Uly adamlaryň, bäbekleriň we hatda käbir jandarlaryň hem pallaýanyny görýäris. Alymlar pallamagyň näme sebäpden ýüze çykýandygy we birek-birege geçýändigi barada birnäçe pikiri öňe sürýärler. Köp adam pallamagy ýadawlyk we içgysgynçlyk bilen baglanyşdyrýar. Geçirilen barlaglarda adamlaryň dynç alanlarynda ýa-da şatlykly ýagdaýda hem ýygy-ýygydan pallaýandygy seljerildi. Netijede, pallamagyň diňe ýadawlyk bilen baglanyşykly däldigi ýüze çykaryldy.
Alymlaryň köpüsi pallamagyň adamyň fiziologik işi bilen baglanyşykly ýüze çykýandygyny, ýagny beden bilen baglanyşykly ýagdaýlary habar berýändigini belleýär.
1-nji garaýyş. Pallamak adam ýadaw we içgysgynç duýgulary başdan geçirýän wagty beýnini oýarýar. Ýüzdäki we boýundaky myşsalary herekete getirip, ýürek urşunyň ýokarlanmagyna hem-de hüşgärlik gormonlarynyň bölünip çykmagyna ýardam edýär. Bilermenler pallamak beýnidäki suwuklygy dynç alyş ulgamyndan uzaklaşdyryp, işjeň ýagdaýa geçirýär diýip çaklaýarlar. Mysal üçin, adam erkin ýagdaýa geçende: telewizora tomaşa edende, leksiýa diňlände has köp pallaýar. Tersine işjeň ýagdaýda: geplände, sport bilen meşgullananda, nahar bişireninde käwagt pallaýar.
2-nji garaýyş. Pallamak beýnidäki temperaturany kadaly saklamaga mümkinçilik berýär. Kompýuterde köp işlenende prosessorynyň gyzyşy ýaly, adam beýnisi hem gyzýar. Şeýle ýagdaýda ýüz myşsalary hereket edýär we gysylýar hem-de beýnidäki gan aýlanyş artýar. Pallananda beýniniň gyzgynlygy peselip, gan aýlanyş kadaly derejä gelýär. Akyl zähmeti bilen meşgullanylanda arassa howa çykyp, uludan dem almak maslahat berilýär.
3-nji garaýyş. Pallamagyň duýgudaşlyk endikleri bilen baglanyşyklydygy bellenilýär. Bir adam pallanda ýanyndakylar hem oňa duýgudaşlyk hökmünde pallaýarlar. Pallamak birek-birege geçip, jemgyýet arabaglanyşygyny emele getirýär. Kimdir biriniň pallanyny gören adamyň beýnisi oňa duýgudaşlyk hökmünde jogap gaýtarýar. Bu hadysa maşgala agzalarynyň arasynda, tanyş ýa-da nätanyş adamlaryň arasynda bolup geçýär. Ýöne muňa adamlar ýadawlyk we uky alamaty diýip düşünýärler.
Pallamagyň saglyga täsiri
Adam her gün ortaça 28 gezek pallaýar. Bu, esasan, ukudan oýanylanda we ýatmazdan öň bolup geçýär. Bilermenler adamyň ýadaw we içgysgynç ýagdaýlardan başga wagty pallamagynyň saglyk ýagdaýy bilen bagly bir zatlary habar berýändigini belleýärler. Adaty däl wagty pallamak, näsaglyk alamatlaryny (mysal üçin, kislorod ýetmezçiligi) görkezip biler.