň gurlup ulanylmaga berilmegi ýaş hünärmenleri taýýarlamaga, ýurdumyzyň hem-de dünýä ylmynyň, maglumat tehnologiýalarynyň ýokary gazananlaryny işjeň peýdalanmaga, ylmy-barlag işlerini has-da giňeltmäge mümkinçilik berer.
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň täze binalar toplumyny gurmak dünýä şähergurluşyk meýillerini hasaba almak bilen amala aşyrylar, şunda gurluşyk işlerinde milli binagärlik ýörelgeleri giňden peýdalanylar, onuň ulanylmaga berilmegi pudaklaýyn bilim ulgamyny ösdürmek üçin uly mümkinçilikler açar. Gujur-gaýratly hem-de ukyp-başarnykly ýaşlar bu ýerde döwrebap bilim alarlar, ýokary derejeli hünärmenler bolup ýetişerler, ele alan çuňňur bilimleri, döredijilikli hem-de tutanýerli zähmeti bilen geljekde, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe eziz Watanymyzyň abraýyny we şöhratyny has-da belende götererler. Dünýä tejribeleri nazara alnyp bina ediljek bu ýokary okuw mekdebinde ýene-de sanlyja ýyldan talyplara häzirki zamanyň ösen talaplaryna laýyk gelýän bilim berler. Ýokary derejeli hünärmenleriň täze nesli kemala geler.
Hormatly Prezidentimiziň hemmetaraplaýyn aladasyna okuwda, zähmetde gazanýan üstünliklerimiz bilen jogap berip, eziz Watanymyzyň mundan beýläk-de okgunly ösmegine hem-de parahatçylygyň, döredijiligiň, ösüşiň ýoly bilen täze sepgitlere tarap ynamly öňe gitmegine mynasyp goşant goşmaga çalşarys.
Didar Annaýew,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby.