Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Galkynyşy döw­rün­de ylym-bi­lim ul­ga­my­ny kä­mil­leş­dir­mä­ge aý­ra­tyn üns be­ril­ýär. Ýur­du­myz­da mil­li bi­lim ul­ga­my­nyň bin­ýat­la­ýyn esa­sy bar­ha pug­ta­lan­dy­ryl­ýar. Hormatly Prezidentimiz türk­men ýaş­la­ry­nyň ylym-bi­lim we ze­hin ba­bat­da kä­mil­leş­me­gi, dün­ýä de­re­je­sin­de us­sat hü­när­men­ler bo­lup ýe­tiş­me­gi ug­run­da giň ge­rim­li baş­lan­gyç­la­ry dur­mu­şa ge­çir­ýär. Şol iş­le­riň ha­ta­ryn­da ýaş­la­ryň da­şa­ry ýurt dil­le­ri­ni bil­me­gi ug­run­da edil­ýän ala­da­lar hem bar.
Dil halk­la­ryň mil­li öz­bo­luş­ly­ly­gy­ny kes­git­leý­ji fak­tor­la­ryň hem-de mil­le­tiň aý­ryl­maz ala­mat­la­ry­nyň bi­ri­dir. Tür­ki dil­le­riň iň ga­dy­my­la­ryn­dan bi­ri bo­lan türk­men di­li Türk­me­nis­ta­nyň döw­let di­li bo­lup, şo­nuň esa­syn­da aja­ýyp me­de­ni baý­lyk­lar, ýa­zuw ýa­dy­gär­lik­le­ri dö­re­di­len­dir. Ýur­du­myz­da türk­men di­li­ni ös­dür­mek, ulan­mak hem-de go­ra­mak bi­len bag­la­ny­şyk­ly äh­li me­se­le­ler bo­ýun­ça uly iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar. Türk­men hal­ky­nyň ru­hy dö­re­di­ji­li­gi­niň hem­me­ta­rap­la­ýyn ös­me­gi­ne ýar­dam et­mek, onuň döw­let özyg­ty­ýar­ly­ly­gy­nyň gel­je­gi­ni ke­pil­len­dir­mek mak­sa­dy bi­len, Türk­me­nis­ta­nyň bü­tin ter­ri­to­ri­ýa­syn­da türk­men di­li­ne döw­let di­li de­re­je­si be­ril­ýär. Türk­men di­li­ne döw­let di­li de­re­je­si­niň be­ril­me­gi türk­men di­li­niň we me­de­ni­ýe­ti­niň go­ral­ma­gy­na hem-de hem­me­ta­rap­la­ýyn ös­dü­ril­me­gi­ne esas dö­red­ýär.
Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň «Ga­raş­syz­lyk – bag­ty­myz» at­ly ki­ta­by mil­li buý­san­jy­myz hem baý­ly­gy­myz bo­lan türk­men di­li­niň döw­let di­li de­re­je­si­ne eýe bol­ma­gy bi­len bag­ly gym­mat­ly mag­lu­mat­la­ry özün­de jem­le­ýär.
Türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri bu ese­rin­de: «1990-njy ýy­lyň 24-nji ma­ýyn­da «Dil ha­kyn­da­ky» Ka­nu­nyň ka­bul edil­me­gi hem ta­ry­hy wa­ka bo­lup­dy. Ol res­pub­li­ka­da ýa­şa­ýan beý­le­ki halk­la­ryň di­li­niň er­kin ös­me­gi­ne hem ula­nyl­ma­gy­na ke­pil­lik ber­mek bi­len, türk­men di­li­ne döw­let di­li sta­tu­sy­ny ber­di» di­ýip bel­le­mek bi­len, türk­men di­li­niň res­mi taý­dan döw­let di­li hu­ku­gy­na eýe bol­ma­gy­na ta­ry­hy wa­ka hök­mün­de ba­ha ber­ýär. Bu bol­sa di­li­miz ba­bat­da­ky wa­ka­la­ryň je­mi hök­mün­de or­ta çyk­ýar. Di­li­mi­ziň şon­dan soň­ky dö­wür için­de ösü­şi we onuň bi­len bag­ly ge­çi­ri­len çä­re­ler türk­men dil bi­li­mi­niň ta­ry­hy­na göz aý­la­nyň­da has-da aý­dyň ýü­ze çyk­ýar. Di­li­mi­ze döw­let di­li sta­tu­sy­nyň be­ril­me­gi bu ugur­da mö­hüm me­se­le­le­riň çö­zül­me­gi­ne ka­nu­ny esas bo­lup hyz­mat et­di. El­bet­de, ene di­li­mi­ziň döw­let di­li hu­ku­gy­na eýe bol­ma­gy, onuň bi­len bag­ly çä­re­le­riň çö­zü­li­şi we ola­ryň ne­ti­je­le­ri ba­ra­da­ky wa­ka­lar di­ňe bir mil­li dil bi­li­mi­mi­ziň ösü­şin­de däl, eý­sem, döw­let ber­ka­rar­ly­gy­nyň bin­ýat­la­ry­ny öw­ren­mek­de-de aý­ra­tyn äh­mi­ýet­li­dir.
Türk­men di­li­niň hä­si­ýet­li aý­ra­tyn­lyk­la­ry göz öňün­de tu­tu­lyp, esa­san, her bir se­se aý­ra­tyn harp – bel­gi al­mak ýö­rel­ge­sin­den ugur al­nyp dü­zü­len 30 harp­dan yba­rat tä­ze türk­men elip­bi­ýi Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň 1993-nji ýy­lyň 12-nji ap­re­lin­dä­ki Per­ma­ny esa­syn­da res­mi taý­dan ka­bul edil­di.
Türk­men di­li­niň tä­ze elip­bi­ýi­niň res­mi taý­dan tas­syk­lan­ma­gy we ka­nu­ny güý­je eýe bol­ma­gy bi­len, ol ýu­waş-ýu­waş­dan dur­mu­şa or­na­şyp ug­ra­dy. Şo­nuň bi­len bag­ly tä­ze elip­bi­ýiň harp­la­ry­ny öw­ren­mek we öw­ret­mek, ýaz­mak we okat­mak üçin ýe­ňil bo­lan ýaz­ma­ça şe­kil­le­ri iş­läp düz­mek me­se­le­si hem ýü­ze çyk­dy. Tä­ze elip­biý­dä­ki harp­la­ryň ýaz­ma­ça şe­kil­le­ri­ni dö­ret­mek bo­ýun­ça iş al­nyp ba­ryl­dy we onuň esa­sy ýö­rel­ge­le­ri kes­git­len­di.
Hä­zir­ki dö­wür­de ýur­du­myz­da köp dil bil­mek ba­ba­tyn­da ýur­du­my­zyň äh­li bi­lim eda­ra­la­ryn­da mak­sat­na­ma­la­ýyn iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar. Bu ba­bat­da «Türk­me­nis­tan­da da­şa­ry ýurt dil­le­ri­ni okat­ma­gy kä­mil­leş­dir­me­giň Kon­sep­si­ýa­sy­nyň» ka­bul edil­me­gi da­şa­ry ýurt dil­le­ri­ni öw­ren­mä­ge döw­let de­re­je­sin­de giň müm­kin­çi­lik­le­riň dö­re­dil­ýän­di­gi­ni aý­dyň gör­kez­di. Bu ka­bul edi­len Kon­sep­si­ýa la­ýyk­lyk­da, da­şa­ry ýurt dil­le­ri­ni okat­mak­da öň­de­ba­ry­jy usul­la­ry or­naş­dyr­mak we mil­li bi­lim ul­ga­my­nyň äh­li de­re­je­le­rin­de bäs­deş­li­ge ukyp­ly­ly­gy ýo­kar­lan­dyr­mak bo­ýun­ça çä­re­le­riň me­ýil­na­ma­sy iş­le­nip taý­ýar­la­nyl­dy. Me­ýil­na­ma la­ýyk­lyk­da, ony üç tap­gyr­da ama­la aşyr­mak bel­le­nil­di. Bi­rin­ji, ikin­ji tap­gyr­lar­da da­şa­ry ýurt dil­le­ri­niň oka­dy­ly­şy­nyň usu­ly­ýe­ti, me­ýil­na­ma­sy, mak­sat­na­ma­sy kä­mil­leş­di­ri­lip, okuw-usu­ly bin­ýa­dy döw­re­bap­laş­dy­ryl­dy. Hä­zir­ki do­wam ed­ýän üçün­ji tap­gy­ryn­da bol­sa da­şa­ry ýurt dil­le­ri­ni okat­ma­gyň üz­nük­siz, yzy­gi­der­li we öza­ra bag­la­ny­şyk­ly ul­ga­my ke­ma­la ge­ti­ril­ýär. Bu bol­sa be­ril­ýän bi­li­miň hi­li­niň öň­de­ba­ry­jy tej­ri­be­le­re esas­la­nyp dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi­ne şert dö­red­ýär.

Çe­men Ka­ky­şo­wa,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň mugallymy.