• Şweýsariýanyň Ženewa şäheriniň merkezindäki kaştan agajynda ilkinji pyntyk çykanynda baharyň gelendigi hasap edilýär. Bu ýörgünli däp 1818-nji ýyldan bäri dowam edip gelýär. Bu şäherde baharyň iň ir gelen döwri 3-nji ýanwarda hasaba alnyp, bu ýagdaý 1991-nji ýylda bolup geçdi.
  • Alymlar ýylyň beýleki döwürlerine seredende ýazda çagalaryň has-da çalt ösýändigini tassyklaýarlar. Olar bu ýagdaýy ýazyň gelmegi bilen Gün şöhlesiniň köpelýändigi we çaga bedeninde D witamininiň işjeň emele gelmegi bilen düşündirýärler.
  • Demirgazyk ýarym şarda ýazyň başlanýan wagty astronomiki wagt hökmünde 21-nji martda bolup, şol senede gije-gündiz deňleşýär. Emma günorta ýarym şarda tersine 22-23-nji sentýabrda baharyň ilkinji günleri başlanýar.
  • Ýaz paslynda adamyň dem alşy ep-esli derejede ýokarlanýar, çünki uzak gyş aýlarynda bedeniň kislorod bilen üpjünçiligi peselip, howanyň maýlamagy bilen deňagramlylyk dikelip, artýar.
  • Ýaponlar üçin bahar elbetde owadan sakura agaçlarynyň güllemegidir. Ýurduň çägindäki bu agaçlar ýazyň gelmegi bilen owadan gülgüne güller bilen örtülýär.
  • Deňizdir ummanlarda emele gelýän güýçli ýeller ýazda has köp öwüsýär.
  • Ösümlikleriň kökleri ýazyň gelmegi bilen toprakdaky ýylylygy duýup, eýýäm 5-7 dereje ýylylykda ösüp başlaýar.

Leýli Orazmuhammedowa,

Halkara Ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyby