Çaý öz­bo­luş­ly ösüm­lik hem-de lez­zet be­ri­ji içim­lik ha­sap­lan­ýar. Her sa­gat­da hem­me ýer­de di­ýen ýa­ly bir­nä­çe kä­se çaý içil­ýär. Esa­san hem, Azi­ýa ýurt­la­ryn­da meş­hur bo­lan bu içim­li­giň gök çaý, ga­ra çaý, jas­min ça­ýy, mat­ça ça­ýy ýa­ly birnäçe gör­nü­şi bar. Ata Wa­ta­ny Azi­ýa bo­lan bu ösüm­lik­den çaý dem­le­nen­de nä­me­le­re üns ber­me­li?! Hoş­boý ta­gam­ly ça­ýy nä­dip dem­le­me­li?! Ge­liň, çaý dem­le­me­giň kä­bir syr­la­ry­ny öw­re­ne­liň!
Il­ki­baş­da çaý ýap­rak­la­ry­nyň üs­tü­ne gyz­gyn suw gu­ýup iç­mek pi­ki­ri hy­taý­ly­la­ryň kel­le­si­ne gel­ýär. Şol se­bäp­li çaý hytaýlylaryň milli içimligi, çaý iç­mek bolsa hy­taý me­de­ni­ýe­ti­niň aý­ryl­maz bö­le­gi ha­sap­lan­ýar. Wag­tyň geç­me­gi bi­len çaý dün­ýä­niň äh­li ýe­ri­ne ýaý­rap, ony ön­dür­ýän we gap­la­ýan za­wod­lar gu­rul­ýar. Çe­per eser­ler­de, luk­man­çy­lyk baradaky ha­bar­la­r­da ça­ýyň lez­ze­ti we sag­ly­ga peý­da­sy ýaý­baň­lan­dy­ry­lyp baş­lan­ýar.
Çaý an­ti­ok­si­dant­la­ra baý içim­lik bo­lup, be­den­de öý­jük­le­riň za­ýa­lan­ma­gy­nyň öňüni almaga kö­mek ed­ýär. Ýü­rek üçin peý­da­ly bo­lan bu içim­lik ho­les­te­ri­ni pe­seld­ýär, gan basy­şy ka­da­laş­dyr­ýar hem-de ün­si jem­le­mä­ge kö­mek ed­ýär. Gan­da­ky şe­ke­riň de­re­je­si­ni azalt­mak­da hem ça­ýyň peý­da­sy ulu­dyr.
Çaý dem­le­me­giň usul­la­ry her ýur­da gö­rä ta­pa­wut­lan­ýar. My­sal üçin, Ang­li­ýa­da we Hin­dis­tan­da ça­ýa süýt ga­ryl­ýan bol­sa, Tai­land­da buz, Taý­wan­da mi­we bö­lek­le­ri­dir kö­pür­jik go­şul­ýar. Çaý dem­le­me­giň, esa­san, iki usu­ly bar. Iň ýaý­ran usul­da çäý­ne­ge çaý atyp, ýa­rym­dan gow­rak edilip gaý­nag suw gu­ýul­ýar. 10-15 mi­nut de­mi­ni alan­dan soň, çäý­ne­ge ýe­ne-de gaý­nag suw gu­ýul­ýar. Ikin­ji usul­da, iki çäý­nek ula­nyl­ýar. Mun­da aşa­ky çäý­nek­de gaý­nag suw gaý­na­dy­lyp, ýo­kar­ky çäý­nek­dä­ki çaý aşa­ky çäý­ne­giň bu­gu­na gaý­nap dur­ýar. Bu usul­da is­le­ge gö­rä, ajy­rak ýa-da ýu­wan çaý içip bol­ýar.
Ça­ýy go­wy dem­le­me­giň syr­la­ry
Go­wy çaý iç­mek üçin de­mi­ni al­ýan­ça ga­raş­ma­ly. Demini almadyk ça­ýyň ta­ga­my bol­maz. Ýö­ne çaý uzak wagt­lap de­mi­ni al­sa-da, ajy bo­lar. Atym ça­ýy­ ilki so­wuk suw­da ýuw­ma­ly. Şeý­le­lik bi­len çaý­da­ky to­zan bö­le­jik­le­ri aý­ryl­ýar. Müm­kin­çi­li­ge görä ça­ýy gid­rant su­wu­na däl-de, agyz su­wu­na dem­le­me­li. Ça­ý ke­ra­mi­ka ýa-da far­for gap­da içilse has-da lezzet berýär.