Welosiped sürmek göräýmäge ýönekeýje zat ýalydyr welin, emma onuň peýdalary sanardan kän. Sportuň bu görnüşi bilen meşgullanmak her bir ynsan saglygy üçin ýaramlydyr. Bilermenleriň barlaglaryna görä, welosiped sürmegiň, ilkinji nobatda, pikirleniş ukybyňy ýokarlandyrmaga uly nepi degýär. Gözlegleriň netijesi, fiziki taýdan işjeň durmuş ýörelgesine eýerýän adamlaryň sagdynlygynyň hereketsiz adamlara garanyňda 32 göterim ýokarydygyny subut etdi. Welosiped sürýän wagtyňyzda bedeniň ähli agzalary hereketde bolýar. Bu bolsa işjeň hereketi üpjün edýär. Şeýle-de welosiped sürmek bedeniň kesellere garşy göreşijilik ukybyny hem pugtalandyrýar. Häzirki döwürde bolsa, bu iňňän möhüm çäreleriň biridir. Maglumata görä, ABŞ-nyň Demirgazyk Karolinadaky Appalaçiýa uniwersitetiniň professory Dawid Nýeman kärdeşleri bilen bilelikde 85 ýaşa çenli müňden gowrak adamyň arasynda barlag geçirdiler. Olar welosiped sürmegiň ýokarky dem alyş ulgamynyň saglygyna uly peýdalydygyny, şeýlelikde umumy sowuklama ýagdaýlaryny azaldýandygyny anykladylar. Professor bu barada adamlaryň hepdäniň esli böleginde aerobiki maşk etmek bilen bir hatarda işjeň hereketde gezmekleriniň hassalyk günlerini, takmynan, 40 göterim azaldyp biljekdigini nygtaýar.
Günorta Afrikanyň Keýptaun uniwersitetiniň maşk we sport ylymlary boýunça professory Tim Noakes ýeňil maşklaryň möhüm beloklaryň önümçiligini köpeltmek arkaly adam bedeniniň immunitetini güýçlendirip biljekdigini belleýär. Welosiped sürmek, bedeniň ortaça agramyny kadaly ýagdaýda saklamaga hem oňyn ýardam edýär.
Welosiped sürmek ýüregiň urşunyň tizligini ýokarlandyryp, gan aýlanyşy kadalaşdyrýar we aşa semremegiň öňüni alýar. Netijede, welosiped sürmegiň ýürek keseli we düwnük keseli ýaly esasy keselleriň döremek howpuny azaldýar. Bu barada şu ýylyň başynda Glazgo uniwersitetinde ylmy gözleg geçirildi. Barlaglar bäş ýylyň dowamynda 260 müňden gowrak şahsyýeti öwrendiler we işlemek üçin welosiped sürmegiň ýürek kesellerine ýa-da rak keseline uçramak howpuny ýarym esse azaldyp biljekdigini anykladylar.
ABŞ-nyň Jorjiýa uniwersitetiniň bilermenleri 20 ýaşdan 85 ýaş aralygyndaky adamlarda barlag geçirip, welosiped sürüp ýadamagyň ukyny gowulandyrýandygyny subut etdiler.
Mahlasy, welosiped sürmek diýseň gyzykly hem-de saglyga iňňän peýdaly sport görnüşidir. Bilermenleriň maslahatyna görä, welosiped sürmegi endik etmek ähli babatda saglygyňyza hem-de durmuşyňyza oňyn täsirini ýetirer.
Döwran KAKABAÝEW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby