Luk­man­lar haý­sy­dyr bir mi­wä­ni ýa-da bak­ja eki­ni­ni te­bi­gy ho­wa şert­le­rin­de ýe­tiş­ýän ýa-da ada­ty şert­ler­de sak­la­nyp bil­ýän wag­ty iý­me­giň has ýa­ram­ly bol­jak­dy­gy­ny bel­le­ýär­ler. Has köp wagt­lap sak­lap bol­ýan bak­ja ekin­le­ri­niň bi­ri hem kä­di ha­sap­lan­ýar. Kä­di­den dür­li ta­gam­lar taý­ýar­lan­ýan­dy­gy üçin, ol he­mi­şe iň geç­gin­li önüm­dir. Dün­ýä­de onuň ýüz­den gow­rak gör­nü­şi ös­dü­ri­lip ýe­tiş­di­ril­ýär. Bi­ziň ýur­du­myz­da kä­di­niň, esa­san, pa­law kä­di, bal kä­di we daş kä­di ýa­ly gör­nüş­le­ri has ýaý­ran­dyr. Kä­di­niň çi­gi­di hem sag­ly­ga peý­da­ly önüm­le­riň bi­ri­dir. Onuň di­ňe azyk­lyk gör­nüş­le­ri bol­man suw kä­di, sür­teç kä­di ýa­ly be­zeg we beý­le­ki mak­sat­lar üçin peý­da­la­nyl­ýan gör­nüş­le­ri hem bar. Ir­ki dö­wür­ler­de suw guý­mak üçin ula­ny­lan suw kä­di­le­ri hä­zir­ki wagt­da da­şy­na dür­li na­gyş­lar çe­ki­lip, sow­gat­lyk önüm­le­ri taý­ýar­la­mak­da peýdala­nyl­ýar. Ösüm­li­giň bir gör­nü­şi ha­sap­la­nýan sür­teç kä­di­le­riň hasyly gün­de­lik dur­muş­da iň ze­rur zat­la­ryň bi­ri­dir. Çyr­ma­şyp ös­ýän bu ösüm­li­ge Mü­sür hy­ýa­ry («Egyp­ti­an cucum­ber») ýa-da Wýet­nam sür­te­ji («Viet­na­me­se luf­fa») hem di­ýil­ýär. Ady­nyň Mü­sür bi­len bag­la­nyş­dy­ryl­ma­gy­nyň se­bä­bi ol ir­ki dö­wür­ler­den bä­ri Nil der­ýa­sy­nyň bo­ýun­da eki­lip­dir. Ýew­ro­pa­ly­lar hem bu ösüm­lik bi­len XVI asyr­da Mü­sür­de tan­şyp­dyr­lar. Tro­pik ho­wa­ly ýurt­lar­da we Or­ta Gün­do­gar ýurt­lar­da ös­ýän kä­di­le­riň kä­bir gör­nüş­le­ri­niň mi­we­si he­niz ter wag­ty bak­ja önü­mi hök­mün­de iýil­ýär. Adat­ça, onuň mi­we­si 30 sm-e çen­li ös­ýär. Owa­dan sa­ry gül­le­ri we dü­wen­den soň­ra sal­la­ny­şyp otu­ran mi­we­le­ri­niň owa­dan şe­ki­li se­bäp­li, be­zeg ösüm­li­gi hök­mün­de hem ekil­ýär. Mi­we­si bi­şen­soň ham­mam sür­te­ji we aş­ha­na sür­te­ji hök­mün­de giň­den peý­da­la­nyl­ýar. Onuň kä­bir gör­nüş­le­ri­niň çi­gi­di­niň ýa­gy iý­mit­lik ýag hök­mün­de peý­da­la­nyl­ýar. Bir­ýyl­lyk ösüm­lik çalt ýaý­ra­ýar, gü­neş­li ho­wa­ny we su­wy ha­la­ýar.
Ge­çi­ri­len bar­lag­la­ra gö­rä, sür­teç kä­di­ni ham­mam sür­te­ji hök­mün­de ulan­mak adam be­de­ni üçin peý­da­ly bo­lup, onuň de­ri­dä­ki öý­jük­le­riň tä­ze­len­me­gi­ne ýar­dam ed­ýän­di­gi anyk­la­nyp­dyr. Ol ga­zan-ta­bak­la­ry we aýyr­ma­gy has kyn bo­lan çyr-çyr­şak­la­ry aras­sa­la­mak­da hem has tä­sir­li­dir. Te­bi­gy sür­teç ga­byň ha­pa­sy­ny aýyr­ýar, em­ma ýü­zü­ni çyz­ma­ýar. Sür­teç kä­di­niň bir bö­le­ji­gi­ni sa­byn go­ýul­ýan ga­byň aşa­gy­na goý­sa­ňyz, el ýuw­lan­dan soň­ra sa­byn çalt gu­rar we ony uzak wagt­lap ula­nyp bo­lar. Bu ösüm­li­giň mi­we­si gaý­na­dy­lyp, owa­dan gap­la­ra gap­la­nyp, te­bi­gy sür­teç hök­mün­de sa­tyl­ýar.