Her ýurt­da mil­li baý­ram­lar­da, Tä­ze ýyl­da, sport çä­re­le­rin­de we beý­le­ki bel­li se­ne­ler­de fe­ýer­werk at­mak dä­bi bar. Fe­ýer­werk­le­riň bi­ri-bi­rin­den owa­dan, reňk­li uç­gun­la­ry to­ma­şa ed­ýän­ler­de ýa­kym­ly ýat­la­ma­la­ry gal­dyr­ýar. Eý­sem, fe­ýer­werk il­kin­ji gezek ni­re­de peý­da bol­du­ka?
Il­ki bi­len sö­züň ge­lip çy­ky­şy­na se­rede­liň! Fe­ýer­wer­ke iň­lis di­lin­de «fi­re­work» di­ýil­ýär. «Fi­re» ot, «work» iş diý­me­gi aň­lad­ýar. Bu sö­züň ni­der­land­ça­sy «vuur­werk», ne­mes­çe­si «Feuer­werk». Fe­ýer­wer­kiň bu dil­ler­den iň­lis­çä ge­çen­di­gi çak­la­nyl­ýar. Se­bä­bi, ta­ry­hy çeş­me­ler­de fe­ýer­werk diý­me­gi aň­lad­ýan sö­züň ni­der­land­ça­sy­na 1540-njy ýyl­lar­da, iň­lis­çe­si­ne 1575-nji ýyl­lar­da duş­mak bol­ýar. Sö­züň ne­mes­çe­si­ne-de (Feuer­werk) XVI asyr­da­ky çeş­me­ler­de ga­bat ge­lin­ýär. Or­ta ýo­ka­ry ne­mes­çe­de bol­sa XIV asyr­da­ky çeş­me­ler­de «ýan­gyç» ýa-da «ýak­mak üçin odun» ma­ny­syn­da­ky «viur­werc» sö­zi bar. Ýew­ro­pa­da il­kin­ji fe­ýer­werk­ler XIV asy­ryň ahyr­la­ryn­da Ita­li­ýa­da ön­dü­ri­lip­dir.
Il­kin­ji fe­ýer­werk­le­riň iki müň ýyl mun­dan ozal Hy­taý­da ýü­ze çy­kan­dy­gy çak­la­nyl­ýar. Hy­taý­ly­lar fe­ýer­werk ýa­sa­mak üçin bam­buk­dan peý­da­la­nyp­dyr­lar. Bam­bu­gyň baldagy gyz­dy­ry­lyp­dyr. Onuň için­dä­ki ho­wa bol­sa gy­zyp ýa­ry­lyp­dyr. Hä­zir­ki wagt­da hy­taý­ça­da (man­da­rin şi­we­si) ses çy­ka­ryp ýa­ryl­ýan içi az dä­ri­li ta­ýa­jyk­la­ra «Ba­oz­hu» di­ýil­ýär. Bu söz atyl­ýan bam­buk diý­me­gi aň­lad­ýar.
600-nji ýyl­lar­dan soň­ra hy­taý­ly­lar fe­ýer­werk­le­ri bi­raz kä­mil­leş­di­rip­dir­ler. Bam­bu­gyň baldagynyň içi­ne dä­ri guý­lup, ony için­de ot ýa­nyp du­ran çu­ku­ra atyp­dyr­lar. Ýal­pyl­dap gö­rün­me­gi üçin de­mir bö­le­jik­le­ri­ni go­şup­dyr­lar. Bu däp, esa­san, baý­ram­çy­lyk­lar­da ýe­ri­ne ýe­ti­ri­lip­dir.
XIII asyr­da ýan­ýan bam­buk­lar Ýew­ro­pa ýurt­la­ry­na äki­di­lip­dir. Teh­no­lo­gi­ýa­nyň ös­me­gi ne­ti­je­sin­de has kä­mil fe­ýer­werk­ler peý­da bo­lup­dyr.