Her gün köp gezek ulanylýan «alo» sözi telefonda gepleşmegiň möhüm bölegine öwrüldi. Ilkibaşda «halo» (salam) görnüşinde ýüze çykan bu söz tehnologiýanyň we medeni täsirleriň ösmegi bilen «alo» görnüşinde ulanylyp başlanýar. Telefon jaňlarynda ulanylan bu ýönekeý salamlaşmak usuly soňlugy bilen has ýörgünli bolup, bütin dünýä ýaýraýar. Köpler «alo» sözüni telefony oýlap tapyjynyň ady bilen baglanyşdyrýarlar. Bu hakykatdan hem şeýlemikä? Geliň, telefonyň oýlanyp tapylyşy we telefon gepleşiginde ulanylan ilkinji sözler bilen tanyş bolalyň!
Öý telefonynyň ilkinji nusgasy amerikan-kanada inženeri Aleksandr Greýam Bell tarapyndan oýlanyp tapylýar. Bell 1876-njy ýylyň 10-njy martynda telefony oýlap tapandan soň, ilkinji telefon söhbetdeşliginde şu jümläni ulanýar: «Jenap Watson, bärik geliň, sizi göresim gelýär». Şuňa meňzeş jümläni hiç kimiň ulanmandygy sebäpli oýlap tapyjy gysgarak bir söz tapmalydygyna düşünýär. Öý telefonlarynyň köp öýe çekilmegi bilen bu ýagdaý üýtgeýär. Şeýlelikde, Bell öz döwürdeşi, amerikan oýlap tapyjysy Tomas Edison bilen bilelikde telefonda «halo» sözüni ulanmaly diýen karara gelýärler. Ýöne «halo» sözüni «salam» manysynda däl-de, «Ol ýerde biri barmy?» diýen manyda ulanyp başlaýarlar.
«Alo» sözi nädip döreýär?
Öý telefonlarynyň ulanylyp başlanan ilkinji ýyllarynda jaňy alan adam beýleki tarapyň sesini eşidip-eşitmeýändigini barlamak üçin «halo» sözüni ulanypdyr. Wagtyň geçmegi bilen telefon liniýalary has gowulaşýar. Şeýle bolansoň, «halo» sözüni jaň edýän adam däl-de, telefony galdyrýan adam «salam» manysynda ulanyp başlaýar. Oksford iňlis sözlüginde berlişine görä, «halo» nemes dilindäki «hala, halon, holon» sözlerinden gelip çykyp, esasan, gämini garşy almak üçin ulanylypdyr. Bu söz fransuz diline «holo» görnüşinde geçip, «kim bar, ol ýerde» diýen manyny aňladypdyr. Soňlugy bilen iňlis diline «hello» görnüşinde ornaşan bu söz «salam» diýen manyda ulanylyp başlanýar. Telefonda ulanylan «halo» sözi gämiçileriň yşarat bermek üçin ulanan sözi bolup, fransuzça manysyna görä alnypdyr. Köp halkda «halo» sözündäki «h» sesi düşürilip, «alo» diýip kabul edilipdir. Her halkyň medeniýeti we dil gurluşy bilen baglylykda telefon söhbetdeşliginde ilkinji söz hökmünde «alo» sözünden başga-da, dürli sözler ulanylýar. Umuman, durmuşymyzyň möhüm bölegine öwrülen telefon gepleşigi gyzykly taryhy başdangeçirmelere eýedir.