Gyş paslynyň dowam edýän häzirki günlerinde paýtagtymyza 2023-nji ýylyň ilkinji gary ýagdy. Paýtagtymyzyň ýaşaýjylary we myhmanlary täze ýylyň ilkinji ýagan garynyň şaýady boldular. Ýagan gar ähli ýeri aklyga büredi. Ak gary bolsa asly halal türkmen halkymyz ak arzuwlara meňzedýär. 8-nji dekabrdan başlanýan uly çille 17-nji ýanwara çenli dowam edýär. Soňra kiçi çille başlanýar. Ata-babalarymyz uly çillede gar köp ýagyp, doňaklyk uzak dowam etse, gowulyga ýorupdyrlar. Sebäbi soňra onuň yzyndan gelýän kiçi çille gazabyna tutmandyr. Bary-ýogy 20 gün dowam edýän kiçi çilläniň döwri geçenden soňra bolsa gyşyň gutardygy diýip hasaplapdyrlar. Sebäbi 7-nji fewraldan 22-nji fewrala çenli dowam edýän ahyrky garagyş eýýäm gyşyň gowşap, howanyň maýlap başlaýan döwri hasaplanýar. Ata-babalarymyz gyş pasly barada birnäçe pähimleri, nakyllary we atalar sözlerini miras galdyrypdyrlar. «Gyşyň güni kyrk tüýsli, kyrkysy-da gylyksyz» diýen sözleriň üsti bilen gyşa taýýarlykly barmalydygy ündelýän bolsa, gyşyň gar-ýagşynyň toprak üçin zerurdygyny, eger-de gyşda ygal bolmasa, onda ýazda berekediň hem bolmajakdygyny pederlerimiz «Gyşy gyşsyramadygyň, ýazy ýazsyramaz» diýen pähimiň üsti bilen ýatladypdyrlar. Şu ýylyň gyşy turuwbaşdan aklyga, ak gara beslenip geldi. Munuň özi Towşan ýylynyň rysgal-bereketli, döwletli ýyllaryň biri boljakdygynyň alamatydyr.
Köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde adatdan daşary sowuk howanyň aralaşmagy bilen sowuk howanyň ýanwar aýynyň ikinji ongünlüginiň ortalaryna çenli dowam etjekdigi barada aýdylýar. Şeýle halatda garyň ýagmagy bilen ýagan gar doňup, ulaglaryň basgylamagy bilen ýollarda toplanan gar gatap, aýratyn-da, gijelerine bolýan sowuk howa netijesinde köçelerde we ýanýodalarda sürçek emele gelýär. Bu ýagdaýyň öňüni almak üçin köçelerde toplanan gary aýyrmak, ýollary arassalamak, ulaglaryň we pyýadalaryň hereket howpsuzlygyny üpjün etmek möhüm wezipe bolup durýar.
Şunuň bilen baglylykda, şäheriň ýollary, esasy gatnawly köçeleri we ýanýodalar gardan arassalanýar. Ýollardaky gary aýyrmak, gyş günlerinde, garyň ýagmagy bilen baglylykda, esasan-da, ýollary ýuwujy, süpüriji, gardan arassalaýjy tehnikalardan bökdençsiz we netijeli peýdalanylýar, wagtynda geçirilen arassaçylyk çäreleri esasynda, paýtagtymyzyň köçelerinde, köp gatnawly ýollarynda we ýanýodalarda garyň doňup, ulaglaryň we pyýadalaryň howpsuz hereketini kynlaşdyrýan sürçegiň emele gelmeginiň öňi alynýar.
Yhlas Annamyradow,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby.