Zoo­lo­gi­ýa­da ýer­de-suw­da ýa­şa­ýan jan­dar­la­ra am­fi­bi­ýa di­ýil­ýär. Bu adal­ga suw­da we gu­ry ýer­de he­re­ket edip bil­ýän dür­li ulag­la­r we beý­le­ki se­riş­de­ler üçin hem aý­dyl­ýar. Ola­ra aw­tou­lag­lar, aw­to­bus­lar, ga­ýyk­lar hat­da we­lo­si­ped­ler hem de­giş­li­dir. Pol­şa­da bol­sa has tä­sin ulag bar. Ýur­duň de­mir­ga­zy­gyn­da­ky Ila­wa şä­he­rin­de bir­nä­çe köl bar. Bu ýer­de ir­ki dö­wür­ler­den bä­ri köl­ler, der­ýa­lar we ka­nal­lar ýük we ýo­lag­çy gat­na­wy üçin peý­da­la­nyl­ýar. To­kaý­lyk se­bit bo­lan­dy­gy üçin ir­ki dö­wür­ler­de agaç we agaç önüm­le­ri­ni da­şa­mak üçin uly gä­mi­ler­den peý­da­la­ny­lyp­dyr. Mun­dan müň ýyl ozal gä­mi­ler Drwen­sa der­ýa­sy bilen gü­nor­ta, ol ýer­de­nem Wis­la der­ýa­sy bi­len de­mir­ga­zy­ga gi­dip, Bal­ti­ka deňzine bar­ýan eken. Soňra bol­sa ha­ryt­lar Ýew­ro­pa ýurt­la­ry­na ug­ra­dy­lyp­dyr. XVI asyr­da gdansk­ly tä­jir­le­r hem-de fran­suz we da­ni­ýa­ly gä­mi gur­lu­şyk­çy­la­ry bu ýer­den has köp agaç sa­tyn alyp baş­lap­dyr­lar. Bu ýe­ri­niň agaç­la­ry­na is­le­giň ýo­ka­ry bol­ma­gy ola­ryň bo­ýu­nyň uzyn bol­ma­gy bi­len bag­ly bo­lup­dyr. Se­bi­tiň to­kaý­la­ryn­da bo­ýy 50 met­re ýet­ýän, şa­ha­syz ar­ça­lar bit­ýän eken. Bu agaç­lar ýel­ken­li gä­mi­ler üçin sü­tün hök­mün­de peý­da­la­ny­lyp­dyr. Bu agaç­la­ryň gä­mi­ler bi­len Drwen­sa hem-de Wis­la der­ýa­la­ry ar­ka­ly Ýew­ro­pa bar­ma­gy üçin 6-8 aý ge­rek bo­lup­dyr.
Uzak ýo­ly gys­gald­ýar
Gä­mi gur­lu­şy­gy bi­len meş­gul­lan­ýan tä­jir­ler bu ýo­ly gys­galt­mak üçin Wis­la der­ýa­sy­nyň go­la­ýyn­da­ky al­ty sany köl­den peý­da­lan­ma­gyň ala­da­sy­ny edip baş­la­ýar­lar. Gä­mi­le­ri bu köl­le­riň üs­ti bi­len ge­çi­rip bol­sa, Bal­ti­ka deň­zi­ne bar­ýan ýol bäş es­se gys­galjak eken. Şeý­le­lik­de, köl­le­riň ara­syn­da ka­nal gur­mak tek­lip edil­ýär. Em­ma şol gü­nüň teh­no­lo­gi­ýa­sy ka­na­l gur­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­män­dir. Se­bä­bi köl­le­riň de­ňiz de­re­je­sin­den be­ýik­ligi biri-birinden ta­pa­wut­ly bo­lup­dyr. Iki kö­lüň su­wu­nyň de­re­je­si­niň ara­syn­da 104 metr ta­pa­wut bar eken. Şol döw­rüň gur­lu­şyk­çy­la­ry bu me­se­lä çöz­güt ta­pyp bil­män­dir­ler. Şeý­le-de bol­sa tä­jir­ler uzak ýyl­la­ryň do­wa­myn­da bu tas­la­ma­ny dur­mu­şa ge­çir­me­giň ala­da­sy­ny edip­dir­ler. 1825-nji ýyl­da Ost­ru­da we Elb­long şäherleriniň ara­syn­da hem-de bir ujy deň­ze ba­ryp ýet­ýän ka­na­ly gur­mak ka­ra­ry­na gelin­ýär­. 1837-nji ýyl­da ýük gä­mi­le­ri­niň ka­nal­dan geç­mek­le­ri­ne müm­kin­çi­lik ber­jek me­ýil­na­ma taý­ýar­lan­ýar. 1844-nji ýyl­da suw des­ga­sy­nyň gur­lu­şy­gy­na baş­lan­ýar. Il­ki­baş­da ka­nal­la­ryň su­wu­nyň de­re­je­si­ni deň­le­mek üçin ki­çi­räk ka­nal gu­rul­ýar. Şeý­le­lik­de, kä­bir köl­de su­wuň de­re­je­si 5 metr çe­me­si azal­ýar. Mu­ňa ga­ra­maz­dan, köl­le­riň su­wu­nyň de­re­je­si­niň ara­syn­da 100 met­re go­laý ta­pa­wut bol­ýar. Bu me­se­lä­ni çöz­mek üçin 25 sa­ny how­danyň gu­rul­ma­gy me­ýil­leş­di­ril­ýär. Bäş how­dan gur­lan­dan soň­ra bu usu­lyň ne­ti­je ber­me­jek­di­gi, gä­mi gat­na­wyn­da dyk­ny­şy­ga ge­tir­jek­di­gi bel­li bol­ýar. Soň­ra tas­la­ma­nyň baş in­že­ne­ri ABŞ-a gi­dip Nýu-Jer­si şta­ty­ny boý­dan-ba­şa ke­sip geç­ýän Mor­ris ka­na­lyn­da­ky şeý­le me­se­lä­niň nä­hi­li çö­zü­len­di­gi­ni öw­ren­ýär. Ne­ti­je­de, gä­mi­le­ri bir köl­den beý­le­ki­si­ne gu­ry ýer ar­ka­ly po­lat ur­gan­lar bi­len çe­kip ge­çir­mek ka­ra­ry­na ge­lin­ýär. Şeý­le­lik­de, tä­ze how­dan­lar gu­rul­man, gä­mi­le­ri köl­le­riň ara­syn­dan de­mir ýo­luň üs­ti bi­len ur­gan­lar ar­ka­ly çek­ýän usul oý­la­nyp ta­pyl­ýar. 1860-njy ýyl­da şeý­le des­ga­la­ryň bir­nä­çe­si gu­rul­ýar we bu usul oňyn ne­ti­je ber­ýär. El­bet­de, gä­mi­le­ri köl­le­riň ara­syn­da bir­nä­çe ýer­de gu­ry ýer­den ge­çir­mek üçin açy­lyp-ýa­pyl­ýan bent­lere, ýü­pi çek­mek üçin me­ha­nizm­lere we beý­le­ki zat­la­ra hem ze­rur­lyk du­ýul­ýar.

Gä­mi­leri köl­le­riň ara­syn­da bir­ne­me ýap­gyt de­pe­den geçir­me­li bol­ýar­. Bu ýer­de suw de­gir­me­ni­niň çar­hy ýa­ly su­wuň aky­myn­dan peý­da­la­ny­lyp­dyr. Gu­ry ýer­de gä­mi­ni di­ňe su­wuň güý­ji bi­len iş­le­ýän bu me­ha­nizm çek­ýär. Bu bol­sa, äpet gä­mi­le­ri şol dö­wür­ler­de has aň­sat, çyk­da­jy­syz we daş­ky gur­şaw üçin zy­ýan­syz ýag­daý­da de­pä­niň beý­le­ki ta­ra­py­na ge­çir­mä­ge müm­kin­çi­lik be­rip­dir. Tä­sin ýe­ri, bu des­ga­lar hä­zir­ki wagt­da hem bök­denç­siz iş­le­ýär. Ost­ru­da we Elb­long şä­her­le­ri­niň ara­syn­da gu­ry ýer­den, köl­ler­den we ka­nal­lar­dan geç­ýän gä­mi ýo­lu­nyň uzyn­ly­gy 82 ki­lo­met­re, deň­ze çen­li ba­ryp ýet­ýän umumy uzyn­ly­gy bol­sa 212 ki­lo­met­re ýe­tip­dir. Şeý­le­lik­de, dün­ýä­de de­ňi-ta­ýy bol­ma­dyk Elb­long ka­na­ly eme­le gel­ýär.
Ge­ze­lenç mak­sat­ly ulanyl­ýar
Hä­zir­ki wagt­da tä­ze ýol­la­ryň gu­rul­ma­gy ne­ti­je­sin­de bu suw ýo­lu­nyň äh­mi­ýe­ti ozal­ky­syn­dan azal­dy. Şeý­le bo­lan­soň, ka­nal­dan, esa­san, ge­ze­lenç mak­sat­ly mo­tor­ly ki­çi gä­mi­ler, ýel­ken­li gä­mi­ler, ga­ýyk­lar we ge­ze­lenç gä­mi­le­ri geç­ýär. Bu ge­ze­lenç­le­re sy­ýa­hat­çy­lar uly is­leg bil­dir­ýär. Bu gä­mi­le­riň ýo­lag­çy­la­ry il­ki su­wuň ýü­zün­de, soň­ra bol­sa de­mir ýol ula­gy ar­ka­ly gu­ry ýer­de to­kaý­la­ryň, batgalyklaryň aja­ýyp man­za­ry­nyň ara­syn­da sy­ýa­hat ed­ýär­ler. Sy­ýa­hat­çy­lar go­laý­da­ky bat­ga­lyk­lar­da ýa­şa­ýan dür­li guş­la­ry we beý­le­ki jan­dar­la­ry hem gör­mä­ge müm­kin­çi­lik al­ýar­lar.