Soň­ky ýyl­lar­da ýurdumyzyň ta­ry­hy­nyň, ar­heo­lo­gi­ýa­sy­nyň we et­no­lo­gi­ýa­sy­nyň me­se­le­le­ri­ni tä­ze esas­da düýp­li hem-de çuň­ňur öw­ren­mek mak­sa­dy bi­len köp iş­ler ama­la aşy­ryl­dy. Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň bu ugur­da­ky giň ge­rim­li baş­lan­gyç­la­ry häzirki wagtda my­na­syp do­wam et­di­ri­lip, hal­ky­my­zyň baý me­de­ni mi­ra­sy­ny çuň­ňur öw­ren­mä­ge, go­rap sak­la­ma­ga we wa­gyz et­mä­ge döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň mö­hüm ugur­la­ry­nyň bi­ri hök­mün­de aý­ra­tyn äh­mi­ýet be­ril­ýär. Ga­dy­my ýa­dy­gär­lik­le­ri­miz­de gi­ňiş­le­ýin ar­heo­lo­gik bar­lag­lar ge­çi­ri­lip, ta­ry­hy­my­zyň he­niz açyl­ma­dyk gat­la­ry­ny tä­ze mag­lu­mat­lar bi­len dol­dur­mak wa­jyp we­zi­pe­le­riň ha­ta­ryn­da kes­git­le­nil­ýär. Mu­ňa hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň Ka­ra­ry bi­len tas­syk­la­nan «Mil­li ta­ry­hy-me­de­ni mi­ra­syň ob­ýekt­le­ri­ni aýap sak­la­ma­gyň, go­ra­ma­gyň, öw­ren­me­giň hem-de ola­ra sy­ýa­hat­çy­la­ry çek­me­giň 2022–2028-nji ýyl­lar üçin Döw­let mak­sat­na­ma­sy» hem aý­dyň şa­ýat­lyk ed­ýär.
Bu ugur­da­ky iş­le­ri has iş­jeň­leş­dir­mek mak­sa­dy bi­len Türk­me­nis­ta­nyň Şe­kil­len­di­riş sun­ga­ty mu­ze­ýin­de san­ly ul­gam ar­ka­ly ge­çi­ri­len «Türk­me­nis­ta­nyň ta­ry­hy we me­de­ni ýa­dy­gär­lik­le­ri: öw­ren­mek, go­rap sak­la­mak we re­je­le­mek tej­ri­be­si» atly hal­ka­ra yl­my mas­la­hat hem mu­nuň aý­dyň su­but­na­ma­sy­dyr.
Bu mas­la­ha­t­da ýurdumyzyň ta­ry­hy ýa­dy­gär­lik­le­ri­ni yl­my esas­da öw­ren­mekde, go­rap sak­la­makda, re­je­le­mekde we ola­ra sy­ýa­hat­çy­la­ry çek­mekde döw­let de­re­je­sin­de al­nyp ba­ryl­ýan iş­ler ha­kyn­da täsirli çy­kyş­lar diň­le­nil­di. Mun­dan baş­ga-da, ta­ry­hy-me­de­ni ýa­dy­gär­lik­le­riň keş­bi­niň san­ly teh­no­lo­gi­ýa­ ar­ka­ly wir­tu­al di­kel­di­li­şi ba­ra­da­ky wi­deo­ro­lik gör­ke­zil­di.
Türk­me­nis­ta­nyň ta­ry­hy-me­de­ni ýa­dy­gär­lik­le­ri öz­bo­luş­ly gur­luş ähe­ňi, bi­nagär­lik aý­ra­tyn­ly­gy bi­len ta­pa­wut­lan­ýar. De­his­tan, Nu­saý, Kö­ne­ür­genç, Amul, Merw ýa­dy­gär­lik­ler top­lum­la­ryn­da bi­nagärligiň tä­sin nus­ga­la­ry­ny gör­mek bol­ýar. Aý­ra­tyn hem Go­ňur­de­pe, Na­maz­ga­de­pe, Altyn­de­pe, Yz­myk­şir, Kö­ne­ür­genç, Ys­ma­myt ata, Se­ýit­je­ma­led­din met­ji­di, Sa­rahs ga­la­sy, Sol­tan San­ja­ryň küm­me­ti ýa­ly ta­ry­hy ýa­dy­gär­lik­ler­den ta­py­lan ta­ry­hy ta­pyn­dy­lar haý­ran gal­dyr­ýar. Her bir ta­ry­hy ýa­dy­gär­lik bi­len bag­la­ny­şyk­ly, ne­sil­den-nes­le geçip, bi­ziň gün­le­ri­mi­ze çen­li sak­la­nyp ga­lan en­çe­me ro­wa­ýat­lar gel­je­gi­miz bo­lan ýaş­la­ry ter­bi­ýe­le­mek­de uly äh­mi­ýe­te eýe­dir.

Dur­sun Işan­gu­ly­ýe­wa,
Türk­me­nis­ta­nyň In­že­ner-teh­ni­ki we ulag kom­mu­ni­ka­si­ýa­la­ry ins­ti­tu­ty­nyň ta­ly­by.