Aý­dym-saz duý­gu­la­ry oýar­ýan we is­len­dik dil­de gep­le­ýän adam üçin düş­nük­li bo­lan äh­lu­mu­my dil ha­sap­lan­ýar. Gaý­ry dil­dä­ki aý­dym­la­ra dü­şü­nil­me­se-de, on­dan lez­zet alyp bol­ýar. Saz hem şeý­le. Türk­men hal­ky­nyň aý­dym-saz däp­le­ri­niň çuň ta­ry­hy bar. Mu­ňa ar­heo­lo­gik mag­lu­mat­la­ry hem şa­ýat­lyk ed­ýär. Mil­li me­de­ni­ýe­ti­mi­zi ös­dür­mek­de uly iş bi­ti­ren türk­men bag­şy­la­ry asyr­la­ryň do­wa­myn­da ha­ly­pa­çy­lyk däp­le­ri­ni do­wa­m et­di­rip, bu sun­ga­ty hä­zir­ki gün­le­ri­mi­ze çen­li ýe­ti­rip­dir­ler. Alym­lar adam­zat ta­ry­hy bi­len de­ňe­çer bo­lan aý­dym-sa­zyň ada­ma tä­si­ri ba­ra­da köp bar­lag­lar ge­çi­rip­dir­ler. Biz hem aý­dym-saz ba­ra­da­ky gy­zyk­ly mag­lu­mat­la­ry siziň dykgatyňyza ýetirýäris!
Aý­dym ýa-da saz köp­lenç adam­la­ryň duý­gu­la­ry­nyň ne­ti­je­sin­de ýü­ze çyk­ýar. Ge­çi­ri­len bar­lag­lar ra­hat­lan­dy­ry­jy saz­la­ryň adam im­mu­ni­te­ti­ni güýç­len­dir­ýän­di­gi­ni ýü­ze çy­ka­ryp­dyr. Nus­ga­wy saz­lar diň­le­di­len ösüm­lik­le­riň has çalt boý al­ýan­dy­gy­ny gör­kez­ýän on­lar­ça bar­lag­ ge­çi­ril­di.
Geçirilen barlaglarda aý­dym-sa­zyň we he­ňiň beý­ni­niň dür­li ýer­le­ri­ne tä­sir ed­ýän­di­gi ýü­ze çy­ka­ryl­dy. ABŞ-nyň Flo­ri­da uni­wer­si­te­ti­niň hü­när­men­le­ri­niň ge­çi­ren bar­lag­la­ry­nyň ne­ti­je­sin­de sa­zyň beý­ni­niň iş­jeň­li­gi­ni art­dyr­ýan­dy­gy anyk­lan­dy. Yl­my işiň ne­ti­je­sin­de sa­zyň öw­ren­me­gi we ýat­keş­li­gi güýç­len­dir­ýän­di­gi, ra­hat­lan­dyr­ýan­dy­gy, gan ba­sy­şy­na tä­sir ed­ýän­di­gi öw­re­ni­lip­dir.
Ge­çi­ri­len bar­lag­la­ryň bi­rin­de ha­ýal dep­gin­de ça­lyn­ýan sa­zyň diň­le­nil­ýän wag­tyn­da adam­la­ryň 18 gö­te­rim az na­har iý­ýän­di­gi ýü­ze çy­ka­ry­lyp­dyr. Bu ýag­daý­da adam­lar sa­zyň he­ňi­ne gö­rä, has ha­ýal na­har iý­ýär­ler. Bel­li bir wagt­dan soň­ra bol­sa, do­ýan­dyk­la­ry­ny pi­kir ed­ýär­ler. Ajaýyp duý­gu­la­ry oýar­ýan sa­zyň ada­myň ýat­keş­li­gi­ne tä­sir ed­ýän­di­gi bel­le­nil­ýär. Yl­my bar­lag­la­ryň bi­rin­de tä­ze bir dil öw­ren­mek­de hem sa­zyň peý­da­sy­nyň bar­dy­gy anyk­la­nyp­dyr.
Uku­syz­lyk her ýaş­da­ky adam­da ýü­ze çy­kyp bil­ýän nä­hoş­luk­la­ryň bi­ri ha­sap­lan­ýar. Ge­çi­ri­len bar­lag­lar­da saz diň­le­me­giň rahat uk­la­ma­ga tä­si­ri­niň ulu­dy­gy­ny ýü­ze çy­ka­ryl­dy.
Spor­ta we işe hö­wes döredýär
Köp adam sport ýa-da maşk bi­len meş­gul­lan­ýan wag­ty aý­dym-saz diň­le­me­gi ha­la­ýar. Ge­çi­ri­len bar­lag­lar çalt dep­gin­de ýe­ri­ne ýe­ti­ril­ýän aý­dy­myň adam­lar­da has köp he­re­ket et­mä­ge we iş­le­mä­ge bo­lan hö­we­si art­dyr­ýan­dy­gy­ny ýü­ze çy­kar­dy. Şu mak­sat bi­len ge­çi­ri­len bar­laglar sag­dyn adam­la­ryň ara­syn­da ge­çi­ri­lip, olar­dan aý­dym diň­le­ýän wag­ty we­lo­si­ped sür­mek­le­ri ta­lap edil­di. Ne­ti­je­de, barlaga gat­na­şy­jy­la­ryň çalt dep­gin­dä­ki aý­dym­la­ry diň­län­le­rin­de has çalt pe­dal aý­lan­dyk­la­ry anyk­lan­dy. Aý­dym diň­le­mek barlaga gat­na­şy­jy­la­ryň 10 gö­te­rim çalt he­re­ket et­mek­le­ri­ne se­bäp bo­lup­dyr.

Jemal Haýydowa,

Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň Gökje medeniýet öýüniň tans goýujysy.