Adamlar irki döwürlerden bäri ekin ekmek, hasyl almak, mallary bakmak, jaý gurmak we ýaşamak üçin gerek bolan ähli işleri ýerine ýetirenlerinde wagty anyklamaly bolupdyrlar. Olar Ýylyň dürli döwürleri, pasyllaryň çalyşmagy, Gün, Aý, ýyldyz beýleki asman jisimleriniň hereketi hem-de guşlaryň göçüp gidýän ýa-da gelýän wagty ýaly tebigy hadysalara garapdyrlar. Aýyň hereketine görä düzülen, ilkinji senenamanyň, takmynan, 10 müň ýyl ozal döredilendigi bellenilýär. 5 müň ýyl mundan öň bolsa, sumerliler her aýy 30 günden, 12 aýa bölünen ýyl senenamasyny döredipdirler. Bu senenama görä, asmanda ýarym Aýyň peýda bolmagy şol aýyň ilkinji güni hasaplanypdyr.
Günüň uzynlygyny anyklamak üçin bolsa, Günüň hereketlerine gözegçilik edilipdir. Ilkinji sagatlar Günüň asmanda aýlanmagy bilen tekiz ýere ýerleşdirilen, belli bir tarapa bakdyrylan stasionar jisimiň kölegesiniň uzynlygynyň we ugrunyň üýtgemelerini kesgitlemäge esaslanypdyr. Gün sagatlary diýlip atlandyrylýan wagt ölçeýji bu gurallar dürli ululykda bolup, olar dünýäniň köp ýerine ýaýrapdyr. Belli bir wagty ölçemek üçin bolsa, suw sagatlary, şem sagatlary, gum sagatlary ýaly dürli gurallar ulanylypdyr. Gijelerine wagt kesgitlemek üçin suw sagatlary ulanylyp, bu sagat hemişelik tizlikde akýan suwuň mukdaryny ölçemäge esaslanypdyr. Gumly sagatlar bolsa, köplenç, belli bir wagt aralygyny ölçemek üçin ulanylypdyr. Häzirki wagtda ulanylýan mehaniki sagatlar XIII asyrda, tehnologiýanyň kämilleşmegi bilen ýüze çykýan «akylly» sagatlar bolsa, XXI asyrdan bäri giňden peýdalanylýar.