«Ga­raş­syz­lyk bi­ziň şöh­rat­ly geç­mi­şi­miz­dir, bag­ty­ýar şu gü­nü­miz­dir, be­ýik gel­je­gi­miz­dir. Ga­raş­syz­lyk bi­ziň dün­ýä do­lan be­lent at-ab­ra­ýy­myz­dyr hem-de şan-şöh­ra­ty­myz­dyr» di­ýip nyg­ta­ýan Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň pä­him-paý­has­ly baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyz be­dew ba­dy bi­len ösü­şiň tä­ze be­lent bas­gan­çak­la­ry­na ta­rap bar­ýar. Hä­zir­ki wagt­da Ga­raş­syz­ly­gyň ga­za­nan­la­ry­ny pug­ta­lan­dyr­mak bi­len, tu­tum­ly iş­ler do­wam et­di­ril­ýär. Ata Wa­ta­ny­my­zyň alyp bar­ýan hoş­ni­ýet­li we pa­ra­hat­çy­lyk sö­ýü­ji içe­ri hem-de da­şa­ry sy­ýa­sa­ty ne­ti­je­sin­de hal­ka­ra ab­ra­ýy be­len­de gal­ýar. Mu­nuň özi döw­le­ti­mi­ziň se­bit we dün­ýä möç­be­rin­de alyp bar­ýan yn­san­per­wer iş­le­ri­niň yk­rar­na­ma­sy bo­lup dur­ýar.
Al­tyn güý­züň il­kin­ji aýyn­da be­ýik döw­rü­mi­ze şan ber­jek ta­ry­hy wa­ka­lar bi­ri-bi­ri­ne ut­gaş­ýar. Ola­ryň ara­syn­da mu­kad­des Garaşsyzlygymyzyň şan­ly 33 ýyl­lyk baý­ra­my­nyň öň ýa­nyn­da ge­çi­ril­jek Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň no­bat­da­ky mej­li­si aý­ra­tyn orun­da dur­ýar. Bu äh­li­halk fo­ru­myn­da hal­ky­my­zyň my­na­syp we­kil­le­ri bi­len ge­ňe­şi­lip, il-ýurt bäh­bit­li çöz­güt­ler ka­bul edi­ler. Olar bol­sa ýur­du­my­zyň mun­dan bu­ýa­na-da ok­gun­ly ös­me­gi­ne, ila­tyň aba­dan we eş­ret­li ýa­şa­ma­gy­na iter­gi be­rer.

Ga­raş­syz, he­mi­şe­lik Bi­ta­rap Türk­me­nis­tan Wa­ta­ny­myz­da ga­za­nyl­ýan uly ösüş­ler, ýe­til­ýän be­lent sep­git­ler Ber­ka­rar döwletiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rü­niň ta­ry­ha al­tyn harp­lar bi­len ýa­zyl­ma­gy­ny üp­jün ed­ýär. Bu ösüş­le­re­dir sep­git­le­re bol­sa di­ňe il ag­zy­bir­li­gi­niň, ýurt pa­ra­hat­çy­ly­gy­nyň, ag­zy­bir­lik­li hem dö­re­di­ji­lik­li zäh­me­tiň ne­ti­je­sin­de ýe­tip bol­ýar. Ag­zy­bir­li­giň, pa­ra­hat­çy­ly­gyň, hal­kyň eş­ret­li dur­mu­şy­ny üp­jün ed­ýän be­ýik iş­le­riň gel­jek­de hem do­wa­mat-do­wam bol­ma­gy­ny, has-da pug­ta­lan­ma­gy­ny ga­zan­mak­da Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň mej­lis­le­ri­niň aý­ra­tyn uly äh­mi­ýe­ti­niň bar­dy­gy­ny bel­le­mek ge­rek.
«Pä­him-paý­has um­ma­ny Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy» ýy­ly­nyň 24-nji
sent­ýab­ryn­da ge­çi­ril­jek Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň no­bat­da­ky mej­li­si hem bu ha­ky­ka­ty ýe­ne bir ýo­la su­but eder. Döw­le­ti­mi­ziň içe­ri we da­şa­ry sy­ýa­sa­ty­ny üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çir­mek bo­ýun­ça gel­jek­de al­nyp ba­ryl­ma­ly iş­ler, hal­ky­my­zyň ýa­şa­ýyş-dur­muş de­re­je­si­ni has-da ýo­kar­lan­dyr­mak ug­run­da öň­de dur­ýan we­zi­pe­ler we dur­muş-yk­dy­sa­dy ösü­şiň esa­sy me­se­le­le­ri ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­jak mej­lis türk­men hal­ky­nyň asyr­lar­bo­ýy do­wam edip gel­ýän de­mok­ra­tik ýö­rel­ge­le­ri­niň döw­re­bap de­re­je­de ro­waç­lyk­la­ra bes­len­ýän­di­gi­ni ýe­ne bir ýo­la gör­ke­zer.
Halk Mas­la­ha­ty­nyň mej­li­sin­de ýe­ti­len sep­git­le­re ser sal­nyp, öň­de dur­ýan mö­hüm we­zi­pe­ler kes­git­le­ni­ler. Döw­let äh­mi­ýet­li, il-ýurt bäh­bit­li me­se­le­ler ara al­nyp mas­la­hat­la­şy­lyp, ta­ry­hy çöz­güt­ler ka­bul edi­ler. Ata-ba­ba­la­ry­my­zyň asyr­la­ryň do­wa­myn­da top­lan ta­ry­hy tej­ri­be­si­ni özün­de jem­le­ýän Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň mej­li­si hal­ky­my­zyň ag­zy­bir­li­gi­ni, bi­te­wü­li­gi­ni, je­bis­li­gi­ni ber­ki­dip, asyr­lar aşyp gel­ýän mil­li döw­let­li­lik ýö­rel­ge­le­ri­mi­zi da­ba­ra­lan­dyr­mak­da uly äh­mi­ýe­te eýe­dir.
Hal­ky­myz he­mi­şe-de döw­let­li işiň ba­şy­ny tut­jak bo­lan­da, il-gü­nü­ne, ýa­şu­ly nes­le ge­ňeş edip­dir. Pe­der­le­ri­miz­den bi­ze mi­ras ga­lan «Il oň­la­sa, aty­ňy soý», «At sat­saň, oba­ňa ge­ňeş», «Ge­ňeş­li sa­la­mat bo­lar», «Ge­ňeş­li toý uzak gi­der» ýa­ly pa­ra­sat­ly pä­him­ler hem şol asyl­ly ýö­rel­ge­ler esa­syn­da dö­räp­dir. Mu­nuň özi ag­zy­bir­lik­den, il-gü­nü­ňe, bi­rek-bi­re­ge, ýa­şu­ly nes­le go­ýul­ýan uly hor­mat-sar­pa­dan ny­şan. Mu­nuň özi türk­men hal­ky­nyň Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň ag­zy­bir­lik ha­kyn­da­ky pent­le­ri­ne, ýö­rel­ge­le­ri­ne uly äh­mi­ýet be­ril­ýän­di­gi­niň ny­şa­ny­dyr. Çün­ki Gahryman Arkadagymyz «Türk­me­niň döw­let­li­lik ýö­rel­ge­si» at­ly aja­ýyp ese­rin­de: «Ag­zy­bir­lik Wa­tan ga­la­sy­dyr!» di­ýip bel­le­ýär.
Gah­ry­man Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň hal­ka da­ýa­nyp, il sy­lag­ly ýa­şu­lu­la­ra sa­la sa­lyp bi­tir­ýän iş­le­ri­niň gu­wan­dy­ry­jy ne­ti­je­le­ri­ni is­len­dik pu­da­gyň ösü­şi­niň my­sa­lyn­da gör­mek bol­ýar. Aý­ra­tyn hem il-ul­su­my­zyň ýa­şa­ýyş-dur­muş de­re­je­si­ni, iş we zäh­met şert­le­ri­ni go­wu­lan­dyr­mak ug­run­da­ky be­ýik öz­gert­me­ler ulu­dan-ki­çi­ni ru­hy gal­ky­ny­şa, tä­ze zäh­met üs­tün­lik­le­ri­ne ruh­lan­dyr­ýar.
Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty we onuň mej­lis­le­ri­niň ýo­ka­ry gu­ra­ma­çy­ly­gy jem­gy­ýe­ti­miz­de de­mok­ra­tik öz­gert­me­le­riň, sy­ýa­sy-dur­muş dö­re­di­ji­li­gi­niň hem gat­na­şyk­la­ry­nyň ösü­şe eýe­di­gi­ni da­ba­ra­lan­dyr­ýar. Umu­my­mil­li fo­rum­da hal­kyň we­kil­le­ri bi­len döw­let ösü­şin­de ga­za­ny­lan üs­tün­lik­le­riň jem­le­ri­ne ga­ral­ma­gy, öň­de dur­ýan we­zi­pe­le­riň ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­ma­gy we oňyn ne­ti­je­le­ri na­zar­la­ýan ka­rar­la­ryň ka­bul edil­me­gi mil­li däp­le­ri­mi­ziň nus­ga­wy de­re­je­de döw­re­bap­la­şan­dy­gy­ny açyp gör­kez­ýär. Halk Mas­la­ha­ty­nyň çöz­güt­le­ri ber­ka­rar döw­le­ti­mi­zi ösü­şiň tä­ze be­lent­lik­le­ri­ne ýe­tir­mek üçin be­ýik mak­sat­la­ry öň­de goý­ýar. Şol mak­sat­la­ryň ha­syl bol­ma­gy­na bag­ty­ýar il­deş­le­ri­mi­ziň my­na­syp go­şant goş­ma­gy üçin giň müm­kin­çi­lik­le­ri dö­red­ýär. Ada­myň dur­muş aba­dan­çy­ly­gy­ny ösüş­le­riň mak­sa­dyn­da goý­ýan Ga­raş­syz, he­mi­şe­lik Bi­ta­rap döw­le­ti­mi­ziň pa­ra­hat­çy­lyk sö­ýü­ji­lik we onuň dö­re­di­ji­lik ýö­rel­ge­le­ri­ni, içe­ri hem-de da­şa­ry sy­ýa­sa­ty­nyň yn­san­per­wer­li­gi­ni dün­ýä ta­nad­ýar. Dur­nuk­ly ösü­şiň mak­sat­la­ry­na ýet­mek ug­run­da­ky he­re­ket­le­riň üs­tün­lik­le­re na­zar­la­ma­gy­na ba­dal­ga ber­ýär.

Çe­men KA­KY­ŞO­WA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň diller kafedrasynyň mugallymy.