Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan parasatly syýasatynyň netijesinde häzirki wagtda ýurdumyzda Deňiz we derýa ulaglary pudagyna uly üns berilýär. Hormatly Prezidentimiziň Türkmenbaşy Halkara deňiz portuny hem-de Türkmen deňiz söwda flotuny ösdürmek baradaky durmuşa geçirýän uly göwrümli tutumlary bilen bir hatarda söwda deňiz gatnawy bilen bagly halkara ylalaşyklaryň ýerine ýetirilmegi we bu ugurda döredilen milli kanunçylyk binýadymyzy döwrebaplaşdyrmak maksady bilen onuň has-da kämilleşdirilmegi babatynda degişli işler alnyp barylýar.
26-njy ýanwarda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde halkara hyzmatdaşlygy giňeltmek, dünýä standartlaryna laýyklykda deňiz gatnawyny ýeňilleşdirmek, daşary ýurtlar bilen söwda gatnaşyklaryny pugtalandyrmak üçin Türkmenistanyň Halkara Deňiz Guramasynyň (HDG) Halkara deňiz gatnawyny ýeňilleşdirmek hakynda Konwensiýasyna goşulmagy boýunça zerur işleriň alnyp barylýandygy barada bellenildi.
Häzirki wagtda «Türkmendeňizderýaýollary» agentligi tarapyndan Türkmenbaşy Halkara deňiz portuna gelýän gämileri we ýükleri resmileşdirmek işlerini döwrebaplaşdyrmak hem-de olary kadalaşdyrmak boýunça birnäçe işler alnyp barylýar. Türkmenistan 1993-nji ýylyň 26-njy awgustynda HDG-niň agzalygyna kabul edilip, häzirki wagtda bu guramanyň birnäçe resminamalaryna goşuldy. HDG Birleşen Milletler Guramasynyň deňiz gatnawlaryny kadalaşdyrmak we düzgünleşdirmek boýunça ýöriteleşen halkara guramasy bolup, gämi gatnawynyň howpsuzlygyny berjaý etmek, daşky gurşawy goramak we deňiz ulagynyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak hem-de gämi gatnawyny bütinleýin ulgam hökmünde kadalaşdyrmak we goldamak bilen meşgullanýan halkara guramadyr. Halkara Deňiz Guramasy 1948-nji ýylda döredilip, onuň ştab-kwartirasy London şäherinde ýerleşýär we dünýäniň döwletleriniň aglaba bölegi onuň agzasy bolup durýar.
Häzirki wagtda dünýäniň 129 döwleti Halkara deňiz gatnawyny ýeňilleşdirmek hakynda Konwensiýasynyň agzasydyr. Bu Konwensiýa (FAL) deňiz ulagy arkaly ýükleriň we harytlaryň daşalmagyny artdyrmak hem-de global üpjünçilik zynjyrlarynyň hereketine päsgelçilik döredýän käbir resmi çäreleriň täsirlerini azaltmak we olaryň çaltlandyrylmagyny gazanmak bilen bagly birnäçe talaplary öz içine alýar. FAL Konwensiýasynyň düzgünleriniň talaplary ony kabul eden ýurtlara gämileriň portlara girmegi we çykmagy bilen bagly zerur bolan maglumatlaryň elektron görnüşde alynmagyny üpjün etmek maksady bilen «bir penjire» ulgamynyň döredilmegini, girizilmegini we ulanylmagyny talap edýär.
Ýeri gelende bellesek, geçen ýylyň tomsunda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy tarapyndan Türkmenbaşy Halkara deňiz portuna «EсoPorts» güwänamasy gowşuryldy. Ol Türkmenistanyň halkara jemgyýetçilikde özüniň syýasy, ykdysady, medeni hyzmatdaşlyklary bilen uly abraýdan peýdalanýandygyny ýene bir gezek subut etdi. «Ösüş arkaly parahatçylyk» ýörelgesini dünýä ýaýýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň oýlanyşykly başlangyçlary Watanymyzyň at-abraýyny has-da belende galdyrýar.
Aýjemal HUDAÝBERDIÝEWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen
milli dünýä dilleri institutynyň talyby.