Ajaýyp zamanamyzda şöhratly taryhymyzyň şaýady bolan gadymy ýadygärlikleriň umumadamzat gymmatlygy hökmünde ykrar edilmegi ugrunda uly işler durmuşa geçirilýär. 2022-nji ýylda Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) hemişelik geňeşiniň Türkiýe Respublikasynyň Bursa şäherinde geçirilen mejlisinde 2024-nji ýylyň «Türki dünýäniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly», gadymy Änew şäheriniň bolsa 2024-nji ýylda «Türki dünýäniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi hormatly Prezidentimiziň milli gymmatlyklarymyzy dünýä ýaýmak babatda öňde goýýan wezipeleriniň üstünlikli durmuşa geçirilýändigi hakdaky buşluknama bolup ýüreklere doldy.
Ýurdumyzdaky taryhy mekanlaryň iň irkileriniň biri-de gadymy Änewdir. Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabynda bu gadymy mekan barada şeýle diýilýär: «Orta asyr çeşmelerine görä, dört derwezesi bolan, süýji suwly käriz suwy bilen üpjün edilen Küfen, şeýle-de gadymy harabaçylygy şu günlere çenli saklanyp galan Bagabat (häzirki Änew) has uly we belli şäherler bolupdyr».
Dünýä halklarynyň arasynda Türkmenistan iň gadymy medeniýetiň dörän we ösen ýeri hökmünde tanalýar. Ata-babalarymyz müňýyllyklaryň dowamynda tebigy gözelligi bilen adamzady özüne bendi eden ýurdumyzyň çäklerinde ösen medeniýetleri döredipdirler, geljek nesillere baý edebi mirasy galdyrypdyrlar.
Änew şäheri öz taryhynyň gözbaşyny çuňňur köklerden alyp gaýdýar. Änewde esasy kär ekerançylyk bolupdyr. Munuň şeýledigine gazuw-agtaryş işleri geçirilende tapylan çarhda ýasalan küýze önümleri, daş sokulardyr owmaçlar hem şaýatlyk edýär.
Dünýä alymlarynyň içgin gyzyklanmaklarynyň netijesinde, Änew medeniýetiniň demirgazyk çetki depelerinde geçirilen gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda bu medeni ojagyň has irki gatlaklara degişlidigi anyklanypdyr. Munuň özi, onuň Jeýtun medeniýetiniň döwürdeşidiginden habar beripdir. Ol ýerde ilatyň dag çeşmelerinden peýdalanyp, esasan, ekerançylyk işleri bilen meşgullanandygyna şaýatlyk edýän alamatlar, tapylan ak bugdaýyň däneleri bugdaýyň ilkinji Watanynyň Änew topragydygyna güwä geçipdir. Häzirki döwürde bu gymmatlyklar Türkmenistanyň Milli «Ak bugdaý» muzeýinde saklanýar.
Änewiň «Türki dünýäniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi bu şähere özüniň baý taryhy-medeni mirasyny, syýahatçylyk mümkinçiliklerini görkezmegi üçin täze ugurlary açar, şeýle-de Türkmenistanyň ajaýyp künjeklerini Ýer ýüzünde wagyz etmäge ýardam berer. Bu giň gerimli wakanyň TÜRKSOÝ-yň çäklerinde döwletara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge täze itergi berjekdigine ynam bildirildi, munuň özi köp babatda umumylyga eýe bolan türki medeniýetiň mundan beýläk-de ösdürilmegine goşant goşar.
Goçmyrat ŞYHMYRADOW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby.