Eşiden deň bolmaz, gören göz bilen
Türkmen halk döredijiliginde we ýazuwly edebiýatda, gündelik durmuşda iň köp ulanylýan ýörgünli pähimleriň biri bolan bu nakylyň birinji bölegine – «eşiden deň bolmaz» jümlesine ugurdaş manyda «Agyz agyzdan ýel alar», «Çala eşiden çatma ýykar, öte eşiden – öý» nakyllaryny mysal getirmek bolar. Ýagny bolup geçen haýsydyr bir waka ýa-da gürrüň ony aýdýan adama görä başlangyç ýagdaýdan üýtgedilip, dürlüçe görnüşde aýdylyp bilner. Şol sebäpli ata-babalarymyz kimdir biriniň ýalan sözlerine ynanyp, belli bir karara gelmän, öz gözüň bilen görüp, soňra wakany aýdyňlaşdyrmak esasynda kesgitli çözgüde gelmelidigini ündäpdirler.
Türkmen halk döredijiliginiň nusgawy eserleriniň biri bolan «Gülpam» dessanynda hem bu nakyl çyn bilen ýalanyň deňeşdirmesi esasynda beýan edilýär. Eserde «Çyn bilen ýalanyň arasy näçe wagtlyk ýol?» diýen soragyň berilmegi esasynda çynyň gözdügi, ýalanyň bolsa gulakdygy hem-de ikisiniň arasyndaky uzaklygyň 4 barmakdygy aýdyňlaşdyrylýar. Ýagny göz bilen görlen zat hakykat, gulak bilen eşidilenler bolsa ýalan hasaplanýar.
Nakylyň umumy manysyny jemlänimizde, adamlar bilen özara gatnaşykda birek-biregiň arasynda aýdylýan gep-gürrüňlere seretmezden, islendik ýagdaýda sowukganly bolmalydygy, wakany gözüň bilen görüp anyklanyňdan soň netije çykarmalydygy aýdylýar.