Häzirki wagtda ýelimli lentalar gündelik durmuşda köp ulanylýan serişdeleriň biridir. Ilkinji ýelimli baglar 1670-nji ýyllarda peýda bolýar. Şol döwürler saz gurallaryny öndürýän ussalar saz guralynyň böleklerini bir-birine berkitmek üçin ýelimli kagyzlary döredipdirler. Geçen asyryň başlarynda lukmanlar näsaglaryň döwlen synalary üçin gipsleri we ýelimli baglary oýlap tapypdyrlar. Häzirki wagtdaky ýaly ýelimli lentalar 1930-njy ýylda peýda boldy.
1920-nji ýyllarda azyk önümlerini gaýtadan işleýän kärhanalar we söwda merkezleri harytlaryny gaplamak üçin sellofan (sellýulozadan edilen çyg geçirmeýän ýuka we çeýe plýonka) ulanyp başlaýarlar. Bu kagyzlar çyg geçirmeýän hem bolsa azyk harydy salnan kagyzyň birigýän ýerinden suw geçip bilýärdi. Şol sebäpli sellofana gaplanan harydy ykjam ýapmak üçin täze usul gerek bolýar. Kompaniýalar bu meseläni çözmek üçin amerikan inženeri Riçard Drýuwdan (1899-1980) kömek soraýarlar. Bu ugurda bir ýyldan gowrak zähmet çeken Drýuw we onuň ýolbaşçylyk edýän topary dört gatlakly sellýuloza lentany oýlap tapýar. Bu lenta ýelimden, ýelimi sellýulozada saklamak üçin içlikden, sellýulozadan we daşky gatlakdan ybarat bolupdyr. Bu oýlap tapyşyň yzysüre sellofany gyzdyryp ýapyşdyrýan usul hem oýlanyp tapylýar.
Drýuwyň oýlap tapan lentasy wagtyň geçmegi bilen beýleki materiallardan ýasalan gaplary, bukjalary berkitmek üçin hem ulanylyp başlanýar. Oýlanyp tapylan serişdäniň şeýle häsiýetiniň bardygy sebäpli ol diňe kärhanalarda däl, eýsem, gündelik durmuşda hem ulanylyp başlanýar. Drýuw öz oýlap tapyşynyň beýle derejede ýaýramagyna garaşmandyr. Soňky ýyllarda dürli ululykdaky ýelimli lentalaryň reňksiz görnüşleriniň hem döredilmegi bilen onuň ulanylyşy has-da artýar.
Halk arasynda «skoç» diýilmeginiň sebäbi bolsa, bu harydyň ilkibaşda «Scotch» atly çykarylmagy bilen baglydyr. Riçard Drýuwyň zähmet çeken 3M atly kompaniýasy şeýle at bilen ýelimli lentalary öndürýär.