Irki döwürlerden bäri hünärleriň köpüsinde erkek adamlar agdyklyk edýär. Okuwyň hemmeler üçin elýeterli bolmagy sowatly adamlaryň sanyny artdyryp, täze hünärleriň ýüze çykmagyna, şol sanda zenanlaryň hem erkek adama mahsus hasaplanan hünärleriň eýesi bolmagyna sebäp boldy.
Binagärlik we gurluşyk işleri fiziki güýji talap edýär. Şol sebäpli bu ugurda, esasan, erkek adamlar zähmet çekýärler. Şeýle-de bolsa, meşhur binalaryň köpüsini zenan binagärler gurupdyr. Ine, zenan binagärleriň taslamasy esasynda gurlan meşhur desgalaryň käbiri:
Angliýaly Elizabet Wilbrahamy ilkinji zenan binagärleriň arasynda agzamak bolar. 1632–1705-nji ýyllar aralygynda ýaşap geçen Wilbraham Ýewropa ýurtlarynyň köpüsinde bolup, meşhur binagärler bilen tanşypdyr.
Şenonso galasy. Bu täsin ymarat (esasy suratda görkezilen) Fransiýanyň adybir kommunasyndaky adybir obada Şer derýasynyň üstünde gurlupdyr. Bina dünýäniň iň köp surata düşürilýän we internet arkaly paýlaşylýan ýerleriniň biri hasaplanýar. Bäş asyrlyk taryhy bolan binany Ketrin Brisonne gurdurypdyr. 1513-nji ýylda onuň adamsy Tomas Bohýer köne mülki we onuň çägindäki degirmeni satyn alypdyr. Brisonne ýoldaşynyň alan mülkünde kiçiräk gala gurupdyr. Ol mülkünde işleýän adamlara nämäni nähili gurjakdyklaryny düşündirip, esasy zalyň we goşmaça binalaryň nähili bolmalydygyny düşündiripdir. Bu binanyň esasy aýratynlygy bolsa, ilkinji gezek dogry basgançagyň ulanylmagydyr. Ondan öň ýokarky gatlara çykmak üçin peýdalanylýan basgançaklar aýlawly bolupdyr. Brisonne galanyň howlusynyň gapysyna şeýle ýazgyny goýdurypdyr: «S’il vient à point, me souviendra». Bu söz «Bu bina gurlup gutarylanda, hemmeler meni ýatlar» diýmegi aňladýar.
Willa Benedetti. Häzirki wagtda Italiýanyň paýtagtyndaky bu binanyň diňe diwarlary galypdyr. Desgany 1663-nji ýylda Plautilla Briççi atly zenan gurdurýar. Aslynda, Briççi suratkeş bolupdyr. Ol italýan taryhynyň ilkinji zenan binagäri bolupdyr. Şeýle hem Briççi dünýäde ilkinji professional binagär hasaplanýar. Briççi kakasynyň ussahanasynda surat çekýän eken. Soňra bolsa, diwaryna öz çeken suratlaryny ýerleşdirmek üçin binalar gurmaga girişipdir. Barokko äheňinde gurlan Willa Benedetti binasy aýlawly diwarlary, gipsden edilen nagyşlary bilen tapawutlanýar. Binanyň içki diwarlarynyň käbirini Briççi reňkläpdir. Üç gatly bina 1677-nji ýylda gurlup gutarylanda binagär hökmünde Briççiniň erkek doganynyň ady tutulypdyr. Sebäbi şol döwürler zenan binagäriň jemgyýetde kabul edilmegi aňsat däl eken.
Lafaýette myhmanhanasy. ABŞ-nyň Nýu-Ýork şäherindäki bu döwrebap bina geçen asyryň 80-nji ýyllarynda gurlana meňzeýär. Şeýle-de bolsa bu binanyň taryhy has gadymydyr. Beýik binalaryň ilkinji gurlup başlanan şäherleriniň biri bolan ABŞ-nyň Nýu-Ýork şäherindäki bu myhmanhana geçen asyryň başlarynda gurulýar. Ony ABŞ-nyň ilkinji zenan binagäri Luiza Blanşar Betýun gurýar. 1891-nji ýylda Bütindünýä Kolumb sergisiniň gurluşyk bölümi binalaryň taslamasyny taýýarlamak üçin zenan binagär gözleýändigini mälim edýär. Emma bu ýerde göze dürtülip duran täsinlik bolup, ol döwürler erkek binagärlere 10 müň dollar baýrak berilýän bolsa, zenan binagärler üçin bu baýragyň bary-ýogy 1 müň dollardygy bellenilýär. Blanşar bu teklibi ret edýär.
Şeýle-de bolsa Blanşaryň guran binalarynyň arasynda iň meşhury Buffalo etrabyndaky Lafaýette myhmanhanasydyr. 1902-nji ýylda gurluşygyna başlanan 225 otagly bina fransuz renesansy äheňinde gurlupdyr. Gyzyl kerpiçden gurlan binanyň esasy aýratynlygy her otagda telefonyň, ýyly we sowuk suwly hammamyň bolmagydyr. Ýurduň milli taryhy ýerler sanawyna girizilen Lafaýette myhmanhanasy häzirki wagtda hem işleýär.
Herst galasy. ABŞ-nyň Kaliforniýa ştatynda, Ýuwaş ummanynyň kenaryndaky bu binanyň taslamasyny Juliýa Morgan ýerine ýetiripdir. Taryhy desgada ispan kolonial, gotik, neoklasik we Ortaýer deňziniň binagärlik äheňlerini görmek bolýar.
Juliýa Morgan binagärlik hünärini ilki ABŞ-da, soňra Parižde dowam etdirýär. Ol 1898-nji ýylda adatça, 4-5 ýyl dowam edýän Içe sungatlar akademiýasyny (École des Beaux-Arts) 3 ýylda tamamlap, ABŞ-nyň ilkinji ygtyýarnamaly zenan binagäri hökmünde 1904-nji ýylda öz kompaniýasyny döredýär. 1919-njy ýylda bir neşire eýeçilik edýän William Rendolf Herst Morgany Herts galasyny we onuň ýanaşyk ýerlerindäki goşmaça binalary taslamagy üçin işe alýar.
Morgan galanyň gurluşygyny 28 ýylda tamamlaýar. Onuň ähli ýerini jikme-jik ýagdaýda özi taslaýar. Morgan galanyň sungat kolleksiýasyny döretmek üçin island suwotusyny, suguny we gadymy ispan eserlerini ýygnaýar. Onuň çäginde aýy, zebra, geçigaplaň we düýe ýaly şol ýerde bar bolan we uzak ülkelerden getirilen jandarlar haýwanat bagyny hem döredýär.
Häzirki wagtda bu ýeriň myhmanlary onuň howlusynda zebralary görüp bilýärler. Gala onlaýn usulda gaýybana gezelenç edip bolýar.
Roýal Şekspir teatry. 1926-njy ýylda belli iňlis dramaturgy Şekspiriň adyna dünýä inen ýeri Stratford-apon-Eýwon şäherinde teatr gurmak üçin bäsleşik yglan edilýär. Bäsleşige 70-den gowrak binagär öz teklibini hödürläp, olaryň arasynda diňe bir zenan bar eken. 1928-nji ýylda bäsleşigiň ýeňijisi hökmünde Elizabet Skottyň ady mälim edilýär. Hemmeler bu ýagdaýa haýran galýarlar. Şol wagt zenanlaryň binagärlik bilimini almagyna rugsat berlenine entek bary-ýogy 9 ýyl bolan eken. Şeýlelikde, Skott halkara bäsleşikde ýeňiji bolan ilkinji zenan hökmünde adyny taryha ýazdyrýar. Şol döwrüň iňlis neşirleri «zenan binagär erkekleri ýeňdi» diýen sözbaşy bilen, bu habary birinji sahypada ýeleşdirýärler.
Skottyň taslamasy örän ýönekeý bolup, «Art Deco» nagyşlary skandinaw äheňinde göz öňünde tutulypdyr. Şeýle hem teatr binasynda onuň gapdalyndan akyp geçýän Awon derýasynyň tolkunlary hem şöhlelendirilipdir. Şol döwür onuň taslamasyny konserwator pikirli adamlar ýazgarsa-da binagär desganyň maksada laýyk ulanylmagynyň hem göz öňünde tutulmalydygyna ünsi çekipdir.
Bina 1932-nji ýylda hyzmata hödürlenende, onuň açylyşyna müňlerçe adam gatnaşýar. Binanyň resmi web sahypasynda gaýybana gezelenç edip bolýar.
ÝUNESKO binasy. Pariž şäherindäki bu binanyň binagäri Çikagoda dünýä inen garaýagyz zenan Bewerli Loreýn Grin. 1915-nji ýylda dünýä inen Grin ABŞ-nyň ilkinji garaýagyz zenan binagäri hökmünde 1942-nji ýylda ygtyýarnama alýar. Ol ilki Çikagonyň ýaşaýyş jaý edarasynda işe başlaýar. Soňra Nýu-Ýorka göçýär. 1945-nji ýylda Stuywesant etrabyndaky jaýlaryň gurulmagyna gatnaşýar. Onuň ýerine ýetirýän işleri şol döwrüň belli binagäri Marsel Breýeriň ünsüni çekýär. Netijede, Breýer Grin bilen bilelikde Pariždäki «Y» şekilli – ÝUNESKO-nyň Pariždäki edara binasynyň taslamasyny taýýarlaýar. «Üç burçly ýyldyz» atly bu bina 1958-nji ýylda açylýar. Bina tutuşlygyna 72 sany beton gazygyň üstünde ýerleşdirilipdir.