12-nji oktýabrda Aşgabat şäherindäki daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 88-nji orta mekdepde koreý dili bilen baglanyşykly çäre geçirildi. Oňa Koreýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ji Kýu-Tek hem-de ilçihananyň wekilleri gatnaşdylar. Çäräniň dowamynda ilçi mekdebiň mugallymlarydyr okuwçylaryna iň gowy arzuwlaryny aýdyp, koreý dilinde çap edilen kitaplary we koreý milli lybaslaryny dabaraly ýagdaýda gowşurdy. Bu barada https://education.gov.tm/ habar berýär.
Mekdebe sowgat berlen koreý dilindäki başlangyç derejeli we mazmunynda gyzykly ertekileri jemleýän kitaplar geljekde türkmen okuwçylarynyň koreý dilini çuňlaşdyryp öwrenmegi, dostlukly ýurduň medeniýeti, däp-dessurlary bilen has içgin tanyşmagy üçin örän ähmiýetlidir.
Kitap gowşurylyş dabarasyndan soň, mekdebiň okuwçylarynyň arasynda «Koreý diliniň suhangöýlük sungaty» atly düzme ýazmak bäsleşigi geçirildi. Olar «Koreý dilini halamagymyň sebäpleri» atly mowzukda täsirli ýazan düzmelerini eminleriň öňünde aýdyp berdiler. Bäsleşigiň dowamynda koreý we türkmen dilinde aýdym-sazly çykyşlara-da uly orun berildi. Mekdep okuwçylarynyň ýerine ýetiren ajaýyp tanslary hemmelere ruhy lezzet paýlady.
Ýeri gelende bellesek, bu mekdepde 5 — 9-njy synp okuwçylara koreý dili boýunça okuw sapaklary geçilýär. Bu ýerde koreý sözleriniň aýdylyşynyň sesli wideoýazgylar arkaly öwredilýändigi okuwçylaryň daşary ýurt dilini tiz özleşdirmekleri üçin netijeli usulyýetden peýdalanylýandygyny görkezýär. Şeýle-de mekdepde baýramçylyk dabaralaryna gabatlanyp, dostlukly ýurduň medeniýeti bilen baglanyşykly sergiler guralýar, koreý dili hepdeligi geçirilýär.