Her ýylyň güýz möwsüminde Londondaky Tebigat taryhy muzeýinde ýylyň «Ýabany tebigatyň suratçysy» bäsleşigi geçirilýär. Bu ýyl bäsleşige dünýäniň dürli künjeginde düşürilen 38 müň 575 surat hödürlendi. Fotosuratlaryň arka ýüzünde düşürilen wagtyndaky şol pursady janlandyrýan kiçiräk hekaýalar hem ýazylypdyr. Toplanan suratlaryň esasy böleginde janly-jandarlaryň tebigatda seýrek ýagdaýda duş gelinýän pursatlary (hereketleri) janlandyrylýar. Bu pursatlar haýran galdyryjylygy bilen tomaşaçylarda özboluşly duýgulary döretdi.
Ýylyň «Ýabany tebigatyň suratçysy» bäsleşiginde «Kaktus arylarynyň şowhunly topy» suraty bilen amerikaly Karin Aýgner baş baýraga mynasyp boldy. Kaktus arylary ýeriň aşagynda ýaşaýarlar. Olaryň esasy iýmiti kaktusyň tozanly bölejikleridir. Surat şu ýylyň maý aýynda arylaryň jübütleşýän möwsüminde düşürilipdir.
Bäsleşikde russiýaly Dmitriý Koh «Şäher ýabany tebigaty» baýragyna mynasyp boldy. Oňa ýeňiş gazandyran suratda Çukot deňzindäki adalaryň birindäki taşlanan jaýa «ýaşamaga gelen» iki sany polýar aýysy görkezilýär. Dmitriý bu suraty aýylary biynjalyk etmezden, sessiz dron arkaly düşüripdir.
Meksikaly Fernando Belmar gowakda düşüren suraty bilen «Amfibiýa we süýrenijileriň özüni alyp barşy» baýragyna mynasyp boldy. Onuň surat eserinde gowakdan sallanyp duran ýylanyň ýarganady «tutup duran» pursady görkezilýär.
«Guşlaryň özüni alyp barşy» baýragy amerikaly Nik Kanakise gowşuryldy. Ol çal kelleli goňrumtyl guşuň mör-möjekleri tutmak üçin ýeri diňläp duran pursadyny surata düşüripdir.
Bäsleşigiň «Iň ýaş tebigat suratçysy» baýragyna italiýaly Ýekaterina Bi mynasyp boldy. Ol bu baýragy 10 ýaşa çenli çagalaryň arasynda gazandy. Ýekaterina baýrak gazandyran suratda Ýewropanyň Alp daglarynda ýaşaýan ýabany geçiniň bir görnüşi bolan iki sany ibehsiň dik aýak üstünde duran pursady görkezilýär.