Ýer ýüzünde her halkyň özüne mahsus medeniýetiniň bolşy ýaly, täsin däp-dessurlary hem bar. Şeýle däp-dessurlaryň biri hem oglan bilen gyzyň nikalaşmagy, ýagny toý adatlarydyr. Irki döwürlerde ýüze çykyp, milli yrym-ynançlar esasynda kämilleşdirilen toý däpleri her halkda her dürli. Ýöne ähli halkda hem milli toý däp-dessurlarynda ýaş çatynjalaryň bagtly durmuşda ýaşamagy, agzybir maşgala bolmagy göz öňünde tutulýar. Adaty bolmadyk täsin däp-dessurlar toý-dabaralary gyzykly we şowhunly geçirmäge mümkinçilik berýär. Gazetimiziň şu sanynda dünýädäki täsin toý däp-dessurlary baradaky gyzykly maglumatlary dykgatyňyza ýetirmegi makul bildik.
Gelin bilen ýigidi «garalamak» däbi (Şotlandiýa). Şotlandiýada toýdan bir-iki gün öň oglanyň we gyzyň maşgala agzalary üýşüp, ýaş çatynjalaryň üstüne palçyk, çüýrän miwe oklaýarlar. Gelin bilen ýigidi «garalamak» toý däbinde ýaşlar biri-birini zyňylýan zatlardan goraýarlar ýa-da bilelikde goranýarlar. Üst-başyň bulaşýandygyna garamazdan, bu toý däbi är-aýalyň durmuşda ýüze çykyp biljek kynçylyklara taýýardygyny aňladýar.
Agaç kesmek dabarasy (Germaniýa). Nemes halkynyň däbinde durmuş gurýan oglan bilen gyz toý myhmanlarynyň öňünde synagdan geçirilýär. Bu synag sorag-jogap alyşmak arkaly däl-de, agaç kesmek arkaly geçirilýär. Durmuş gurýan oglan bilen gyz toý lybasynda ary (iki adamlyk uly byçgy) bilen agaç kesýärler. Agaç kesmek dabarasy är-aýalyň bilelikde päsgelçilikleri ýeňip geçip biljekdigini ýa-da bilmejekdigini görkezýär. Käte bu toý däbinde oglanyň ýa-da gyzyň agaç kesmekde ejizleýän pursatlaryna hem duş gelmek bolýar. Umuman, agaç kesmek dabarasyndan soň myhmanlar söz sözleýärler hem-de ýaşlary toý dabarasy bilen gutlaýarlar.
Gelinligi alyp gaçmak däbi (Italiýa). Italýan medeniýetinde öýlenjek oglan gelinligini alyp gaçýar. Dostlarynyň kömegi bilen gelnini öýüne getirenden soň, oglanyň hossarlary gyzyň maşgala agzalary bilen gepleşik geçirip, toý dabarasyna taýýarlyk görüp başlaýarlar.
Sübseden bökmek däbi (Afrika). Afrika-amerikan medeniýetinde toý tutýan jübütler sübseden bökýärler. Bu däp olaryň durmuş gurýandygyny aňladyp, är-aýalyň ata-babalaryna goýýan hormat-sylagy diýlip düşünilýär.
Ýigidiň aýakgabyny gizlemek däbi (Hindistan). Hindi däbinde gelniň uýalary toý güni ýigidiň köwşüni gizlemäge synanyşýarlar. Soňra giýew ýitiren köwşüni yzyna almak üçin gelniň uýalarynyň şertlerini ýerine ýetirmeli bolýar. Köplenç öýlenýän ýigit aýdym aýtmak, tans etmek, kimdir birine öýkünmek ýa-da sahna oýnap görkezmek ýaly synaglardan geçirilýär.
Gap-gaç döwmek däbi (Gresiýa). Gresiýada toý myhmanlary täze durmuş gurýan ýaşlary gutlap we üstünlik arzuw edip, gap-gaçlary döwýärler. Soňra är-aýal eline sübse alyp, durmuşda duş gelýän kynçylyklara döz gelmegiň alamaty hökmünde döwlen bölekleri bilelikde aýyrýarlar. Bu däbe meňzeş adatlar kawkaz halklarynda hem bar.
Ýigidiň dabanyny çybyklamak däbi (Koreýa Respublikasy). «Bu toý däbi koreýleriň özboluşly adatlarynyň biridir. Toý dabarasyndan soň, ýigidiň dostlary we maşgala agzalary onuň aýakgabyny we jorabyny çykaryp, topugyna hem-de dabanyna çybyk ýa-da kakadylan balyk bilen urýarlar. Şol wagt oglana soraglar hem berilýär. Bu toý däbi ýigidiň güýjüni we häsiýetini barlamaga mümkinçilik berýär. Şeýle hem ýigidiň maşgala agzalary bilen özara gatnaşygy ýüze çykýar.
Gül zyňmak däbi (ABŞ). Gül dessesini zyňmak tanyş adatlaryň biri bolsa-da, amerikan toýlarynda bu däp uly tolgunma bilen geçirilýär. Durmuş gurýan gyz özüniň gül dessesini yzyna seretmezden arka tarapa oklaýar. Üýşüp duran zenanlaryň haýsysy çemeni tutsa, indiki boljak toýuň özüne degişlidigine ynanýar. Gül zyňmak däbi uly tolgunma we garaşylmadyk wakalar bilen geçýär.
Ak kepderi uçurmak däbi (Filippinler). Filippinlerde täze durmuş gurýanlar parahatçylygyň, agzybirligiň we söýginiň nyşany hökmünde asmana bir jübüt ak kepderi uçurýarlar. Bu däp är-aýalyň sazlaşykly durmuş isleglerini öz içine alyp, uçan kepderiler ýaşlaryň arzuwlaryny asmana göterýär.
Üç köýnek geýmek däbi (Hytaý). Hytaý medeniýetinde toý güni gelin üç dürli eşik geýýär. Ilki çipao, soňra gyzyl reňkli kabul ediş lybasyny, şeýle-de ak köýnek geýýär. Bu adat gelniň köp taraplydygyny görkezýär.