Ýag­şy sö­ze gu­lak goý, ýa­man sö­ze – du­zak

«Söz» ada­my dog­ry ýa-da ýal­ňyş ýol­la­ra ug­ruk­dy­ryp bil­ýän yla­hy güýç­dür. Bu na­kyl­da «söz» diý­lip ýe­ke­je söz däl-de, gi­den bir gür­rüň göz öňün­de tu­tul­ýar. Na­kyl­da ýag­şy söz ýa­man sö­zü­ne, gu­lak goý­mak du­zak gur­ma­ga gar­şy­lyk­ly ma­ny­da ge­ti­ril­ýär. «Ýag­şy söz» ata-ba­ba­la­ry­my­zyň paý­has ele­gin­den ele­nip, dur­mu­şy tej­ri­be­ler­den ge­çen, öwüt-ne­si­hat be­ri­ji, dog­ry ýol gör­ke­zi­ji jüm­le­ler­dir. «Gu­lak goý­mak» di­ýen dur­nuk­ly söz dü­zü­mi­niň iki ma­ny­sy bo­lup: 1) diň­le­mek. 2) bi­ri­niň di­ýe­ni­ni et­mek, mas­la­ha­ty­ny al­mak. Şeý­le­lik­de, na­ky­lyň bi­rin­ji bö­le­gi­ni jem­lä­ni­miz­de, ulu­lar ta­ra­pyn­dan ro­wa­ýat­lar­dyr wa­ka­la­ryň üs­ti bi­len be­ril­ýän öwüt-ne­si­hat­la­ry diň­läp, olar­dan ne­ti­je çy­kar­mak­dyr.
«Ýa­man söz» hi­le, al­daw­la­ryň aňyr­syn­da giz­le­nen, ada­my ha­la­nyl­ma­ýan en­dik­le­re, iş­le­re ug­ruk­dy­ryp bil­ýän söz­ler top­lu­my­dyr. Ýa­man sö­züň düý­bün­de tu­tar­lyk­ly de­lil­le­riň ýok­du­gy se­bäp­li, ada­ma tä­si­ri hem wagt­la­ýyn­dyr. Du­zak gur­mak – ha­ky­kat­da gör­ýän du­za­gy­myz däl-de, adam beý­ni­sin­de bo­lup geç­ýän, akyl ta­ra­pyn­dan ýa­lan­la­ra, nä­dog­ry mag­lu­mat­la­ra gar­şy gu­rul­ýan du­zak­dyr. Ha­çan-da adam ýag­şy söz­ler­den, öwüt-ün­dew­ler­den ýe­ter­lik de­re­je­si­ni alan bol­sa, ýa­man söz­ler­den, hi­le-al­daw­lar­dan aň­sat­lyk bi­len ge­çip bi­ler.
Na­ky­lyň umu­my ma­ny­sy­ny jem­lä­ni­miz­de, aý­dyl­ýan gür­rüň­le­riň, be­ril­ýän mag­lu­mat­la­ryň äh­li­si­ni bol­şy ýa­ly ka­bul et­me­li däl­di­gi, go­wu­la­ry­ny alyp, er­be­din­den ga­ça dur­ma­ly­dy­gy be­ýan edil­ýär.