Teh­no­lo­gi­ýa­nyň hö­dür­le­ýän müm­kin­çi­lik­le­ri çäk­siz. Şol se­bäp­li soň­ky ýyl­lar­da komp­ýu­ter ula­ny­ly­şy hem art­dy. Pe­tek al­mak, bank hyz­mat­la­ryn­dan peý­da­lan­mak, dür­li hyz­mat­lar üçin tö­leg tö­le­mek, ge­rek­li za­dy­ňy sar­gyt et­mek, hat­da dür­li ugur­lar­dan be­ril­ýän okuw ders­le­ri­ne gat­naş­mak üçin hem öý­den çy­kyp, başga bir ýere git­mek hök­man däl. Bu­la­ry komp­ýu­te­riň ba­şyn­da, otu­ran ýe­riň­den ýe­ri­ne ýe­ti­rip bol­ýar. Bular bi­ze her­nä­çe ýe­ňil­lik dö­red­ýän hem bol­sa, komp­ýu­te­re ýa-da te­le­fon­la­ra köp wagt­lap se­re­dip otur­mak gö­zü­mi­ziň sag­ly­gy üçin zy­ýanlydyr. Hü­när­men­ler her gün­de iki sa­gat­dan köp wagtlap komp­ýu­te­riň öňün­de wagt ge­çir­ýän­le­riň has üns­li bol­ma­ly­dy­gy­ny bel­le­ýär­ler. Se­bä­bi uzak wagt­lap ýag­ty ek­ra­na se­ret­mek gö­zü­ňi ýa­dad­ýar. Komp­ýu­te­riň te­le­wi­zor­dan ta­pa­wut­ly ta­ra­py hem, baş­ga prog­ram­ma­lar­da iş­le­ni­len­de ýü­zün­dä­ki şe­ki­liň yzy­gi­de­rli üýt­ge­ýän­di­gi­dir. Komp­ýu­teriň ek­ra­nyn­da pik­sel at­ly iň ki­çi no­kat­lar bol­ýar. Ony gör­mek üçin beý­ni şol no­kat­jyk­la­ry örän gys­ga wagt­lyk ýa­dyn­da sak­la­ma­ly bol­ýar. Yzy­gi­der­li üýt­ge­ýän şe­kil­ler bol­sa, göz da­mar­la­ry­nyň dar­ty­lyp-gow­şa­ma­gy­na ge­tir­ýär. Bu bol­sa, gö­zi ýa­dad­ýar. Şol se­bäp­li wagt­ly-wag­tyn­da gö­zü­ňi ek­ran­dan so­wup, az-kem he­re­ket­ etmek mas­la­hat be­ril­ýär. Eý­sem, komp­ýu­ter­de iş­le­ni­len­de gö­zü­ňe ze­per ýet­mez­li­gi üçin baş­ga nä­me­ler et­me­li?
Uzak wagt­lap, gö­zü­ňi gyrp­man ek­ra­na se­ret­mek gö­züň gu­ra­ma­gy­na se­bäp bol­ýar. Adat­ça adam mi­nut­da or­ta­ça 12-18 ge­zek gö­zü­ni gyrp­ýar. Üns bi­len ek­ra­na se­red­ýän adam bol­sa, mi­nut­da 4-6 ge­zek gö­zü­ni gyrp­ýar. Gö­züň gu­ra­ma­gy­na se­bäp bol­ýan bu ýag­daý beý­le­ki nä­sag­lyk­la­ryň hem dö­re­me­gi­ne ge­tir­me­gi müm­kin. Şol se­bäp­li ma­hal-ma­hal gö­zü­ňi bir­nä­çe se­kunt ýum­mak, iş­läp otyr­kaň öz is­le­giň bi­len gyrp­mak mas­la­hat be­ril­ýär.
Gö­züň gu­ra­ma­gy­nyň baş­ga se­bäp­le­ri hem bar. Ys­sy ho­wa­nyň do­wam ed­ýän şu gün­le­rin­de iş we öý şert­le­rin­de ser­gin­le­di­ji­ler has köp ula­nyl­ýar. Ser­gin­le­di­ji­ler gö­züň ýa­şy­nyň has köp bu­gar­ma­gy­na se­bäp bol­ýar.
Gö­züň­de ýa­daw­lyk, agy­ry, bu­la­nyk gör­mek, ýa­şar­mak, gi­je­mek, gy­zar­mak ýa­ly ýag­daý­lar ýü­ze çy­ka­nyn­da wagt ýi­tir­män luk­ma­na ýüz tu­tmak mas­la­hat be­ril­ýär. Esa­san 40 ýa­ş­dan ge­çen adam­la­ryň gözüne has köp üns be­r­me­li­di­gi we ge­rek bo­lan ha­la­tyn­da äý­nek dak­ma­ly­dy­gy aý­dyl­ýar.
Komp­ýu­te­riň ba­şyn­da dog­ry otur­mak hem gözüň üçin äh­mi­ýet­li­dir. Ek­ran gö­züň de­ňin­den bi­raz aşak­da (10–15 de­re­je) ýer­leş­di­ril­me­li. Şeý­le­lik­de, ek­ra­na ça­la­ja aşak ba­ky­lyp se­re­dil­me­li. Bu bol­sa gö­züň ça­la­rak ýu­mul­ma­gy­na ge­ti­rip, gözýa­şyň az bu­gar­ma­gy­na se­bäp bol­ýar.
Iş ota­gyn­da çyg­ly­lyk az bol­ma­ly däl. Ser­gin­le­di­ji­niň be­de­ni­ňi­ze gö­ni üf­le­me­gi­ne ýol ber­me­li däl.
Ek­ra­nyň ýag­ty­ly­gy­ny hem ta­la­ba­la­ýyk saz­la­ma­gy unut­maň! Ek­ran nä­çe uly bol­sa, şon­ça go­wy bo­lar. Ek­ra­nyň du­ru­ly­gy ýo­ka­ry, ýag­ty­ly­gy pes bol­ma­ly. Go­raý­jy aý­na­la­ry şöh­lä­niň güý­jü­ni pe­seld­ýän­di­gi se­bäp­li ulanmak mas­la­hat be­ril­ýär.
Hat ýaz­mak bi­len meş­gul­lan­ýan bol­sa­ňyz, sa­hy­paň dü­şe­gi açyk reňk­li, harp­lar go­ýy reňk­li bol­ma­ly. Harp­la­r nä­çe iri gö­rün­se, şon­ça-da go­wy bo­lar. Iş­le­ýän bolsaň hem, in­ter­net sa­hy­pa­la­ryn­da­ky zat­la­ry oka­ýan bol­saň hem, komp­ýu­te­riň ýü­zün­dä­ki ha­ty ulal­dyp ki­çelt­mek kyn däl.
Ek­ran he­mi­şe de­giş­li aras­sa­laý­jy se­riş­de­ler bi­len aras­sa­la­nan bol­ma­ly. Ek­ra­nyň ara­ssa­ly­gy du­ry şe­ki­li üp­jün ed­ýär.
Ota­gy ýag­tyl­dýan yşyk gö­ze gö­ni düş­me­li däl. Ýag­ty­lyk yz ta­rap­dan gel­se, has go­wy bo­lar. Otag ga­ty ýag­ty bol­ma­ly däl. Şeý­le hem ýag­tyl­dy­jy, ýal­dy­ra­wuk zat­lar hem gö­ze ze­per ýe­ti­rip bil­ýär.
Esa­sy ýat­dan çy­ka­ryl­ma­ly däl zat­la­ryň bi­ri hem wagt­ly-wag­tyn­da gö­zü­ňe dynç ber­me­li. Her 20-45 mi­nut­dan gö­zü­ňi ýum­ma­ly. Bu ça­ga­lar üçin has wajypdyr! Ça­ga­la­r komp­ýu­te­riň ba­şyn­da bir sagat otu­ran­la­ryn­dan soň­ra 15 mi­nut ara­kes­me et­me­li­dirler. Bu ýag­daý smart­fon­lar we beý­le­ki ek­ran­ly en­jam­la­ryň äh­li­si üçin hem şeý­le­dir. Ara­kes­me­de ýö­re­mek ýa-da ýe­ňil maşk­la­ry et­mek bi­len meş­gul­la­nyp bi­ler­si­ňiz.

Laçyn IŞANGULYÝEWA, Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Berdi Kerbabaýew adyndaky kitaphana şahamçasynyň kitaphanaçysy.