Guşlary ýüzlerçe görnüşi bolup, olaryň uçuş aýratynlyklary dürli-dürlüdir. Käbir guşlar uzak aralyga birnäçe günläp uçýan bolsa, käbiri hiç hili uçup bilmeýär. Ganatlary uly, iri guşlar bolsa, birnäçe minutlap, ganat kakman, howa akymyndan peýdalanyp howada durýar. Kiçidigine garamazdan, has uzak aralyga ýadaman uçup bilýän guşlar hem az däl.
Alymlar bu jandarlaryň nähili uçýandygyny bilmek üçin ilki guşlaryň fiziki gurluşyny öwrenipdirler. XVII asyrda ýaşap geçen şweýsariýaly Daniil Bernulli bu barada köp açyş edipdir. Onuň guşlaryň hereketini nazarda tutup, ýüze çykaran ýörelgeleri soňky ýyllarda döredilen uçarlaryň taýýarlanmagyna uly goşant goşupdyr. Alym howanyň basyşynyň guşlaryň uçuşyna täsirini subut edipdir we basyş bilen bu jandaryň ganatynyň hereketiniň arasyndaky gatnaşygy düşündiripdir: “Guş ganatynyň üstündäki howa akymy ýokardan aşaklygyna basyşy emele getirýär. Bu basyş ganatyň aşagyndaky ýuwaş hereket edýän howa akymyny emele getirýän basyşdan pesdir”. Bu bolsa, guşlaryň howada ýokary göterilmegine sebäp bolýan esasy ýörelge hasaplanýar.
Howa basyşy bilen guşlaryň arasyndaky gatnaşykda howanyň has çalt hereket etmegini ganatlar üpjün edýär. Ganatyň fiziki gurluşy we şekili sebäpli ýokarda hereket edýän howa has köp “ýol geçmeli bolýar”. Şol sebäpli howa ganatyň üstünden geçeninde, tizligini artdyrýar we bu ýagdaý ganatyň ýokarsyndaky hem-de aşagyndaky howa akymynyň basyşynyň tapawutly bolmagyna sebäp bolýar.
Bular bilen bir hatarda, howanyň aşakdan we ýokardan hereketlenmegi üçin ganatlaryň hem hereket etmegi zerurdyr. Guşlaryň döşünde ganat kakmaga mümkinçilik berýän güýçli muskullar bar. Olar howada ýokary göterilmek hem-de öňe hereket etmek üçin bedeni öňe iterýärler. O diýen çalasyn bolmadyk guşlar bolsa, uçmazdan öňürti biraz ylgaýarlar. Sebäbi olar uçmak üçin bat almaly bolýarlar.
Ogulboldy Bazarowa,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen Oba hojalyk uniwersitetiniň talyby