Kalsiý bilen baýlaşdyrylan iýmit agramyň artmagynyň öňüni alýar. «MedicForum» saýtynyň ýazmagyna görä, iýmitiňizde bu mineral näçe köp bolsa, bedeniňizdäki artykmaç kaloriýany şonça-da köýdürersiňiz. Beden kalsini täsirli siňdirmegi üçin D witaminini talap edýär. Eger-de siziň bedeniňizde D witamini ýetmezçilik edýän bolsa, onda kalsiý bilen baýlaşdyrylan iýmitlerem kömek etmez. Bedende kalsiý ýetmezçilik edýän bolsa, onda ol kalsini süňklerden alyp ugraýar. Bu ýagdaý bolsa, süňkleriň mineral dykyzlygynyň ýitmegine getirýär. Kalsiniň artyk düşmegi bolsa, öz gezeginde, böwrekde daşlaryň döremegine, ýygy-ýygydan peşew çykmagyna, garyn agyrysyna, ýürek bulanma we ýadawlyga alyp barýar. Şonuň üçin sarp edilýän kalsiniň mukdaryny gözegçilikde saklamaly.
Lukmanlaryň aýtmagyna görä, 6 aýa çenli bäbekler üçin günde 1000 mg, 7 aýdan 12 aýa çenli çagalar üçin günde 1500 mg kalsiý ýeterlikdir. 8 ýaşa çenli çagalar üçin günde 2500 mg, 9-18 ýaş aralygyndakylar üçin hem 3 100 mg kalsiý ýeterlikdir. Netijede, 19 ýaşdan 50 ýaş aralygyndaky adamlar üçin 2 500 mg kalsiý ýeterlik bolup, 51 ýaşdan soň bu sanyň ýene 2 000 mg-ä çenli azaldylyp bilinjekdigi aýdylýar. Şol bir wagtyň özünde, bedeniň özi kalsiý öndürmeýär, şoňa görä, iýmit sanawyna kalsiý bilen baýlaşdyrylan iýmitleri goşmak bilen D witaminini unutmazlyk juda möhümdir.
Ýogurt, peýnir we süýt ýaly az ýagly süýt önümleri kalsiniň iň gowy çeşmesidir. Sardina we alabalyk ýaly ýumşak süňkleri bolan balyklar hem bu sanawa girýär. Wegetarianlara öz iýmit sanawyna gury noýba, brunkol (buýra kelem), brokkoli, ysmanak we ýaşyl kelem goşmak maslahat berilýär. Guradylan miweler we maňyzlar (esasan hem badam) düzüminde kalsiý saklaýar.