Aşgabat şäheri eziz Watanymyzyň ykbalyny kesgitlän möhüm senetçilik we söwda ýollarynyň çatrygynda, gözel Köpetdagyň eteginde ýerleşip, gadymyýetden häzirki wagta çenli täzeçillikleriň, öňdebaryjy pikirleriň giňden durmuşa ornaşdyrylýan sebitleriniň biri bolupdyr. Bu günki günde hem paýtagt şäheriň at-owazasy tutuş dünýäde ylalaşdyryjy merkez, dünýä ýurtlarynyň we halklarynyň ykbalyna dahylly bolan parahatçylyksöýüjilik pikirleriniň gözbaş alýan ýeri hökmünde giňden tanalýar.
Aşgabat ösen senagatlaşan şäher bolmak bilen, durnukly ösüşiň, howpsuzlygyň we gaýtalanmajak gözelligiň özboluşly nyşany hökmünde ykrar edilýär. Şunlukda, Aşgabat şäheri Türkmenistanyň syýasy, durmuş-ykdysady, ylmy, tehnologik ösüşiň we innowasiýalaryň merkezi, döwletimiziň baş bilim we medeni merkezi bolup durýar.
Paýtagtymyz Aşgabat bu günki günde döwrebap ösüşiň milli nusgasyna öwrüldi. Durmuşa geçirilen gurluşyklaryň, täzeçil başlangyçlaryň netijesinde şäheriň görki, binagärlik keşbi düýpgöter özgerdi. Aşgabat özüniň arassalygy, suw çüwdürimleriniň ajaýyp sazlaşygy bilen görenleri bendi edýär.
2013-nji ýylyň 25-nji maýynda Aşgabat ak mermerli binalaryň has köp jemlenen şäheri hökmünde Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna girizildi. Şunuň bilen baglylykda, her ýylyň 25-nji maýy – Aşgabat şäheriniň güni hökmünde ýurdumyzda dabaraly baýramçylyk çäreleri giňden bellenilýär.
Bu günki günde Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna «Dünýäniň iň belent flagştogy», «Oguzhan» suw çüwdürimler toplumy, «Älem» medeni-dynç alyş merkezi, «Türkmenistan» teleradioýaýlymlar merkezi binagärlik aýratynlygy bilen iki tarapy ýörite aýna bilen örtülen Oguz hanyň ýyldyzy, şonuň ýaly-da Aşgabadyň Halkara howa menziliniň esasy ýolagçy terminalynda ýerleşdirilen gölüň şekili, Aşgabadyň Olimpiýa stadionynyň münberindäki ahalteke bedewiniň çeper keşbi hem-de Sportuň suw görnüşleri boýunça merkezi girizilendir.
Häzirki wagtda Türkmenistanyň Hökümetiniň we ÝUNESKO-nyň arasynda 2021-2023-nji ýyllar üçin Hereketleriň täze meýilnamasy işlenilip düzüldi. Bu resminamanyň taslamasy tarapyndan medeniýet, ylym-bilim ulgamyndaky ähmiýetli meseleler bilen bir hatarda, Aşgabat şäherini «Dizaýn» döredijilik ulgamy boýunça ÝUNESKO-nyň Şäherleriň döredijilik toruna girizmek boýunça hödürnamany taýýarlamak işleri dowam edýär.
19-njy maýda bolsa Medeniýet ministrliginde ÝUNESKO-nyň ýanyndaky hemişelik wekiliniň gatnaşmagynda Aşgabady «Dizaýn» ugry babatda BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) döredijilik şäherleriniň toruna goşmak boýunça iş wideomaslahaty geçirildi. Maslahatyň barşynda Aşgabady ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň toruna goşmak bilen bagly meseleler, bu ugurda ýetilen sepgitler we meýilleşdirilýän geljekki işler ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem bu toruň medeniýete we durmuşy integrirlemäge maýa goýum goýmaga taýýar şäherleriň arasynda hyzmatdaşlyk babatda uzak möhletleýin maksatnamany işläp düzmek meselesi barada pikir alşyldy.
ÝUNESKO-nyň Şäherleriň döredijilik tory 2004-nji ýylda döredilen özboluşly taslama bolup, dünýäniň şäherleriniň durnukly we inklýuziw ösüşiniň ähmiýetli şerti hökmünde innowasiýalaryň we döredijilik aýratynlyklarynyň hemmetaraplaýyn ösdürilmegine itergi bermäge gönükdirilendir. Bu bolsa döwletimiziň daşary syýasy ulgamynda abraýly halkara guramalary, şol sanda BMG we onuň ýöriteleşdirilen düzümleri, hususan-da ÝUNESKO bilen netijeli özara gatnaşyklarynyň barha ýygjamlaşdyrylýandygynyň subutnamasydyr.
ÝUNESKO-nyň Şäherleriň döredijilik tory amaly-haşam we halk sungaty, dizaýn, kinematografiýa, gastronomiýa, edebiýat, media sungaty we saz ýaly tematiki ulgamlar boýunça şäherleriň döredijilik mümkinçilikleriniň hemmetaraplaýyn açylyp görkezilmegini we dünýä jemgyýetçiligine köpugurly nukdaýnazarlardan şöhlelendirilmegini maksat edinýändir.
Umuman, Aşgabat şäheri Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň iri syýasy-dolandyryş, söwda, medeni we ylmy merkezi bolup durýar. Hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen gözel paýtagtymyzy abadanlaşdyrmak we onuň hukuk binýadyny berkitmek ugrunda amala aşyrylýan çäreler, halkymyzyň abadan durmuşda ýaşamagy, yhlasly hem döredijilikli zähmet çekmegi, medeniýetli dynç almagy üçin ähli mümkinçilikleriň döredilýändigini tassyklaýar.
Tyllagözel Garlyýewa,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk
uniwersitetiniň talyby.