Mäh­ri­ban çagalar, ýaz pas­ly­nyň be­ze­gi bo­lan aja­ýyp gül­le­ri ha­la­ma­ýan, me­ge­rem, ýok bol­sa ge­rek. Te­bi­ga­tyň gül-gü­lä­lek­le­re bes­le­nen ba­har pas­ly­nyň do­wam ed­ýän şu gün­le­rin­de owa­dan­ja bä­gü­liň şe­ki­li­ni ýa­sa­ma­gy öw­re­ne­liň! Bu kyn hem däl.
Ge­rek­li es­bap­lar:
8 sa­ny dört ta­ra­py deň bo­lan dört­burç­luk ka­gyz (is­län reň­ki­ňi­zi saý­lap bi­ler­si­ňiz), ýe­lim, gaý­çy we ga­lam.
Ýa­sa­ly­şy:
Il­ki bi­len dört­burç­luk ka­gy­zy üç­burç şe­ki­lin­de ep­le­me­li.
Soň­ra su­rat­da gör­ke­zi­li­şi ýa­ly edip, üç­burç ka­gyz­jy­gy­my­zyň iki gap­da­ly­ny or­ta­sy­na epin dü­şü­rip ep­le­me­li.
Soň­ra ka­gy­zy­my­zyň ýü­zü­ne gül­ja­ga­zyň ýap­ra­jy­gy­ny çek­me­li.
Çe­ki­len ýap­ra­jy­gy se­re­sap­lyk bi­len gyrk­ma­ly.
Gyr­ky­lan ýap­ra­jy­gyň ga­ty­ny aça­ny­myz­da gü­lüň şe­ki­li eme­le ge­ler.
Edil şo­lar ýa­ly edip ga­lan ka­gyz­la­ry­myz­dan hem şol şe­kil­ji­gi eme­le ge­tir­me­li.
Gül ýap­rak­la­ry­ny bi­ri-bi­ri bi­len ýe­lim­läp çyk­ma­ly. Ikin­ji ka­gy­zy­myzy hem ýe­ne bi­ri-bi­ri­ne gül şe­ki­li­ni eme­le ge­ti­rip ýe­lim­le­me­li.
Üçün­ji gül şe­ki­li­mi­ziň her gül ýap­ra­jyk­la­ry­nyň bir gap­da­ly­na gaý­çy ýa-da ga­lam bi­len tow be­rip, ters ta­ra­pyn­dan ýe­lim­läp çyk­ma­ly.
Ga­lan­la­ry­ny da­şyn­dan dür­li-dür­li ara­lyk­lar bi­len 5 ga­ty­ny bä­gü­liň ýap­rak­la­ry­nyň bol­şy ýa­ly gow­şag­rak edip aşa­ky bö­le­gin­den ýe­lim­le­me­li.
Ine, gül­ja­ga­zy­myz hem taý­yn bol­dy. Ony eje­ňi­ze ýa-da uýa­la­ry­ňy­za sow­gat edip bi­ler­si­ňiz!

Aý­şi­rin ALY­ÝE­WA,
Hal­ka­ra yn­san­per­wer ylym­la­ry we ösüş uni­wer­si­te­ti­niň ta­ly­by.