Türkmenistanyň Medeniýet, Bilim ministrlikleriniň, Aşgabat şäheriniň häkimliginiň goldaw bermeginde Koreýa Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy tarapyndan iki dostlukly ýurduň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli Koreý medeniýetiniň günleri geçirildi.
Medeniýet günleriniň çäklerinde birnäçe koreý filmleriniň görkeziliş dabaralary, koreý milli aşhanasynyň meşhur tagamlarynyň tanyşdyrylyşy, «Hanbok» milli lybasynyň görkezilişi, Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestriniň hem-de «Gugak» koreý kwartetiniň bilelikdäki konserti geçirildi.
Soňky ýyllarda hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasynda syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer gatnaşyklar hil taýdan täze derejelere çykaryldy. Şeýle hem türkmen-koreý parlamentara gatnaşyklaryny pugtalandyrmak ugrunda giň tagalla edilýär. Muny şu ýylyň noýabr aýynda Gahryman Arkadagymyzyň Koreýa Respublikasyna amala aşyrjak resmi sapary hem aýdyň subut edýär.
2007-nji ýylda Aşgabatda Koreýa Respublikasynyň, 2013-nji ýylda bolsa Seulda Türkmenistanyň ilçihanalarynyň açylmagy döwletleriň diplomatik gatnaşyklarynyň taryhynda möhüm ädimleriň biri boldy.
Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasyndaky döwletara gatnaşyklar örän ýokary derejede saklanýar. Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň özara bähbitli hyzmatdaşlygynda köp ýyllaryň dowamynda alnyp barylýan söwda-ykdysady gatnaşyklara-da esasy orun degişlidir. Iki ýurduň arasynda nebit we himiýa, dokma senagaty, ulag-aragatnaşyk, oba hojalyk we beýleki pudaklarda alnyp barylýan hyzmatdaşlyk bilen bir hatarda, ykdysadyýetiň geljegi uly ýokary tehnologiýaly, innowasion ugurlarynyň binýadyny goýmakda hem zerur mümkinçilikler bar. Ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň netijeli guraly hökmünde Söwda-ykdysady, ylmy-tehnologik hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-koreý toparynyň mejlisleri yzygiderli geçirilýär.
Döwletara gatnaşyklaryň möhüm ugurlarynyň biri-de medeni-ynsanperwer ulgamdyr. Ylym-bilim ulgamy boýunça hyzmatdaşlyk arkaly oňyn tejribäniň toplanmagyny, medeni gatnaşyklaryň barha berkemegini, döredijilik gatnaşyklarynyň geriminiň has-da giňelmegini özara ysnyşykly hereketleriň oňyn netijeleri hökmünde görkezmek bolar. Türkmenistan Ählumumy ýaşyl ösüş institutyna goşulmak baradaky çözgüdi tassyklamak bilen birlikde, Koreýa Respublikasynyň Halkara hyzmatdaşlyk agentligi bilen özara hereketleriniň netijeliligini hem subut edýär.
Ýeri gelende bellesek, Türkmenistanyň medeniýet, sungat we döredijilik işgärleri Koreýa Respublikasynda geçirilýän medeni çärelere yzygiderli gatnaşýarlar. Öz gezeginde, koreý tarapynyň wekilleri hem biziň ýurdumyzda guralýan ylmy-amaly maslahatlara, festiwallara we beýleki dabaralara işjeň gatnaşýarlar. Koreý gaznasy bilen «Merkezi Aziýa – Koreýa» hyzmatdaşlyk forumynyň Sekretariaty tarapyndan bilelikde guralýan «Nowruz Seulda» atly Merkezi Aziýanyň bahar festiwalynyň çäklerinde geçirilýän amaly-haşam sungatynyň sergisine, sungat ussatlarynyň çykyşlaryna, milli egin-eşikleriň we filmleriň görkezilişine türkmen wekiliýeti yzygiderli gatnaşdy.
Geldimuhammet GELDIMUHAMMEDOW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň uly mugallymy.