Gury ýerde bolşy ýaly, deňizdir ummanlaryň hem özboluşly ekoulgamy bolýar. Çuň deňizlerde dürli görnüşli jandarlar ýaşaýar, ösümlikler ösýär. Indi birnäçe ýyldan bäri deňizler we köller balyklary ösdürip ýetişdirmek we käbir ekinleriň hasylyny almak üçin peýdalanylýar. Soňky ýyllarda deňizlerde suwoty ösdürip ýetişdirýän kärhanalaryň sany barha artýar. Bu pudagyň global bazardaky pul dolanyşygy 6 milliard dollara ýetdi. Bilermenler deňizlerde ösümlikleriň hasylyny almak üçin has köp mümkinçilik döreýändigini belleýärler. Deňizdäki iň uly «ekin meýdanlarynyň» biri hem Norwegiýa bilen Islandiýanyň arasyndaky Farýer adalarynyň kenarlarynda ýerleşýär. Bu ýerde «Ocean Rainforest» atly kompaniýanyň işgärleri suwoty ösdürip ýetişdirýärler. Kompaniýanyň müdiri Olawur Gregarsen kenara golaý ýerde dartylyp goýlan ýüzlerçe toruň suwoty ösdürip ýetişdirmek üçin peýdalanylýandygyny belleýär. Bu toruň umumy uzynlygy 50 kilometre ýetýär. Torlary saklap duran esasy tanap suwuň 10 metr aşagynda ýerleşip, tolkunlaryň täsirinden uzakda galýar. Daniýa degişli bolan bu ýerde suwuň ýylylygy 6-11 dereje aralygynda üýtgeýär. Bu ýerdäki suwuň çuň we iýmite baý bolmagy suwotynyň bol hasylyny almaga mümkinçilik berýär.
Tebigat üçin peýdaly
Kompaniýanyň ýolbaşçysy Gregarsen soňky ýyllarda azyk önümlerine islegiň ýokarlanmagy bilen suwoty ösdürip ýetişdirýän kärhanalaryň sanynyň artandygyny belleýär. Suwoty diňe azyk hökmünde däl, eýsem, azyk önümleriniň gabyny öndürmek üçin hem peýdalanylar. Bu bolsa, nebitden alynýan çig malyň ornuny tutup, daşky gurşaw üçin hem peýdaly bolar. Deňizde ösýän suwotular örän çalt ulalýar. Bu otlar ösmegi üçin Gün şöhlesine, deňiz suwundaky iýmite we kömürturşy gazyna zerurlyk duýýar. Şeýlelikde, olaryň köpeldilmeginiň kömürturşy gazyny azaldyp, howanyň maýylganlygynyň öňüni almakda hem peýdalydygy aýdylýar.
Suwotularyň boýy ýetenden soňra torlar ýörite gämi arkaly suwuň ýüzüne çykarylýar. Ýüpüň üstündäki otlar çapylyp alnandan soňra tor ýene-de aşak goýberilýär. Kompaniýanyň hünärmenleri şu ýylyň başyndan bäri 200 tonna golaý suwoty ýygnapdyrlar. Kompaniýanyň işgärleri bu ýerdäki önümçiligini iki esse artdyrmagy maksat edinýär.
Ýygnalan suwotular kenardaky ýörite kärhanada gaýtadan işlenýär. Suwotular guradylyp, azyk önümleri öndürmek üçin beýleki kärhanalara iberilýär. Galyndysyndan bolsa öý haýwanlary üçin iým taýýarlanýar. Şeýle hem bu ot kosmetika we derman senagatynda hem peýdalanylýar.
Täze tehnologiýa işlenip taýýarlanýar
Norwegiýanyň «Sintef» ylmy-barlag merkezi suwoty ösdürip ýetişdirýän kärhanalar üçin täze tehnologiýalary işläp taýýarlaýar. Hünärmenleriň esasy maksady bu ugurda tehnologiýadan has köp peýdalanylmagy bilen, işçi güýjüni azaltmakdan ybarat.
Portugaliýanyň «AlgaPlus» atly kompaniýasy hem deňizde däl-de, suw howdanynda şeýle otlary ösdürip ýetişdirýär. Kompaniýanyň ýolbaşçysy Helena Abru howdanda suwoty ösdürip ýetişdirmegiň has aňsatdygyny belleýär. Abru howdanda suwuň ýylylygyny gözegçilikde saklap, ýylyň dowamynda önümçilik edip boljakdygyna ünsi çekýär. Kompaniýa tarapyndan suwotulary köpeltmek üçin şitilhana hem döredilipdir.