Is­len­dik ösüm­lik we jan­dar te­bi­ga­tyň gö­zel­li­giniň art­ma­gy­na, onuň do­wam­ly­ly­gy­na öz go­şan­dy­ny goş­ýar­lar. Agaç­lar­dan we gy­rym­sy agaç­lar­dan eme­le ge­len to­kaý­lar Ýer ýü­zün­de ýa­şaý­şyň do­wam et­me­gi üçin örän äh­mi­ýet­li ha­sap­lan­ýar. To­kaý­lar ekoul­ga­myň do­wam­ly­ly­gy­na, te­bi­gat­da­ky su­wuň ka­da­ly bol­ma­gy­na hem ýar­dam ed­ýär­. To­kaý­lar­dan köp muk­dar­da kis­lo­rod ön­dür­ýär­ler. Bu bol­sa yga­lyň wag­tyn­da ýag­ma­gy­na se­bäp bol­ýar. Her za­dyň bel­li bir öm­rü­niň bol­şy ýa­ly to­kaý­lar­da­ky agaç­lar hem bir­nä­çe ýyl­dan gu­ra­ýar. Agaç­la­ryň bir­nä­çe asyr ýa­şa­ýa­ny hem ga­bat gel­ýär. Te­bi­gy to­kaý­lar­da ýa­şa­ýan jan­dar­lar gu­ran agaç­la­ryň ýe­ri­ne tä­ze­le­ri­niň ösüp çyk­mak­la­ry­na go­şant goş­ýar­lar. My­sal üçin, Azi­ýa pil­le­ri­niň de­pe­län ýaş na­hal­la­ry­nyň has çalt ös­ýän­di­gi anyk­lan­dy. Daş­de­şen­ler bol­sa gu­ran agaç­la­ry hö­würt­ge ýa­sa­mak, onuň ga­by­gy­nyň aşa­gyn­daky mör-mö­jek­le­ri iý­mek ýa-da agaç go­za­la­ry­ny kak­mak üçin deş­ýär­ler. Şeý­le bo­lan­soň gu­ran agaç gys­ga wagt­da çüý­räp, beý­le­ki ösüm­lik­ler üçin te­bi­gy dö­kün bo­lup hyz­mat ed­ýär. To­kaý­la­ryň ara­syn­da eme­le ge­len boş­luk­lar­da tä­ze ösüm­lik­le­riň peý­da bol­ma­gyna bel­ka­lar hem go­şant goş­ýar. Bel­ka­la­ryň ulu­ly-ki­çi­li bir­nä­çe gör­nü­şi bo­lup, olar, adat­ça, to­kaý­lar­da we ulu­rak se­ýil­gäh­ler­de ýa­şa­ýar­lar. Bu owa­dan­ja jandarlar wag­ty­nyň köp bö­le­gi­ni aga­jyň üs­tün­de ge­çir­ýär. Bu jan­dar­lar 10 ýy­la çen­li ýa­şa­ýarlar. Beý­le­ki kä­bir jan­dar­lar ýa­ly gyş uku­sy­na ýat­ma­ýan hem bol­sa­lar, gyş ga­zap­ly gel­se, uzak wagt­lap agaç kö­wek­le­rin­de uk­la­ýar­lar. Bel­ka­lar, adat­ça, iý­mit­len­mek we aw et­mek üçin gün­di­zi­ne da­şa­ry çyk­ýar­lar. Bel­ka ça­ga­sy­ny ki­çi wag­ty al­saň, ony el­de­ki­leş­di­rip hem bol­ýar. Bel­ka­lar Ýew­ro­pa­da, Azi­ýa ýurt­la­ry­nyň köp ýe­rin­de we Ame­ri­ka­da te­bi­gy ýag­daý­da ýa­şa­ýarlar. Bel­ka­lar agaç­la­ryň gu­ran şa­ha­la­ryn­da, daş­de­şe­niň de­şen kö­wek­le­rin­de öz­le­ri­ne öý­ja­gaz ýa­san­ýar­lar. Bel­ka­nyň öýü­niň ag­zy aşak­da bol­ýar. Ça­la­syn he­re­ket­le­ri bi­len ta­pa­wut­lan­ýan bu jan­dar­lar pür­li agaç­la­ryň to­hum­la­ry, ar­ça go­za­la­ry, to­kaý­da ýe­tiş­ýän ir-iý­miş­ler, kö­me­lek­ler, agaç ga­by­gy we mör-mö­jek­ler bi­len iý­mit­len­ýärler. Bel­ka­lar hoz, pis­se, go­za we to­hum ýa­ly iý­mit­le­ri top­lap, ola­ry beý­le­ki jan­dar­lar­dan buk­mak üçin ýe­re göm­ýär­ler. Hat­da ho­zy ýe­re göm­ýän wag­ty özü­ne se­re­dip du­ran baş­ga bir bel­ka­nyň ýok­du­gy­ny anyk­la­mak üçin daş-tö­we­re­gi­ni jyk­la­ýar­lar. To­hu­my gö­men­den soň­ra üs­tü­ni ýap­rak­lar we ot­lar bi­len ýa­pyş­dyr­ýar­lar. Bel­ka­lar bu to­hum­la­ry soň­ra özi iý­mek üçin göm­ýärler. Şeý­le-de bol­sa agaç­la­ryň bol ha­syl be­ren döw­rün­de gö­mü­len to­hum­la­ryň kö­pü­si­ni onuň özi hem tap­ma­ýar. Ýat­dan çy­kan bu to­hum­lar ýaz pas­ly ge­len­de gö­ge­rip çyk­ýar. Şol se­bäp­li dün­ýä­niň köp ýe­rin­de bel­ka­lar agaç­la­ry kö­pelt­mek üçin to­kaý­la­ra goý­be­ril­ýär.