Hä­zir­ki­za­man dün­ýä­sinde dil öw­ren­me­giň äh­mi­ýe­ti bar­ha art­ýar. Köp adam ikin­ji da­şa­ry ýurt di­li­ni öw­ren­ýär. Eý­sem, dil öw­ren­mek üçin iň amat­ly ýaş haý­sy­ka?
Is­len­dik tä­ze za­dy, şol san­da dil öw­ren­me­giň hem ýa­şy ýok. Is­len­dik ýaş­da tä­ze bir dil öw­ren­mä­ge baş­lap bi­ler­si­ňiz! Em­ma nä­çe ir baş­lan­sa, şon­ça-da go­wy ha­sap­lan­ýar. Hat­da mek­dep ýa­şy­na ýet­me­dik, ene di­li­ni hem ýe­ter­lik de­re­je­de bil­me­ýän ça­ga­lar hem dil öw­re­nip bi­ler­ler. Esa­sy zat, ýa­şy­ňa gö­rä usul­dan peý­da­la­nyl­ma­ly­dyr. My­sal üçin, en­tek okap bil­me­ýän ça­ga gör­ýän za­dy­nyň iň­lis­çe­si­ni öw­re­dip bo­lar. Bu usul is­len­dik ýaş­da hem peý­da­ly usul­la­ryň bi­ri­dir. Gün­de­lik dur­muş­da gör­ýän za­dy­ňy­zyň da­şa­ry ýurt dil­dä­ki­si­ni söz­lük­den gö­rüp, öw­re­nip bi­ler­si­ňiz. Ýa­şy­ňy­za gö­rä, mult­film ýa-da film hem gö­rüp bi­ler­si­ňiz.
Ene di­li­ňiz­de tä­ze öw­re­nen sö­zü­ňi­ziň hem da­şa­ry ýurt dil­dä­ki­si­ni şo­ba­da öw­ren­mek tä­sir­li usul­la­ryň bi­ri­dir.
Öw­re­ni­len söz­le­ri bir­nä­çe ge­zek gaý­ta­la­mak hem ýat­da ga­ly­jy bol­ýar. Se­bä­bi, ça­ga ene di­li­ni öw­re­nen­de gaý­ta-gaý­ta eşit­mek ar­ka­ly şol sö­züň ma­ny­sy­na düşün­ýär.
Dil öw­ren­me­giň has gy­zyk­ly bol­ma­gy üçin do­gan­la­ry­ňyz ýa-da deň-duş­la­ry­ňyz bi­len dür­li oýun­la­ry oý­nap bi­ler­si­ňiz. Mu­nuň üçin il­ki oýun­jak­la­ry­ňy­zyň at­la­ry­ny öw­re­niň – aýy­jyk, tow­şan­jyk, ma­şyn, uçar. Soň­ra bi­ri beý­le­ki ça­ga­dan oýun­ja­gyň iň­lis­çe­si­ni aý­dyp, ony tap­ma­gy­ny so­ra­syn. Bu oý­ny öý­de ýa-da da­şar­da wag­ty­ňyz daş-tö­we­re­gi­ňiz­de gör­ýän zat­la­ry­ňy­zy so­ra­mak ar­ka­ly hem oý­nap bi­ler­si­ňiz.
Öw­ren­mek is­le­ýän di­liň gep­le­şil­ýän ýe­rin­de bol­mak hem dil öw­ren­me­gi aň­sat­laş­dyr­ýar. My­sal üçin, da­şa­ry ýurt di­lin­de bi­lim ber­ýän mek­de­be ba­ran ça­ga şol di­li özün­den ir öw­re­nip baş­lan deň-du­şun­dan gys­ga wagt­da oz­du­ryp bil­ýär.

Gül­je­mal KA­KY­ŞO­WA,
TGM-niň Alp Ars­lan adyn­da­ky 2-nji Ýö­ri­te­leş­di­ri­len har­by mek­de­bi­niň mu­gal­ly­my.