90-njy ýyllardan bäri meşhurlygynyň artmagy bilen internet häzirki wagtda dünýäde iň zerur zerurlyklaryň birine öwrüldi. Dürli maksatlar üçin ulanýan internet, esasan hem, ýakynlarymyz bilen aragatnaşyk saklamagymyza, aýdym-saz diňlemegimize, sanly bilim almagymyza, film görmegimize 2000-nji ýyllardan bäri has-da aňsatlaşdyrdy. Şol sebäpli dünýäniň hemme ýerinde diýen ýaly adamlar bu hyzmatdan giňden peýdalanýar. Şeýle-de bolsa, dünýäniň 8 milliarda golaý ilatynyň 2,9 milliardy internetden peýdalanyp görmändir. Bu barada Birleşen Milletler Guramasyna degişli Halkara Telekommunikasiýa Bileleşigi (ITU) dünýäde internet ulanylyşy baradaky maglumatlary paýlaşdy. Hasabata görä, dünýäniň 39%-i şu wagta çenli hiç wagt interneti ulanmandyr. COVID-19 epidemiýasy bolsa, internet ulanylyşyny ep-esli artdyrypdyr. 2019-njy ýylda 4,1 milliard bolan internet ulanyjylarynyň sany 2021-nji ýylda 4,9 milliard boldy. 2,9 milliard adamyň hiç haçan internete birikmeýändigini, galan 4,9 milliard adamyň interneti ýygy-ýygydan ulanmaýandygyny we birikdiriş tizliginiň pesdigi hasabatda mälim edildi.