Pasyllar Ýeriň Günüň daşyndan aýlanmagy bilen emele gelýär. Bu aýlawyň netijesinde howanyň temperaturasy ýylyň dowamynda üýtgäp durýar. Ýeriň öz orbitasynda ýerleşişi dik däl-de, birneme egik bolmagy pasyllaryň döremegine getirýär. Pasyllaryň biri-birinden tapawudy, esasan, howa bilen bagly bolýar. Şeýle-de bolsa, pasyllar Ýeriň günorta ýarym şarynda hem-de demirgazyk ýarym şarynda başgaça bolýar. Ýeriň demirgazyk bölegi mart aýyndan sentýabr aýyna çenli Güne bakyp durýar. Ýagny bu döwürde Gün şöhlesi planetamyza has dik düşýär. Şol sebäpli howa maýyl ýa-da yssy bolýar.
Günorta ýarym şarda bolsa, bu ýagdaýyň tersi bolýar. Ýagny, ekwatoryň günorta böleginde howa sentýabrdan marta çenli ýyly bolýar. Demirgazyk ýarym şarda gyş pasly başlan wagty günortada tomus başlaýar. Edil şolar ýaly, birinde güýz pasly başlanda, beýlekisinde bahar pasly bolýar.
Halk arasynda «ýere ýyly gitdi» diýen söz bar. Bu söze ylmy taýdan seredilende hakykata gabat gelýär. Ýazyň gelmegi bilen Gün şöhlesi Ýere gidip, ony gyzdyrýar. Iki aý çemesi wagt geçenden soňra howa has gyzýar. Bu ýagdaý wagtyň geçmegi bilen topragyň gyzmagy netijesinde bolýar. Ýylyň iň yssy günleri 21-nji iýundan soňra başlanýar. Bu döwre çenli toprak Gün şöhlesini özüne mazaly siňdirip, howanyň adatdakydan köp gyzmagyna sebäp bolýar.
Howa we toprak bilen bagly bu ýagdaý tebigy gözellikleriň ýüze çykmagyna, tokaýlarda, öri meýdanlarynda müňlerçe ösümligiň ösmegine, medeni ösümliklerden bol hasyl alynmagyna şert döredýär. Gök-bakja we beýleki ekinleriň hasyly şu döwürde alnyp başlanýar. Gün şöhlesindäki D witamini hem adam saglygyna oňyn täsir edýär.