Pizza dünýäde iň halanýan tagamlaryň biridir. Italýan aşhanasyndan gözbaş alýan «tekiz çörek» bütin dünýäde meşhurlyk gazanyp, ÝUNESKO-nyň Bütindünýä gymmatlyklarynyň bir bölegine öwrüldi. Her ýylyň 9-njy fewralynda Bütindünýä pizza güni bellenilip geçilýär. Asyl nusgada taýýarlanýan neapol pizzasy «hakyky pizza» hasaplanyp, oňa pomidor we mozarella peýniri goşulýar. Hakyky pizza taýýarlananda konditer önümlerine niýetlenen un däl-de, çörek önümleri üçin üwelen ýokary belokly un saýlanýar. Pizza üçin hamyr el bilen ýa-da pes tizlikli mikser bilen ýugrulýar. El bilen basylyp ýazylan hamyryň galyňlygy 3 millimetrden geçmeli däl. Adatça hakyky pizza pomidor goýultmasy çalnyp, üstüne dilimlenen pomidor, gyrgyçdan geçirilen mozarella peýniri we zeýtun goýulýar. Pizza 485 dereje gyzgynlykda 60-90 sekuntda bişirilýär. Hakyky pizza ýumşak we hoşboý ysly bolýar. XIX asyryň başlarynda oýlanyp tapylan bu tagamyň häzirki wagtda 687 görnüşi bar. Olardan rim pizzasy, lasio pizzasy, rustika, al taglio, romana, wena, kapriçoza, dört peýnir pizzasy, ak pizza, injirli pizza, sisiliýa pizzasy, dört bölekli pizza we pisana pizza meşhur görnüşler hasaplanýar. Pizzanyň ululygy köke ýaly «pizzetta» atly kiçijik görnüşi hem taýýarlanýar. Her ýyl dünýäde 30 milliarddan gowrak pizza iýilýär.
Taryhy
Gadymy müsürliler, rimliler we grekler irki döwürlerde çöregiň üstüne ir-iýmiş, bişirilen et goýup iýen hem bolsalar, pizzanyň oýlanyp tapylan ýeri Italiýanyň Neapol şäheri hasaplanýar. Bu şäher miladydan öňki 600-nji ýyllarda grekler tarapyndan döredilip, 1700-1800-nji ýyllar aralygynda has gülläp ösýär. Şol ýyllar neapollylar azyk ýetmezçiliginiň öňüni almak üçin çalt hem isrip edilmän iýlip bilinjek täze tagamy – pizzany oýlap tapýarlar. Bahasy hem arzan bolan bu tagam arasyndan ikä kesilen tegelek çöregiň üstüne pomidor, peýnir, ýag, ansi we sarymsak goýlup taýýarlanypdyr. Ilkibaşda halanmadyk bu iýmit soňra etden, peýnirden, deňiz önümlerinden, kömelekden, gök önümlerden we miwelerden taýýarlanyp başlanýar. Bu tagam eýýäm XIX asyryň ahyrlarynda tagam sanawynda öňdäki orny eýeläp, Ýewropanyň beýleki ýurtlarynda hem-de Amerikada meşhurlyk gazanýar. Wagtyň geçmegi bilen pizza adaty taýýarlanyş usulyndan üýtgedilip, dürlüçe usulda müşderilere hödürlenip başlanýar. Italýan şäherlerinde aýratyn pizza restoranlary we pizza bişirijiler peýda bolýar. XX asyrda müşderileriň sargytlarynyň yzy üzülmeýändigi sebäpli, doňdurylan ýarym taýýar pizzalar peýda bolýar. Esasan hem, Amerika ýurtlarynda pizza eltip berijiler täze usuly oýlap tapýarlar. Olar indi pizzany restoranda bişirip äkitmän, şäheriň dürli ýerlerinde içinde mikrotolkun peji bolan sargyt awtoulagynda müşderileriň jaňyna garaşýarlar. Eltip berijiler sargyt edilen badyna doňdurylan ýarym taýýar pizzany mikrotolkun peçde gyzdyryp, az salymda müşderilere gowşurýarlar. Hatda şol ýyllar pizza restoranlarynyň arasynda «Kim çalt eltip bermeşek» ýaryşlary hem guralýar.
Bütindünýä pizza güni diňe bir Italiýada däl, eýsem, tutuş dünýäde bellenip geçilýär. Baýramçylyk mynasybetli çalt we köp pizza iýmek ýaryşlary, iň uly pizza, iň uzyn pizza we iň agyr pizza bäsleşikleri hem geçirilýär. Şeýle hem sergiler, ýarmarkalar we pizza taýýarlamak boýunça sapaklar geçirilip, ussat pizza aşpezlerine baýraklar gowşurylýar.