Stewiýa (latynça “Stevia rebaduiana Bext”) köp ýyllyk otjumak ösümlik bolup Ýaponiýa, Hytaý, Indoneziýa, Bolgariýa , Braziliýa ýaly ýurtlarda giňden ösdürilip ýetişdirilýär. Ösümligiň boýy 1,5 metre ýetýär.Ýapragynyň düzüminde stewiozidi saklaýandygy üçin tagamy gantdan 10-15 esse süýjüdir. Onuň düzüminde glýukoza, stewiol we beýleki himiki birleşmeler bar. Stewiozid arassa görnüşinde gantdan 300 esse süýji bolandygy üçin süýjediji hökmünde şekeriň deregine ulanylýar. Az kaloriýaly bolandygy üçin berhizli, semizlikden, ýürek-damar kesellerinden ejir çekýänler üçin gandyň ýerine ulanylýar. Bu ösümligiň ösýän ýurtlarynda bolsa, çaýa ýa-da kofe goşup içýärler. Stewiýa medeni ösümlik hökmünde eýýäm 1500 ýyl bäri ösdürilip ýetişdirilýär. Bu gymmatly ösümligi ýurdumyzda ösdürip ýetişdirmäge mümkinçilikler uludyr. Stewiýa 2012-nji ýylda Hindistandan getirilip, häzirki wagtda oňa alymlar Botanika bagynyň ýyladyşhana şertlerinde gözegçilik edýärler. Stewiýa otunyň düzüminde  kwarsetin, rutin, kalsiý, fosfor, kaliý, hrom, magniý, mis ýaly peýdaly elementler saklanýar. Ondan başga-da, bu ösümlikde A,C,E,B witaminler topary hem saklanýar. Şeýle-de ol dürli ýaralary bejermekde-de ähmiýetli  serişde hasaplanýandyr. Onuň düzümindäki şekeriň ýokarydygyna garamazdan, bu ösümlik, şeker diabeti kesellerine zyýansyz hasaplanýar. Häzirki wagtda dürli ýurtlarda şekeri öndürmekde bu ösümlikden peýdalanmak giňden ýola goýlandyr.

Ruhsara JUMAGELDIÝEWA, Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby