Tebigatyň baýlyklaryny rejeli peýdalanmak, olaryň seýrek duşýan we ýeriň ýüzünden ýitip barýan görnüşleriniň ösýän meýdanyny giňeltmek, genetiki fonduny ýitirmän saklamak häzirki döwürde diňe bir halkyň ýa-da döwletiň öňünde durýan wezipe däl-de, eýsem, halkara wezipä öwrüldi.
Bu meselä ýyl geldigiçe has köp üns berilýär. Ylmy-tehniki ösüşiň netijesinde adamyň tebigata edýän täsiri has artýar. Şunda adamlaryň oýlanyşyksyz hojalyk işleri, ulagyň dürli görnüşleriniň, ylmy taýdan esaslandyrylmadyk dürli taslamalaryň durmuşa geçirilmeginiň üsti bilen amala aşyrylýar.
Tebigat özüne seresaply garalmagyny, onuň bilen edilýän gatnaşyklaryň saýgarylmagyny talap edýär. Daşky gurşaw bilen gatnaşykda tebigatyň şol aýrylmaz «serhetleriniň» bozulmazlygyny zerurlyga öwürýär. Tebigata janly organizm hökmünde garamak gerek. Bu jogapkärçilikli wezipe öz ene topragynyň, gözel tebigatynyň we onuň baýlyklarynyň gadyryny bilýän uludan-kiçä ähli adamlaryň mukaddes borjuna öwrüldi. Tebigaty we onuň gymmatly baýlyklaryny aýap saklamagy başarýan nesli terbiýelemek ata-eneleriň, çagalar baglarynyň terbiýeçileriniň, mekdep mugallymlarynyň paýyna düşýär. Adamyň öz ýaşaýan tebigatyna garaýşy we gatnaşygy onuň gylyk-häsiýetini kemala getirýär. Adamyň gylyk-häsiýeti bilen tebigata gatnaşygyny biri-birinden aýryp bolmaýar. Sebäbi bu terbiýeleriň biri beýlekisiniň üstüni ýetirip durýar. Her dürli reňkleri görmek, sesleri eşitmek ýaşlykdan başlanýar, şol görüp-eşiden zatlary hem çaganyň ömürlik ýadynda galýar. Şonuň üçin biz çaga heniz sallançakdaka her dürli owadan oýunjaklary görkezmäge çalyşýarys, hüwdüleýäris.
Dürli ösümlikleriň, haýwanlaryň şekilinden ýasalan oýunjaklar – guş, gurbaga, tomzak, gül, çaga kitaplarynda çekilen her dürli ösümliklerdir haýwanlaryň suratlary, seýil baglarynda duşýan her dürli mör-möjekler, güller, agaçlar, suwly çeşmeler, agaçlaryň güýzki altyn ýapraklary, gyşyň akja gary – şularyň hemmesi çaganyň tebigat we onuň janly dünýäsi bilen tanyşlygynyň ilkinji ädimi bolýar. Şol wagtda tebigaty öwrenmegiň we ony gorap saklamagyň ilkinji basgançagy başlanýar.
Çagany ýaşlykdan tebigat baýlyklaryna rehimli edip terbiýelemek üçin oňa söýgi döretmeli. Şu maksat bilen okuwçylary şäheriň, obanyň seýil baglaryna, şäheriň töweregindäki baýyrlara, çöllere, daglara, tebigatyň gözel ýerlerine gezelenje çykaryp, ýylyň ähli paslynda tebigatyň gözelligine höwes döretmeli. Baýyrlary, desgalary bezäp oturan gyzyl gülälekleriň, çigildemleriň, gök gülli jümjümeleriň, sary gülli otjagazlaryň diňe bir gözelligi bilen däl, eýsem, ýakymly yslary bilen hem adamlary özüne çekýändigini, ähli ösümlikleriň adam üçin peýdalydygyny olara gürrüň bermeli. Tomusda dag jülgelerinde bitýän ir-iýmişleri görkezmeli we bu ir-iýmişleri olaryň özlerine ýygnatmaly. Çaganyň özbaşdak tapan ýekeje kömelegi ýa-da bagdan ýolup alan ir-iýmişi olary terbiýelemekde dilden aýdylýan köp gürrüňlerden peýdaly bolýar. Okuwça gülleri suwartmak, olaryň ýapraklaryndaky tozanlary süpürtmek ýaly işleri mümkin boldugyça köpräk tabşyrmaly. Bularyň hemmesi çaganyň tebigat bilen gatnaşygyny jebisleşdirmekde, ösümlikleri, haýwanlary söýmeginde uly ähmiýete eýedir.
Okuwçylaryň gyzykly kitaplary köp okamagy olarda tebigata söýgi döretmegiň ýene bir zerur tarapydyr. Okuwçylar ýagşylyk we ýamanlyk diýen düşünjelere örän duýgur bolýarlar. Okaýan kitaplaryndaky oňat we ýaramaz häsiýetli gahrymanlar çagada düýpli täsir galdyrýar. Şonuň üçin okuwçylaryň çeper eserleri yzygiderli okamaklaryna gözegçilik edip, okan kitaplary hakynda pikir alyşmaly. Okuwçylar bilen haýsy-da bolsa bir ösümligi ösdürip ýetişdirenimizde şol işi özbaşdak ýerine ýetirmegi olaryň özüne ynanmaly. Şonda okuwçyda zähmete hem-de özüniň şol eken ösümligine söýgi döreýär. Çaga öz ideg edýän ösümligine hiç wagt kast etmeýär.
Isle sapakda, isle-de sapakdan daşary geçirilýän işlerde, tapawudy ýok, çagalara mekdepde tebigaty goramak boýunça berilýän terbiýe öýde ata-enesiniň berýän terbiýesi bilen sazlaşykly bolmalydyr we biri-biriniň üstüni dolduryp durmalydyr. Çaga ýaşlykdan tebigatyň baýlyklaryny bilse, onuň sahylygyny duýsa, diňe şonda onuň özi hem rehimdar, öz ata-enesine, dogan-garyndaşyna, dost-ýaryna, Watana mährem adam bolup ýetişer.
Ata-ene, mugallym diýlen belent atlaryň hatyrasyna öz ene topragymyzy, onuň baýlyklaryny gözüniň göreji ýaly aýap saklamagy başarýan, rehimdar nesilleri ösdürip ýetişdirmäge çalşalyň! Goý, biziň sahy tebigatymyzyň eçilýän baýlyklary öz nesillerimize abat galsyn!
Azat GYLYJOW,
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň
Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we
milli golýazmalar institutynyň uly ylmy işgäri.