To­mus pas­lyn­da as­man köp­lenç açyk bol­ýar. Gi­je­si­ne as­ma­na se­re­de­niň­de ýüz­ler­çe ýyl­dy­za gö­züň düş­ýär. Bu­lut­syz gi­je­de as­ma­na se­re­dip gör­dü­ňiz­mi? Üns be­ren bol­sa­ňyz, ýyl­dyz­la­ryň «ýa­nyp-sön­ýän­di­gi­ni» gö­ren­si­ňiz. On­lar­ça ýyl­dy­zyň ha­ma­la öçüp ýan­ýan çy­ra­lar ýa­ly bo­lup gö­rün­me­gi aý­ra­tyn gö­zel­li­gi eme­le ge­tir­ýär. Eý­sem, bu ýag­daý nä­hi­li bol­ýar­ka?!
Ýer ýü­zi gün­di­zi­ne Gün şöh­le­si­niň düş­me­gi ne­ti­je­sin­de gyz­ýar. Gi­je­si­ne bol­sa Ýe­re si­ňen ýy­ly­lyk ho­wa­nyň sal­kyn­la­ma­gy bi­len da­şy­na çyk­ýar. Ýe­riň ýü­zün­den ýo­ka­ryk gal­ýan ýy­ly ho­wa sal­kyn ho­wa bi­len bir­leş­ýär. Bu at­mos­fe­ra­da edil su­wuň gaý­naý­şy ýa­ly ýag­da­ýy eme­le ge­tir­ýär. Ýe­re ta­rap gel­ýän ýyl­dyz şöh­le­si şol «gaý­na­ýan» ho­wa­nyň için­den geç­ýär we gaz mo­le­ku­la­la­ry bi­len bi­ri­gip, dö­wül­ýär. Ine, şu ýag­daý ýyl­dy­zy ha­ma­la tit­re­ýän ýa­ly edip gör­kez­ýär. Şöh­le­ler ho­wa­dan ge­çen­le­rin­de ug­ru­ny üýt­ged­ýär we gaý­ta­dan bi­rig­ýär. Bu ola­ryň has ýag­ty gö­rün­me­gi­ne se­bäp bol­ýar. Yz­ýa­ny bol­sa şöh­le­ler pyt­ra­ýar. Bu-da ola­ryň ga­ral­ma­gy­na se­bäp bol­ýar. Ne­ti­je­de, ýa­nyp-sön­ýän ýa­ly bo­lup gö­rün­ýär.
Ýyl­dyz­lar go­ri­zont çy­zy­gy­na ýa­kyn wag­ty has köp ýa­nyp-sön­ýär. Gü­nüň we ýyl­dy­zyň ak şöh­le­le­ri bol­ýar. Ak şöh­lä­niň için­de beý­le­ki reňk­li şöh­le­ler hem bol­ýar. Bu reňk­ler şöh­lä­niň tol­kun uzyn­ly­gy­na bag­ly eme­le gel­ýär. At­mos­fe­ra­da he­re­ket ed­ýän wag­ty ýyl­dy­zyň dür­li reňk­li tol­kun uzyn­ly­gyn­da­ky reňk­le­ri­niň her­si baş­ga­ça dö­wül­ýär. Şeý­le­lik­de, ýyl­dy­zyň bi­ze älem­go­şar­da­ky haý­sy­dyr bir reňk­de gö­rün­me­gi müm­kin. Ýag­ny ýyl­dy­zyň öçüg­si sa­ry, ýa­şyl, gy­zyl, mä­mi­şi, gök we be­new­şe reňk­de gö­rün­me­gi müm­kin.
Jem­läp aý­da­ny­myz­da, ýyl­dy­zyň şöh­le­le­ri­niň at­mos­fe­ra­dan ge­çen­le­rin­de yr­gyl­dap, ne­ti­je­de bi­ze «gö­zü­ni gyrp­ýan» ýa­ly bo­lup gö­rün­me­gi müm­kin.

Ýyldyzlar barada maglumatlar
Astronomlar ýyl­dyz ha­sap­lan­ýan Gü­nüň 4600 mil­li­on ýyl ozal eme­le ge­len­di­gi­ni çak­la­ýar­lar.
Gi­je­si­ne as­ma­na se­re­de­ni­miz­de gö­rün­ýän ýyl­dyz­la­ryň äh­li­si bi­ziň ýa­şa­ýan Ak­ma­ýa­nyň ýo­ly ga­lak­ti­ka­myz­da ýer­leş­ýär.
Äh­li ýyl­dyz­lar wo­do­rod­dan we ge­li­den eme­le ge­len.
Pla­ne­ta sö­zi ga­dy­my grek­çe­dä­ki «as­te­res pla­ne­tai» sö­zün­den ge­lip çyk­ýar. Bu söz «gö­çeg­çi ýyl­dyz» diý­me­gi aň­lad­ýar. Grek ast­ro­nom­la­ry bu adal­ga­ny di­ňe pla­ne­ta­lar üçin däl, eý­sem, Aý, beý­le­ki pla­ne­ta­la­ryň hem­ra­la­ry we as­te­ro­id­ler ýa­ly äh­li as­man ji­si­mi üçin ula­nyp­dyr­lar.
En­ni Kamp Ken­non at­ly ze­nan ast­ro­nom öm­rü­niň do­wa­myn­da 350 müň ýyl­dy­zy ha­sa­ba alyp, ola­ry to­pa­ra böl­di. Ame­ri­kan ast­ro­no­my bu ugur­da re­kor­dyň eýe­si­dir.
Kä­ma­hal gi­je­si­ne as­man­da yşy­gyň ga­ýyp gi­den­di­gi­ni gör­ýä­ris. Halk ara­syn­da oňa «ýyl­dyz süýn­di» di­ýil­ýär. Bu te­bi­gy ha­dy­sa as­lyn­da me­teo­rit­le­riň at­mos­fe­ra gi­rip, ýan­ma­gy ne­ti­je­sin­de ýü­ze çyk­ýan ýag­ty­lyk­dan yba­rat­dyr.