Grenlandiýa buz bilen örtülen ada bolup, kontinental howa bilen gurşalandyr. Adanyň tutýan meýdany 2,130,800 inedördül kilometre barabar. Dünýäniň iň uly adasy hasaplanýan Grenlandiýa Daniýanyň awtonom bölegidir. Grenlandiýanyň 80%-den gowragy buzluklar bilen örtülip, bu buz adanyň bary-ýogy 57,600 ilaty bar. Ýylyň dowamynda adada howa sowuk derejede saklanýar. Tomsuna -10/-15 dereje, gyşyna -45/-50 dereje. Adada howa derejesi -65 derejä çenli peselip bilýär.
Grenlandiýa gaýtalanmajak tebigy şertlere baý syýahatçylyk merkezidir. Arktika bagy, Jegeda öýi, Şa aýal Margaret ýadygärligi, Sungat muzeýi, Grenlandiýanyň milli muzeýi we Santa Klaus öýi adanyň iň gözel ýerleridir. Bu ýerde haýran galdyryjy peýzažlar bilen bir hatarda, polýar aýylaryny, ýüzlerçe görnüşli guşlary görüp, kitleriň «meşhur aýdymlaryny» diňläp, maý, iýun aýlarynda bolsa, polýar «ak gijeleriň» görnüşinden lezzet alyp bolýar.
Grenlandiýa barada gyzykly maglumatlar:
Grenlandiýa materik däl-de, adadyr. Sebäbi 2,130,800 inedördül kilometr meýdanda 57,600 adam ýaşaýar.
Buz gatlaklaryny hasaba alanyňda, Grenlandiýa Antarktidadan soň dünýäde ikinji orunda durýar.
Grenlandiýadaky «Ilulissat Ice Fjord» polýar sebitiň daşyndaky iň uly buzluk bolup, 2004-nji ýylda ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizildi.
«Demirgazyk-gündogar Grenlandiýa» milli seýilgähi dünýädäki iň uly we demirgazykdaky milli seýilgähdir.
Grenlandiýanyň şäherlerini birleşdirýän ýol ýok.
Adada ýaşaýan ilatyň esasy girdeji çeşmesi balykçylykdyr.
Grenlandiýada ak aýylar, arktika tilkisi, karibu (sugun), muskoks (goýna meňzeş öküz), walrus (deňiz süýdemdirijisi) hem-de ak towşanlar ýaşaýar.