Arassaçylyk düzgünlerini hemişe berk berjaý etmek örän wajypdyr. Uludan-kiçä ähli ýaşdaky adamlar el-ýüzüni ýuwmagy, her gün wagtly-wagtynda dişini ýuwmagy, ýaşaýan otagyny, iş stoluny arassalamagy endik edinmelidir. Her bir adamyň şahsy arassaçylygyny berjaý etmegi birnäçe keseliň öňüni almaga ýardam edýär. Eýsem, arassaçylyk işleri berjaý edilende nämelere üns berilmeli, nirede haýsy arassaçylyk serişdelerini ulanmaly?
Howanyň gyzmagy bilen arassaçylyga has köp üns berlip başlanýar. Tutular aýrylyp, aýnanyň öňündäki otag ösümlikleri we öý goşlary bir gyra süýşürilip, düýpli arassalanýar. Bu işleriň hemişe ýokardan aşaklygyna ýerine ýetirilmelidigini unutmaly däl. Şeýlelikde, arassalanan ýer gaýtadan hapalanmaýar. Käbir tegmil degen eşikleri ýa-da perdeleri arassaçylyk serişdesine ýatyrmaly bolsaňyz, wagt ýitirmezlik üçin bu işi ilki ýerine ýetirmeli. Şeýlelikde, siz işiňizi edýän wagtyňyz tegmil çözüler.
Eger kir ýa-da gap-gaç ýuwujy maşynyňyz gowy netije bermeýän bolsa, ilki şolary arassalaň! Ýuwujy maşynlaryň süzgüji bar bolsa mahal-mahal arassalap durmaly. Şeýle hem ýuwujy maşynlary arassalaýan serişdelerden peýdalanmaly.
Arassaçylyk işleri geçirilende, haýsy serişdäni nirede ulanmalydygyny bilmek işiňizi ýeňilleşdirer. Aýna, mebel, ýag, pos we mikroblary arassalamak üçin aýratynlykda ýörite niýetlenen serişdelerden peýdalanmaly. Arassaçylyk serişdelerini biri-birine garyşdyrmak maslahat berilmeýär. Şeýle ýagdaýda arassaçylyk serişdesi dem alyş ýollaryna zyýan ýetirip bilýär. Arassaçylyk işleri edilenden soňra otaglar ýelejiredilmeli.
Seýdi TAÝLYÝEW,
Görogly etrabynyň Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek bölüminiň lukman-epidemiology.