Ir zamanlarda bir goja bagy-bossanlyga bürenen howlusynyň bir künjündäki öýünde ýaşaýan eken. Husytlykda ýakasyny tanadan bu goja gazanan pullaryny altyna öwrüp, howlusyndaky uly daşyň astynda gizläp goýupdyr. Ol her gije ýatmazyndan öň daşy galdyryp, altynlaryny sanap, ýene-de üstüni mäkäm ýapýan eken. Günleriň bir güni bu ýagdaý gijäniň ümüş-tamşynda gojanyň howlusynyň töwereginde ygyp ýören bir ogrynyň ünsüni çekýär. Ogry il ýatyp, it uklansoň hälki daşy galdyryp, altynlaryň baryny haltasyna gapgaryp, ol ýerden garasyny saýlaýar.
Ertesi gije goja altynlaryny sanamaga baranda, olaryň ýokdugyny görüp, uly ili bilen ses edip aglap başlaýar. Onuň sesine allaniçiksi bolan goňşusy atylyp daş çykýar-da, «Goňşy, eýgilikmidir!» diýip gygyrýar. Goja bolan ýagdaýy goňşusyna gürrüň berýär. Şonda goňşusy:
– Sen näme üçin altynlaryňy öýüňde saklamadyň? Öýde dursa has ygtybarly bolmazdymy näme! Onsoňam elýeter ýerde dursa gerek wagty sowalgaňy aňsat alyp bilerdiň ahyryn! – diýipdir.
Husyt goja ör-gökden gelip:
– Sen nämäniň gürrüňini edýäň. Men o altynlary saga-sola dargatmak üçin ýygnamadym – diýip, kes-kelläm garşy çykypdyr. Muňa geň galan goňşusy:
– Beýle bolsa, altyna derek daş saklaýmaly ekeniň-dä. Daşlaryňam seniň sowup bilmejek altynyňdan tapawudy ýok – diýip, pert jogap beripdir.
Eliňdäki mümkinçiligiň gymmaty ony ulanyp bilşiňe baglydyr.