Awakado (“Persea amehcana”) hemişe ýaşyl öwüsýän agaç bolup, Lawrlar maşgalasyna degişlidir. Adam saglygyna köp peýdasy bolan bu miwe Panamada örän meşhur hasaplanýar. Bu miwäniň dörän ýeri Günorta Meksika hem-de Merkezi Amerika hasaplanýar. Bu ýerde awakadolar miladydan öňki VIII müňýyllykda ýaýrap başlaýar we XVII asyrdan başlap, dünýäniň beýleki ýerlerine ýaýraýar. Tropiki we subtropiki sebitlerde ýetişýän hem bolsa, bu miwe dünýäniň başga ýerlerinde ýyladyşhanalarda hem ösdürilip ýetişdirilýär. Bu üýtgeşik ösümligiň ady aztek (Meksikanyň iň uly ýerli ilaty) dilinden gelip çykyp, “ýumurtgajyk “diýmegi aňladypdyr. Awakado agajynyň beýikligi 18 metre, ýumurtga şekilli ýapraklarynyň uzynlygy bolsa 10-20 santimetre barabar bolýar. Bu agajyň miweleri armyt, şar ýa-da ýumurtga şekilli bolup, uzynlygy 5-10 santimetre, miwesiniň ortaça agramy 0,5 kilogram töweregi bolýar. Awakadonyň has uly miwesiniň agramy 2 kilograma çenli ýetip bilýär. Bu miwäniň goýy ýaşyl reňkli gabygy gaty bolýar. Awakadonyň bişmedik miweleri iýmit siňdiriş ulgamyna ýaramaz täsir edip, güýçli allergik täsiri ýüze çykarýar. Miwäniň bişip bişmändigini barlamak üçin çalaja basyp görmeli. Miwäniň gabygy barmaklaryň aşagyna siňip, soňra öňki görnüşini ýuwaş-ýuwaşdan dikelýän bolsa, bu miwäniň iýmäge ýaramlydygyny aňladýar.
Häzirki wagtda awakadonyň 600-den gowrak görnüşi ösdürilip ýetişdirilýär. Bu täsin miwe ysgynsyzlygy ýeňmäge oňaýly täsirini ýetirýär. Awakado, esasan hem, ýürek-damar keselleri bolan adamlar, nerw we iýmit siňdiriş ulgamlarynyň bozulmalaryndan ejir çekýän adamlar üçin örän peýdalydyr. Bu miwe ýady gowulaşdyrýar, metabolitik proseslerde möhüm rol oýnaýar we ösüşe goldaw berýär. Awakado dünýäde iň gymmat miweleriň biri hasaplanýar. Bu miwäniň düzüminde adam bedeni tarapyndan gowy özleşdirilýän ýaglaryň 25-35%-e golaýy saklanýandyr. Bu miwede A, B, C, E ýaly köp sanly witaminler bolup, natriý, fosfor, demir, kalsiý ýaly adam bedeni üçin zerur we peýdaly elementleri özünde saklaýar.
Ruhsara Jumageldiýewa, Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby