Bilim – geljegiň açary. Adamzat bilim almak arkaly dünýä akyl ýetirýär. Birleşen Milletler Guramasynyň başlangyjy esasynda dünýäniň birnäçe ýurdunda, esasan hem, Afrika ülkelerinde çagalaryň we ýetginjekleriň kämil derejede bilim almagy üçin birnäçe işler amala aşyrylýar. Çet ýerlerde ýaşaýan çagalaryň yzygiderli we üznüksiz bilim almagy, mekdepleri mugallymlar bilen üpjün etmek hem-de mekdebe ulag gatnawyny ýola goýmak
BMG-niň öňe sürýän esasy meseleleriniň biri bolup durýar. 2018-nji ýylyň dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan bilimiň derejesini artdyrmak, dünýä ýurtlaryndaky parahatçylygy berkitmek we ösüşleri öwrenmek maksady bilen 24-nji ýanwar «Halkara bilim güni» diýlip yglan edilýär. Bu ýyl Halkara bilim güni «Hemişelik parahatçylyk üçin öwrenmek» şygary astynda bellenilýär.
Halkara bilim güni mynasybetli mekdep okuwçylarynyň arasynda mugallyma hormat goýmak, durmuşyňyza täsir eden mugallym, öýde okamagy endik etmek, çalt okamak we köp okamak ýaly birnäçe çäreler geçirilýär. Amerika ýurtlarynda «Çagalara kömek ediň!» temada wagyz işleri alnyp barlyp, çet obalarda ýaşaýan üçünji synpa çenli okuwçylara okamagy öwretmek, okuw gollanmalary bilen üpjün etmek ýaly meseleler ara alnyp maslahatlaşylýar.
Soňky ýyllarda elektron kitaplaryň köpelmegi, internetde bilim platformalarynyň ýola goýulmagy çagalara web sahypalaryndan telefon ýa-da planşet arkaly bilim almaga mümkinçilik berýär. Çagalaryň mekdep meýilnamasyndan daşary onlaýn sapaklary almagy olaryň bilimlerini artdyrmaga, daşary ýurt dillerini aňsatlyk bilen öwrenmegine mümkinçilik berýär.