Te­bi­ga­ty öw­re­ni­ji­ler Gü­nor­ta Af­ri­ka­da te­bi­gy şert­ler­de ýa­şa­ýan ýol­bars­la­ry ýa­kyn­dan syn­la­dy­lar. To­par bo­lup ýa­şa­ýan bu jan­dar­la­ryň öz ara­la­ryn­da pal­la­mak ar­ka­ly ha­bar­laş­ýan­dyk­la­ry ýü­ze çy­ka­ryl­dy. Ita­li­ýa­nyň Pi­zan uni­wer­si­te­ti­niň hü­när­men­le­ri­niň ge­çi­ren bar­la­gyn­da bu ýyr­ty­jy jan­dar­la­ryň pal­la­ma­gy­nyň ma­ny­sy­nyň bar­dy­gy anyk­lan­dy. Bäş aý­lap do­wam eden bar­la­g­da ýol­bar­syň he­re­ke­te geç­me­li wag­ty ge­len­de, mu­ny bir-bir­le­ri­ne pal­la­mak ar­ka­ly duý­dur­ýan­dy­gy ýü­ze çy­ka­ryl­dy. Gör­lüp otu­ryl­sa, adam­la­ryň ara­syn­da «ýo­kanç» ha­sap­lan­ýan pal­la­mak he­re­ke­ti ýol­bars­lar üçin awa ça­gy­ryş ha­sap­lan­ýan eken. Şeý­le hem bu he­re­ket di­ňe iý­mit göz­le­mek däl, eý­sem, how­pa gar­şy hüş­gär bol­mak üçin öz ara­la­ryn­da je­bis­li­gi hem art­dyr­ma­ga ýar­dam ed­ýär. Bu ba­ra­da ge­çi­ri­len yl­my ma­ka­la «Ani­mal Be­havior» at­ly žur­nal­da ne­şir edil­di.
Ma­ka­la­nyň aw­tor­la­ry­nyň bi­ri Eli­sa­bet­ta Pa­la­gi ýol­bars­la­ryň örän ag­zy­bir­lik­de he­re­ket ed­ýän­di­gi­ni bel­le­ýär. Pa­la­gi «Bu jan­dar­lar aw et­mek we ça­ga­la­ra se­ret­mek ýa­ly iş­le­ri öz ara­la­ryn­da paý­laş­ýar­lar. Şol se­bäp­li sü­rü­dä­ki beý­le­ki ag­za­nyň ha­çan, nä­me ed­ýän­di­gin­den ha­bar­ly bol­ýar­lar. Pal­la­mak bol­sa mu­ňa ýar­dam ed­ýär» – di­ýip bel­le­ýär.